2 Samuel 12
Natan pygamber Dawuda käýeýär
1 Reb Dawudyň ýanyna Natan pygamberi iberdi. Ol Dawudyň ýanyna baryp, oňa şeýle diýdi: «Galalaryň birinde birisi baý, beýlekisi garyp bolan iki sany adam ýaşapdyr. 2Baýyň süri-süri goýnudyr sygry bolupdyr. 3Garybyň bolsa bar baýlygy ýeke-täk guzujygy eken. Ol ony satyn alyp, öz ýanynda çagalary bilen bile ulaldypdyr. Ol öz eýesi bilen bir tabakdan iýip, bir käseden suw içipdir. Garyp ony öz gujagynda ýatyrýan eken. Ol oňa edil öz gyzy ýaly seredipdir. 4Günlerde bir gün ýaňky baý adamyň öýüne myhman gelipdir. Myhman üçin öz goýunlaryndan ýa-da sygyrlaryndan alyp soýmaga onuň gözi gyýman, hälki garybyň guzusyny alyp, şondan nahar taýýarlapdyr». 5Baýa juda gahary gelip, Dawut Natana: «Rebden ant içýärin, bu adamyň başy ölümlidir. 6Şeýle edendigi hem rehimsizligi üçin, ol guzyny dört esse edip gaýtarar» diýdi. 7Natan Dawuda şeýle diýdi: «Şol adam – sen! Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Seni Ysraýyla patyşalyga saýlanam, Şawulyň elinden halas edenem Men. 8Men saňa hojaýynyňyň hojalygyny berdim, aýallaryny gujagyňa saldym. Saňa ysraýyl bilen ýahuda halkyny hem berdim. Bulary az gören bolsaň, onda ýene-de köp zatlary bererdim. 9Näme üçin sen Men-Rebbiň ýigrenýän işlerini etmek bilen, Meniň sözümi äsgermediň? Het halkyndan bolan Uryýany söweşde gylyçdan geçirdip, onuň aýalyny özüňe aýal edindiň. Ony ammonlaryň gylyjy bilen öldürdiň. 10Mundan beýläk gylyç müdimilik seniň nesliňiň depesinden düşmez. Sebäbi sen Meni äsgermediň we het halkyndan bolan Uryýanyň aýalyny özüňe aýal edindiň“». 11Reb şeýle diýýär: «Saňa erbetligi öz öýüňden dörederin. Aýallaryňy öz gözüňiň alnynda eliňden alyp, ýakynyňa bererin. Ol ýakynyň gündiziň günortany aýallaryň bilen ýatar. 12Sen bu işi gizlin etdiň, emma Men muny tutuş Ysraýylyň gözüniň alnynda, gündiziň günortany ederin». 13Dawut Natana: «Men Rebbiň öňünde günä gazandym» diýdi. Natan Dawuda: «Reb seniň günäňi geçdi; sen ölmersiň. 14Ýöne bu işi etmek bilen, sen Rebbi doly äsgermezlik etdiň, şol sebäpli senden doguljak çaga öler» diýdi. 15Şondan soň Natan öýüne gitdi.Dawudyň ogly ölýär
Reb Dawudyň Uryýanyň aýalyndan doglan ogluny urdy; çaga agyr keselledi. 16Dawut çaga üçin Hudaýa ýalbardy, agyz bekledi, otagyna girip, bütin gijeler ýanyny ýere berip ýatdy. 17Köşgüň ýaşululary gelip, ony ýerden galdyrmak islediler. Emma ol ne ýerinden turdy, ne-de olar bilen bile nahar iýdi. 18Ýedinji gün diýlende, çaga ýogaldy. Dawudyň adamlary bu hakda oňa habar bermekden gorkdular. Olar: «Çaga heniz dirikä, ol biziň gepimize gulak asmady. Indi çaganyň ölendigini biz oňa nähili aýdarys? Özüne bir zat eder» diýip oýlandylar. 19Ýöne Dawut adamlarynyň arasynda bir hyşy-wyşynyň bardygyny görüp, çaganyň ýogalandygyna düşündi. Ol adamlaryna: «Çaga ýogaldymy?» diýdi. Olar: «Hawa, ýogaldy» diýdiler. 20 Dawut ýerinden galdy, ýuwundy, üstüne atyr sepdi we geýimlerini çalşyrdy. Soňra Rebbiň öýüne gidip ybadat etdi. Soň öýüne gaýdyp geldi we naharlanjakdygyny aýtdy. Öňünde nahar goýdular, ol naharlandy. 21Adamlary oňa: «Çaga dirikä, agyz beklediň we agladyň. Ol ýogalandan soň bolsa, turup naharlandyň. Bu näme etdigiň boldy?» diýdiler. 22Dawut: «Çaga dirikä, agyz bekledim, agladym. Sebäbi men: „Kim bilýär, belki, Reb maňa rehim eder, çaga gutular“diýip oýlanypdym. 23Emma ol ýogalansoň, men näme üçin agyz bekläýin? Men ony yzyna getirip bilerinmi? Men onuň ýanyna giderin welin, ol indi meniň ýanyma gelmez» diýip jogap berdi.Süleýman dogulýar
24 Dawut aýaly Batşeba göwünlik berdi we onuň bilen ýatdy. Batşeba bir ogul dogurdy; Dawut onuň adyna Süleýman dakdy. Reb çagany söýdi 25we Rebbiň hatyrasy üçin, bu çaganyň adyna Ýedidýa ▼▼Ýedidýa – bu söz Reb tarapyndan söýlen diýmegi aňladýar.
dakylmalydygy hakda Natan pygamberiň üsti bilen habar iberdi. 26Indi Ýowap ammonlaryň Raba galasynyň garşysyna uruşýardy. Ol şa galasyny basyp aldy. 27Ýowap Dawuda: «Men Raba galasyna hüjüm edip, suw çeşmelerini eýeledim. 28Indi sen goşunyň galan bölegini topla we galanyň çar tarapyndan çozup, ony basyp al. Bolmasa galany özüm basyp alaryn we ol meniň adym bilen atlandyrylar» diýip habar iberdi. 29Dawut ähli goşuny toplap, Raba galasyna hüjüm edip, ony boýun egdirdi. 30Dawut ammonlaryň patyşasynyň başyndan altyn täjini aldy; onuň agramy iki putdy ▼▼Iki put – ýewreýçe bir kikkar. Bu takm. 34 kg deňdir.
, onuň ýüzüne gymmatbaha daş oturdylandy. Ony Dawudyň kellesine geýdirdiler. Dawut galadanam köp mukdarda olja aldy. 31Galanyň halkyny bolsa Dawut galadan göçürip byçgy, demir kätmen hem-de palta bilen işlenilýän işlere ýa-da kerpiç işlerine goýdy. Ol ammonlaryň ähli galalarynda şeýle edenden soň, ähli goşun bilen bile Iýerusalime dolandy.
Copyright information for
TukLat16