2 Samuel 21:18-22
18Şundan soň ysraýyllar bilen piliştliler Gopda söweşe başladylar. Şonda huşaly Sibekaý iri adamlaryň neslinden bolan Sap diýen birini öldürdi. 19Soňra olar piliştliler bilen Gopda ýene çaknyşdylar. Şonda beýtullahamly Ýagyryň ogly Elhanan gatly Jaludy öldürdi. Jaludyň naýzasynyň sapy pürs ýalydy. 20Gat galasynda ýene uruş boldy. Ol ýerde ýene piliştlileriň iri neslinden, elleri we aýaklary alty-altydan ýigrimi dört barmakly şilliň uzyn biri bardy. 21Ysraýyla sögendigi üçin Dawudyň dogany Şimganyň ogly Ýonatan ony öldürdi. 22Bularyň dördüsi-de Gat galasynyň iri nesillerindendiler. Olar Dawudyň hem-de onuň esgerleriniň elinden öldüler.
Copyright information for
TukLat16