2 Samuel 15
Abşalom gozgalaň turuzýar
1Şondan soň Abşalom bir söweş arabasyny, atlary hem-de öz öňünden ýörär ýaly elli adam taýýarlady. 2Abşalom daň bilen turup, galanyň derwezesiniň golaýynda durardy. Eger kimdir biri haýsydyr bir dawany çözmek üçin, patyşanyň huzuryna barmak islese, Abşalom ony ýanyna çagyryp: «Haýsy galadan bolarsyň?» diýip sorardy. Gelen: «Guluň Ysraýylyň pylan tiresinden» diýerdi. 3Abşalom: «Sen mamla, aýdýanyň hak, ýöne şanyň ýanynda seni diňläre adam ýok» diýip jogap bererdi. 4Ol: «Ýurda diňe özüm serdar bolsadym! Men dawaly mesele bilen ýa-da başga bir iş bilen ýanyma gelenleriň ählisiniň işine adalatly serederdim» diýerdi. 5Şeýle hem kimdir biri oňa tagzym etmek üçin golaýlaşmak islese, elini uzadyp ony bagryna basardy-da, ogşardy. 6Abşalom şanyň ýanyna arz-şikaýat bilen gelen her bir ysraýylly bilen şeýle ederdi. Şeýdip, ol ysraýyl halkyna özüni aldyrdy. 7Dört ýyldan ▼▼Dört – käbir golýazmalarda kyrk.
soň Abşalom Dawut patyşa: «Rugsat berseň, Hebrona gidip, Rebbe eden kasamymy ýerine ýetireýin. 8Men guluň Siriýa ýurdunyň Geşur galasynda ýaşaýarkam, „Eger Reb meni Iýerusalime gaýtaryp eltse, men Oňa Hebronda sežde ederin“diýip kasam edipdim» diýdi. 9Patyşa oňa: «Arkaýyn gidiber» diýdi. Şeýdip, ol Hebrona gitdi. 10Emma ol: «Şahdan edilen surnaý sesini eşiden badyňyza: „Abşalom Hebronda patyşa boldy!“diýip yglan edersiňiz» diýen habar bilen Ysraýylyň ähli tireleriniň arasyna gizlin çaparlar ýollady. 11Iýerusalimden çagyrylan iki ýüz adam hem Abşalom bilen bile gitdi. Olar bolan işlerden bihabar bolansoň, ak göwün bilen Abşalomyň yzyna düşdüler. 12Abşalom gurbanlyk berende, adam iberip, Dawudyň geňeşçisi giloly Ahytopeli çagyryp getirtdi. Güýçli dildüwşük boldy. Abşalomyň daşyna üýşýänleriň sany barha artýardy. Dawut Iýerusalimden gaçýar
13Bir çapar gelip: «Ysraýyllaryň ýüregi Abşaloma baglanypdyr» diýip, Dawuda habar berdi. 14Dawut Iýerusalimde özi bilen bile bolan ähli adamlaryna: «Hany, boluň, gaçalyň! Ýogsam, bize Abşalomdan gutulma ýokdur. Howlukmasak, ol yzymyzdan ýetip, bizi tutar, başymyza bela getirer we galadakylary gylyçdan geçirer» diýdi. 15Patyşanyň adamlary oňa: «Şa hezretleri näme islese, siziň gullaryňyz şoňa razy» diýdiler. 16Şeýdip, patyşa tutuş maşgalasyny yzyna tirkäp, ýola çykdy. Ol on gyrnak aýalyny öýe seretmek üçin goýup gitdi. 17Patyşa ähli adamlaryny alyp, ýola düşdi. Olar galanyň çetinde saklandylar. 18Şanyň ähli adamlary onuň öňünden geçdiler. Ähli keretler, peletler hem-de Gat galasyndan şanyň yzyna düşüp gaýdan alty ýüz adam onuň öňünden geçdiler. 19Patyşa gatly Ytaýa şeýle diýdi: «Sen näme üçin bizden galman gelýärsiň? Yzyňa gaýt-da, täze patyşa bilen boluber. Sebäbi sen ýurdundan kowlan gelmişeksiň. 20Seniň geleniň düýn dälmi, bu günem men seni özümiz bilen bile sergezdan edeýinmi? Onsoňam nirä barýanymy özümem bilemok. Sen gaýt, ildeşleriňi-de özüň bilen äkit. Reb size merhemet etsin hem wepalylyk görkezsin». 21Emma Ytaý Dawut patyşa: «Rebden hem-de şa hezretlerinden ant içýärin; ha ölüm bolsun, ha ömür – parhy ýok, şa hezretleri nirede bolsa, guluňyz hem şol ýerde bolar» diýdi. 22Dawut Ytaýa: «Bolýar, bar geç» diýdi. Ytaý ýanyndaky ähli adamlarydyr bala-çagalary bilen bilelikde geçdi. 23Dawudyň adamlary geçip barýarka, tutuş ýurt nala çekip aglady. Patyşa tutuş goşuny bilen Kidron deresinden geçip, çöle tarap ýola düşdi. 24Abýatar belende çykyp durdy, Sadok hem ähli lewiler bilen Hudaýyň Äht sandygyny göterip alyp barýardy. Adamlaryň bary galadan çykyp bolýança, olar Hudaýyň sandygyny ýerde goýdular. 25Patyşa Sadoga şeýle diýdi: «Hudaýyň sandygyny yzyna gala äkit. Eger men Rebbiň nazarynda merhemet tapan bolsam, Ol meni ýene-de yzyma gaýtaryp getirer; sandygy hem onuň durýan ýerini görmek maňa ýene miýesser eder. 26Emma Reb: „Men senden razy däl“diýäýse, onda, ine, men; islänini edäýsin». 27Patyşa Sadok ruhana şeýle diýdi: «Sen öňden görüjisiň! Ogluň Ahymagasy hem-de Abýataryň ogly Ýonatany ýanyňa al-da, Abýatar bilen bile sag-salamat gala gaýt. 28Sizden bir habar alýançam, çölde – derýanyň saý ýerinde garaşaryn». 29Şeýdip, Sadok bilen Abýatar Hudaýyň sandygyny göterip, yzyna Iýerusalime äkitdiler we özleri hem şol ýerde galdylar. 30 Dawut aglap-eňräp Zeýtun dagyna çykdy. Başynda örtügi bardy, aýaklary ýalaňaçdy. Onuň ýanyndakylaryň-da ählisiniň başlary örtülgidi, gidip baryşlaryna olaram aglaýardylar. 31«Ahytopel Abşalomyň ýanynda – dildüwşüge gatnaşanlaryň arasynda» diýip, Dawuda habar berdiler. Dawut: «Ýa Reb, Ahytopeliň maslahatlaryny puja çykarmagyňy dileýärin» diýdi. 32 Dawut Hudaýa sežde edilýän belentligiň üstüne çykanda, onuň bilen duşuşmak üçin ark urugyndan ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowran Huşaý diýen adam geldi. 33Dawut oňa şeýle diýdi: «Eger meniň bilen bile gitseň, maňa ýük bolarsyň. 34Sen gowusy gala git-de, Abşalomyň ýanyna baryp, kakasyna hyzmat edişiň ýaly, oňa-da hyzmat etjekdigiňi aýt. Şeýtseň, Ahytopeliň men babatdaky maslahatyny puja çykaryp bilersiň. 35Ruhanylar Sadok bilen Abýatar hem şol ýerde seniň ýanyňda bolarlar. Şa köşgünden eşidenleriňi şolara aýdarsyň. 36Sadogyň ogly Ahymagas bilen Abýataryň ogly Ýonatan hem şol ýerdedir. Şolaryň üsti bilen alan maglumatlaryňy maňa ýetirersiň». 37Şeýdip, Dawudyň dosty Huşaý Iýerusalime geldi. Şol wagt Abşalom gala girip barýardy.
Copyright information for
TukLat16