‏ 2 Samuel 17

Huşaý Abşalomy aldawa salýar

1Ahytopel Abşaloma şeýle diýdi: «Ygtyýar et, on iki müň adamy saýlaýyn-da, şu gije Dawudyň yzyndan kowalaýyn. 2Ýadap gurbatdan düşen wagty men onuň üstüne çozup, ony howsala salaýyn. Ýanyndaky ähli goşun gaçar, men diňe patyşanyň özüni öldürerin. 3Ýaş gelniň öz adamsynyň öýüne gelşi ýaly, ähli halkyň saňa tarap öwrülmegi üçin, seniň şol ideýän adamyň öldürilmegi wajypdyr. Şonda bütin halk parahatçylykda bolar». 4Maslahat Abşaloma-da, Ysraýylyň ähli ýaşulularyna-da ýarady.

5Abşalom: «Ark urugyndan bolan Huşaýy-da çagyr, onam diňläli, näme diýýär» diýdi. 6Huşaý gelende, Abşalom oňa: «Ahytopeliň maslahat-a, ine, şeýle. Şonuň diýeni bilen bolubermelimi ýa özüň bir maslahat berýäňmi?» diýdi. 7Huşaý: «Ahytopeliň bu gezekki beren maslahaty gowy maslahat däl» diýip, 8sözüni dowam etdi: «Kakaňyň hem-de onuň adamlarynyň batyr ýigitlerdigini bilýänsiň. Olar sährada çagasyny elinden aldyran aýy ýaly ýowuz boldular. Üstesine-de, ataň tejribeli urşujydyr. Ol gijäni goşunyň arasynda geçirmez. 9Häzir ol bir gowakda ýa-da başga bir ýerde gizlenendir. Ilkinji hüjümde biziňkilerden öleni bolaýsa, onda ony eşidenler: „Abşalomyň yzyna düşenler gyrlypdyr“diýerler. 10Şonda arslan ýürek gaýduwsyz batyram gorkudan ýaňa pagyş-para erär, sebäbi kakaňyň batyr ýigitdigini, onuň ýanyndakylaryň-da gaýduwsyzdygyny tutuş Ysraýyl bilýär. 11Şoňa görä meniň maslahatym şeýle: Dandan Beýerşeba çenli ähli ysraýyllar deňiz kenarynyň çägeleriçe köplükde seniň ýanyňa toplansyn. Söweşde olara özüň baştutanlyk et. 12Biz ony nirede bolsa-da tapyp, ýere çyg düşüşi ýaly bolup, onuň üstüne dökülmelidiris. Şonda onuň ne özi aman galar, ne-de ýanyndakylar. 13Eger-de ol gala tarap çekiläýse, onda ähli ysraýyllar ýüp getirerler we ol ýeriň iň soňky çaglyna çenli, galany jülgä çekeris». 14Abşalom bilen ähli ysraýyllar: «Ark urugyndan bolan Huşaýyň maslahaty Ahytopeliň maslahatyndan gowy» diýdiler. Sebäbi Reb Abşalomy heläkçilige duçar etmek üçin, Ahytopeliň oňat maslahatyny puja çykarmak kararyna gelipdi.

Huşaý Dawudy habardar edýär

15Huşaý ruhanylar Sadok bilen Abýatara şeýle diýdi: «Abşaloma hem-de ysraýyl ýaşulularyna Ahytopel şeýle maslahat berdi, men hem beýle maslahat berdim. 16Indi haýal etmän, adam iberiň-de, Dawuda şu habary ýetiriň: „Şu gije çölde – derýanyň saý ýerinde galman, aňry tarapa geçmese, patyşanyň özi-de, ýanyndaky tutuş goşun-da heläk bolar“». 17Göze ilmezlik üçin gala girip bilmeýändiklerine görä, Ýonatan bilen Ahymagas Eýnrogelde garaşýardylar. Bir gyrnak gelip, olara habar berýärdi, olar bolsa gidip, Dawuda aýdýardylar. 18Emma bir gezek bir ýetginjek olary görüp, Abşaloma habar berdi. Ýonatan bilen Ahymagas haýal etmän gidip, Bahurymda biriniň öýüne bardylar. Şol adamyň howlusynda bir guýusy bardy; olar şol guýynyň içine girdiler. 19Hojaýynyň aýaly guýynyň agzyny örtgi bilen örtdi-de, üstüne däne serdi; ol ýerde hiç zat bilner ýaly bolmady. 20Abşalomyň adamlary ol aýalyň öýüne gelip, ondan Ahymagas bilen Ýonatanyň nirededigini soradylar. Aýal olara: «Olar arykdan geçdiler» diýip jogap berdi. Gözleýänler ol ikisini gözläp tapmandan soň, Iýerusalime dolandylar. 21Ýaňkylar gidenden soň, ol ikisi guýudan çykyp gitdiler-de, Dawut patyşany habardar etdiler. Olar Ahytopeliň Dawudyň garşysyna eden maslahatyny aýdyp, Dawuda: «Bol, basymrak, suwdan geçip, ötägit» diýdiler. 22Şondan soň Dawut bilen onuň ýanyndaky goşun Iordan derýasyndan geçdiler. Daň saz berýänçä, olar derýadan doly geçip gutardylar.

23Öz maslahatynyň ýer tutmandygyny gören Ahytopel eşegini gaňňalady-da, öz galasyna, öýüne gitdi. Baryp, maşgalasyna wesýet edenden soň bolsa özüni asdy. Ony kakasynyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar. 24Abşalom Ysraýylyň ähli adamlaryny ýanyna alyp, Iordan derýasyndan geçende, Dawut Mahanaýyma barypdy. 25Abşalom Emasany Ýowabyň ýerine goşunbaşy edip goýdy. Emasa Ýytra diýen bir ysraýylyň ogludy. Ýytra Ýowabyň ejesi, Seruýanyň aýal dogany, Nahaşyň gyzy Abygaýyla öýlenipdi. 26Ysraýyllar bilen Abşalom Gilgatda düşlediler. 27Dawut Mahanaýyma baranda, ammonlaryň Raba galasyndan Nahaşyň ogly Şoby, lodebarly Emiýeliň ogly Makyr, Rogelimden gilgatly Barzyllaý dagy 28Dawut bilen onuň ýanyndaky adamlaryna ýorgan-düşek, gap-çanak, toýun gaplar, huruşlyk üçin bugdaý, arpa, un, gowurga, noýba, mäş, 29bal, süzme, goýun etini, sygyr süýdünden edilen peýnir getirdiler. Sebäbi olar goşunyň çölde aç-suwsuz hem ýadawdygyny aýdypdylar.
Copyright information for TukLat16