2 Samuel 20
1Şol wagt benýamin tiresinden Bikriniň ogly Şeba diýen bir deýýus şol ýerdedi. Ol şahdan edilen surnaý çalyp, şeýle diýip gygyrdy: «Eý, ysraýyllar, paýymyz ýok Dawutda! Paýymyz ýok Ýyşaýyň oglunda! Öýli-öýüňize dargaň!» 2Şeýdip, ähli ysraýyllar Dawutdan aýrylyp, Bikri ogly Şebanyň yzyna düşdüler. Ýöne ýahudalar özleriniň patyşasy Dawuda ygrarly bolup, Iordan derýasyndan Iýerusalime çenli onuň bilen bile boldular. 3 Dawut Iýerusalimdäki öýüne geldi. Öýe seretmek üçin goýup giden on gyrnak aýallarynyň ählisini bir jaýa gabap, olary gorag astyna aldy; olary zerur zatlar bilen üpjün etdi, ýöne ýanlaryna girmedi. Gyrnak aýallar şeýdip, tä ölýänçäler dul ýaly ýaşadylar we gabawdan çykarylmadylar. 4Patyşa Emasa: «Üç günüň dowamynda Ýahudanyň erkek göbeklilerini meniň ýanyma ýygna, özüňem şu ýerde bol» diýdi. 5Emasa ýahudalary çagyrmaga gitdi. Ýöne gelmeli wagtynda gelmän gijä galdy. 6Dawut Abyşaýa: «Indi Bikri ogly Şeba bize Abşalomdanam köp zyýan berer. Öz jenabyňyň gullaryny al-da, onuň yzyndan kow, ýogsam, ol özüne berk galalar tapar-da, bizden sypar» diýdi. 7Ýowabyň adamlary, keretler, peletler we ähli batyr ýigitler Iýerusalimden çykyp, Bikri ogly Şebanyň yzyndan kowmak üçin Abyşaýyň yzyna düşdüler. 8Olar Gibgondaky ullakan daşyň ýanyna baranlarynda, Emasa olary garşylamaga çykdy. Ýowap harby geýimdedi, bilinde kemere dakylan gynly gylyjy bardy. Ol ýöräp gelýärkä, gylyjy gynyndan gaçdy. 9Ýowap Emasa: «Doganym, sag-gurgunmyň?» diýip, ogşamak üçin sag eli bilen Emasanyň sakgalyndan tutdy. 10Emasa Ýowabyň elindäki gylyjyna üns bermedi. Ýowap gylyjyny onuň garnyna sokup, içgoşuny ýere silkdi, gylyjy gaýtadan sokmaga zerurlyk galmady; Emasa öldi. Soňra iki dogan Ýowap bilen Abyşaý Bikri ogly Şebanyň yzyndan kowmaga başladylar. 11Ýowabyň adamlaryndan biri Emasanyň jesediniň ýanynda durup: «Kim Ýowabyň tarapdary bolsa, kim Dawuda wepaly bolsa, Ýowabyň yzyna eýersin» diýdi. 12Emasa ýoluň ugrunda gana bulaşyp ýatyrdy. Ýaňky adam jesediň ýanyna barýanlaryň onuň ýanynda saklanýandyklaryny görüp, ony ýoldan bir gyra çekdi-de, üstüne geýim ýapdy. 13Emasanyň jesedi ýoldan aýrylandan soň, goşun Bikri ogly Şebanyň yzyndan kowmak üçin, Ýowabyň yzyna düşdi. 14Goşun Abelbeýtmagaka galasyna çenli tutuş demirgazyk tireleriniň içinden geçdi. Demirgazyk tireleriniň halky jemlenip birleşdiler-de, gala tarap Ýowabyň yzyna düşdi. 15Olar baryp, Abelbeýtmagaka galasynda ony gabawa saldylar. Galanyň diwaryna çykmak üçin ýapgyt gurdular we diwary ýykmak üçin ony opurmaga başladylar. 16Bir akylly aýal galadan: «Gulak assaňyzlaň! Diňleseňizläň! Ýowaba aýdyň, men onuň bilen gepleşmek isleýärin» diýip gygyrdy. 17Ýowap onuň ýanyna baranda, ol aýal: «Sen Ýowapmy?» diýdi. Ol: «Hawa, men Ýowap» diýip jogap berdi. Aýal: «Onda öz gyrnagyňa gulak as» diýdi. Ýowap: «Diňleýärin» diýdi. 18Aýal şeýle diýdi: «Öňler: „Abelde maslahat alsynlar“diýip aýdardylar, şeýdibem, işi tamamlardylar. 19Biz Ysraýylyň parahat hem wepadar adamlarydyrys. Ysraýyl galalarynyň enesi bolup duran galany näme üçin ýykmak isleýärsiň? Näme üçin Rebbiň beren mirasyny ýok etmek isleýärsiň?» 20Ýowap şeýle jogap berdi: «Ýok-la! Daş edewersin! Hudaý saklasyn! Galany ýykmak ýa-da ýok etmek meniň etjek işim däl! 21Bu beýle däl! Ýöne Efraýym daglygyndan Bikri ogly Şeba diýen biri Dawut patyşanyň garşysyna çykdy. Onuň ýeke özüni elime ber, men galadan el çekeýin». Aýal: «Onuň kellesi diwardan üstaşyry saňa tarap zyňlar» diýdi. 22Aýal akylly pikiri bilen halkyň ýanyna gitdi. Olar Bikri ogly Şebanyň kellesini kesip, ony Ýowaba tarap zyňyp goýberdiler. Ýowap surnaý çaldy; olar galadan çekildiler. Hemmeler öýli-öýüne gitdi. Ýowap bolsa Iýerusalime patyşanyň ýanyna gaýtdy. 23Ýowap Ysraýylyň tutuş goşunyna baştutan boldy. Ýehoýadanyň ogly Benaýa bolsa keretleriň hem-de peletleriň baştutany boldy. 24Adoram ▼▼Adoram – käbir gadymy terjimelerde Adonyram. Seret: 1Pat 4:6.
gara zähmet bilen meşgul bolýanlaryň ýolbaşçysydy, Ahyludyň ogly Ýehoşapat baş emeldarydy. 25Şewa – kätip, Sadok bilen Abýatar – ruhanylar boldy. 26Ýaýyrly Yra hem Dawudyň ruhanysydy.
Copyright information for
TukLat16