2 Samuel 19
Ýowap Dawuda käýeýär
1«Patyşa Abşalom üçin aglap, onuň ýasyny tutýar» diýip, Ýowaba habar berdiler. 2Ol günki ýeňiş tutuş goşun üçin ýasa öwrüldi. Sebäbi şol gün goşun patyşanyň öz ogly üçin hasrat çekýändigini eşitdi. 3Şol gün Dawudyň esgerleri edil uruşdan gaçan ýaly bolşup, utanşyp ýuwaşlyk bilen gala girdiler. 4Patyşa ýüzüni aşak salyp: «Wah, oglum, Abşalom! Jan oglum, jan oglum, Abşalom!» diýip, gaty sesi bilen möňňürip aglaýardy. 5Ýowap patyşanyň öýüne gelip, oňa şeýle diýdi: «Sen bu gün özüňiň, ogul-gyzlaryňyň, aýallaryňdyr gyrnaklaryňyň janyny halas eden esgerleriňiň ýüzüni ýere saldyň. 6Sebäbi özüňi ýigrenýänleri söýüp, özüňi söýýänleri ýigrendiň. Sen goşunbaşylaryňdyr esgerleriňiň özüň üçin hiç kimdigini bu gün ap-aýdyň etdiň. Eger-de Abşalom diri galyp, biziň ählimiz ölen bolsak, onda seniň şatlanjak ekendigiňe men anyk göz ýetirdim. 7Indi bar-da, öz adamlaryň bilen mylakatly gepleş, Rebden ant içýärin, eger gitmeseň, şu gije ýanyňda bir adamam galmaz. Bu bolsa seniň üçin ýaşlygyňdan tä häzire çenli gören ýamanlyklaryňyň baryndan beter bolar». 8Patyşa turdy-da, derwezäniň agzyna baryp oturdy. Muny tutuş goşuna habar berdiler. Ähli goşun patyşanyň huzuryna geldi.Dawut Iýerusalime dolanýar
Şol wagt ysraýyllaryň ählisi öz öýlerine gaçyp gitdiler. 9Ysraýyl tireleriniň ählisi: «Dawut bizi duşmanlarymyzyň elinden we piliştlilerden halas etdi. Ol Abşalom zerarly ýurtdan gaçdy. 10Başyna ýag guýup, özümize patyşa goýan Abşalomymyz-a uruşda öldi. Indi patyşany yzyna getirmek barada näme üçin dil ýarmaýarsyňyz?» diýip, özara jedelleşýärdiler. 11 Dawut patyşa Ýahudanyň ýaşulularyna aýtmak üçin, Sadok bilen Abýatar ruhanydan şeýle habar iberdi: «Patyşany öýüne gaýtaryp getirmekde, soňa galasyňyz gelýärmi? Tutuş Ysraýylyň aýdanlary patyşa ýetdi. 12Siz meniň garyndaşlarym, siz meniň öz süýegimden we tenimdensiňiz. Şonda-da patyşany öýüne gaýtaryp getirmekde, soňa galasyňyz gelýärmi?» 13Emasa bolsa şu sözlerimi aýdyň: «Sen meniň öz süýegimden we tenimden dälmi näme? Eger şu pursatdan başlap, Ýowabyň ýerine meniň goşunbaşym bolmasaň, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan beterini görkezsin». 14Şeýlelikde, Dawut bir adam ýaly edip, ýahudalaryň ählisiniň köňlüni özüne baglady. Olar: «Ähli adamlaryňam al-da, gel» diýip, patyşa habar ýolladylar. 15Şeýdip, patyşa yzyna, Iordana dolanyp geldi. Ýahudalar ony garşylamak hem-de Iordan derýasyndan geçirmek üçin Gilgala geldiler. 16Bahurymdan benýaminli Geranyň ogly Şimgi, Dawut patyşany garşylamak üçin, ýahudalar bilen howlugyşyp eňip gelýärdiler. 17Onuň ýanynda benýaminden müň adam bardy. Şawulyň maşgalasynyň hyzmatkäri Siba on bäş ogluny hem-de ýigrimi hyzmatkärini ýanyna alyp, patyşanyň öňünden Iordan derýasyndan geçdi. 18Olar patyşanyň öý-içerisini geçirmek üçin we onuň huzurynda islän zadyny berjaý etmek üçin, derýanyň saý ýerinden geçdiler. Patyşa Iordan derýasyndan geçen badyna, Geranyň ogly Şimgi onuň öňünde tagzym edip, 19şeýle diýdi: «Jenabym, meni günäli hasaplamaň we şa hezretleriniň Iýerusalimden çykan güni öz guluňyzyň eden ýamanlygyny ýatlamaň, ony göwnüňize almaň. 20Sebäbi men guluňyz özümiň günäkärdigimi bilýärin. Şoňa görä-de, men şu gün Ýusubyň nesillerinden ilkinji bolup, siz şa hezretlerini garşylamaga geldim». 21Seruýanyň ogly Abyşaý: «Näme üçin Şimgi öldürilmeli däl, ol Rebbiň seçip-saýlanyna gargady ahyryn» diýdi. 22Emma Dawut şeýle diýdi: «Eý, Seruýanyň ogullary, bu günki gün meniň bilen duşman bolar ýaly, biziň aramyzda näme bar? Men bu gün özümiň Ysraýylyň şasydygymy bilmeýärinmi näme? Bu gün Ysraýylda hiç kim öldürilmez». 23Patyşa ant içip, Şimgä: «Sen ölmersiň» diýdi. 24Şawulyň agtygy Mepiboşet Dawudy garşylamaga geldi. Patyşanyň giden gününden tä ol sag-salamat dolanyp gelýänçä, ol öz aýaklaryny-da, geýimlerini-de ýuwmandy, sakgalyny hem bejermändi. 25Ol patyşany garşylamak üçin Iýerusalimden gelende, patyşa oňa: «Mepiboşet, sen näme üçin meniň bilen gitmediň?» diýdi. 26Ol şeýle jogap berdi: «Eý, şa hezretleri, meni hyzmatkärim aldady. Men oňa: „Eşegi gaňňalaýyn-da, oňa münüp, patyşa bilen gideýin“diýdim, sebäbi men guluň agsak. 27Emma ol siz şa hezretleriniň ýanynda men guluňyza töhmet atdy. Emma şa hezretleri meniň üçin Hudaýyň perişdesi ýalydyr. Indi näme ederin diýseňiz, ine, men. 28Kakamyň ähli garyndaşlary şa hezretleriniň öňünde öldürilmäge degişli bolup durka, men guluňyzy öz saçagyňyzyň başyndakylaryň arasynda oturtdyňyz. Şondan soň patyşa şikaýat etmäge näme hakym bar?» 29Patyşa oňa: «Öz ýagdaýlaryň hakynda gürlemegiň hajaty ýok. Men saňa we Siba ýeri paýlaşmagy buýruk berýärin» diýdi. 30Mepiboşet patyşa: «Şa hezretleriniň sag-salamat öýüne gelendigine görä, goý, hemmesini ol alsyn» diýdi. 31Gilgatly Barzyllaý Rogelim galasyndan geldi. Ol Iordan derýasyndan patyşa bilen bile geçip, ony ugradyp barýardy. 32Ol juda garrydy – segsen ýaşyndady. Patyşa Mahanaýymda bolanda, Barzyllaý ony iýmit bilen üpjün edipdi, çünki ol juda gurply adamdy. 33Patyşa Barzyllaýa: «Meniň bilen gidiber, Iýerusalimde iýip-içjegiňi özüm alada ederin» diýdi. 34Emma Barzyllaý patyşa şeýle diýdi: «Patyşa bilen Iýerusalime gider ýaly, meniň ömrümiň ýene näçe ýyly galdyka? 35Häzir men segsen ýaşymda, göwne ýakymly-ýakymsyz zatlary saýgaryp bilemok. Men guluň öz iýip-içýän zatlarymyň tagamyny-da bilemok. Erkegu-aýal bagşylaryň seslerini eşidip bilemok. Şeýle bolsa, näme üçin men guluň şa hezretlerine ýük bolsun?! 36Guluň bolan men patyşa bilen diňe biraz ýol ýöräp, ony Iordan derýasyndan geçirmek isleýärin. Patyşa näme üçin meni beýle sylaglamaly? 37Men guluň yzyma gaýdyp, öz galamda, kakamyň, ejemiň guburlarynyň golaýynda öleýin. Ýöne, ine, şu ýerde guluň Kimham bar. Şa hezretleri bilen, goý, ol gidäýsin. Senem göwnüňe jaý bolan zady onuň üçin et» diýdi. 38Patyşa oňa: «Kimham meniň bilen gider, men hem onuň üçin seniň islän zadyňy ederin, hawa, ähli islän zadyňy men seniň üçin ederin» diýdi. 39Tutuş goşun Iordan derýasyndan geçdi, patyşa-da geçdi. Ol Barzyllaýy ogşap, oňa pata berdi; Barzyllaý öz öýüne gaýtdy. 40Patyşa Gilgala tarap ýola düşdi, Kimham hem onuň bilen bile gitdi. Tutuş ýahuda halky we ysraýyl halkynyň ýarysy patyşany ugratdy.Ysraýylyň nägileligi we Şebanyň gozgalaňy
41Bütin Ysraýylyň halky patyşanyň ýanyna gelip, oňa: «Näme üçin garyndaşlarymyz ýahudalar sizi ogurladylar we patyşany maşgalasy hem adamlary bilen bile Iordan derýasyndan geçirdiler?» diýdi. 42Tutuş ýahudalar ysraýyllara: «Sebäbi patyşa biziň ýakyn garyndaşymyz. Näme üçin muňa gaharyňyz gelýär? Biz, heý, patyşanyň hasabyna bir zat iýdikmi ýa patyşa bize serpaý ýapdymy?» diýdiler. 43Emma ysraýyllar ýahudalara: «Dawut patyşada paýymyz siziňkiden köpdür, on paýymyz bar. Şonda-da näme üçin bizi äsgermezlik etdiňiz? Patyşany yzyna getirmekde ilkinji söz biziňki bolmaly dälmi näme?» diýip jogap berdiler. Emma ýahudalaryň sözi ysraýyllaryňkydan gazaply bolup çykdy.
Copyright information for
TukLat16