‏ 2 Samuel 22

Dawudyň ýeňiş aýdymy

(Zebur 17)

1 Rebbiň Dawudy ähli duşmanlaryndan hem-de Şawuldan halas eden güni, ol Rebbiň şanyna şu aýdymy aýtdy:

2«Reb – meniň gaýam, galam hem Halasgärim,
3Hudaýym – pena edinýän gaýam,
galkanym, ýeňşim hem-de berkitmäm.
Halasgärim meni zulumdan halas eýleýär!
4Men şan-şöhrata mynasyp Rebbi çagyrýaryn,
hem-de duşmanlarymdan halas bolýaryn.

5Ölüm tolkunlary maňa oraldy,
weýrançylyk silleri meni garbady.
6Ölüm dünýäsiniň tanaplary maňa saraldy,
ölüm duzaklary garşymdan çykdy.
7Gam-gussamyň içinde Rebbi çagyrdym,
öz Hudaýyma men perýat etdim.
Ol ybadathanasyndan meň sesimi eşitdi;
Onuň gulagyna perýadym ýetdi.

8Şonda zemin çaýkandy hem endiredi,
ýeriň binýatlary sarsyp, lerzana geldi,
sebäbi Reb gazaba mündi.

9Gazabyndan ýaňa tüsse çykdy burnundan,
ýuwudyjy ot bilen köreýän közler çykdy agzyndan.
10Ol gökleri böwsüp, aşaga indi,
zulmat aýaklarynyň astynda bardy.
11Ol bir keruba mündi-de, uçdy,
ýeliň ganatlarynda gaýdy.
12Ol Özüne çadyr edindi tümlügi,
telär etdi goýy bulutlaryň ýagmyr tümüni
13Huzurynyň ýalkymyndan ýaňa
köreýän közler alawlap tutaşdy.

14Reb göklerde güňleç gürledi,
seslendi Beýik Hudaý.
15Peýkamlary atyp, pytratdy ýagylaryny,
Ýyldyrymlar çakdyryp, weýran etdi olary.
16Şonda Rebbiň käýinjinden,
burnundan çykan deminden ýaňa
deňziň geçelgeleri göründi,
dünýäniň-de binýatlary açyldy.

17Ol belentden ýetdi hem meni aldy
Ol meni çuň suwlardan çekip çykardy.
18Halas etdi meni ýigrenýän güýçli ýagymdan,
çünki olar güýçlüdi menden.
19Olar betbagt günümde garşyma çykdy,
ýöne Reb meniň daýanjym boldy.
20Meni giň ýere çykardy hem halas etdi,
çünki Ol menden göwnühoş boldy.
21Ol dogrulygyma laýyk öwezini gaýtardy,
ellerimiň tämizligine laýyk Ol sylaglady.
22Çünki men Rebbiň ýollaryndan ýöredim,
Hudaýymdan aýrylmak ýaly erbet işi etmedim.
23Çünki gözümiň alnyndady ähli kararlary,
özümden daşlaşdyrmadym Onuň parzlaryny.
24Men kämildim Onuň öňünde,
sakladym özümi günä etmekden.
25Şonuň üçin, dogrulygyma we päkligime görä,
Reb öwezini gaýtardy Öz nazarynda.

26Sadyklyk edýärsiň Sen sadyklara,
kämillik edýärsiň Sen kämillere,
27päklik edýärsiň Sen päk ynsanlara,
egrilere bolsa egriligine görä garaýarsyň Sen.
28Pesgöwünli halky halas edýärsiň,
emma tekepbir gözleri peseldýärsiň Sen.

29Ýa Reb, meniň çyram Sensiň,
Reb ýagtyldýar meň tümlügimi.
30Seniň bilen talaňçylara hüjüm ederin,
Öz Hudaýym bilen diwardan aşyp bilerin.

31Hudaý – Onuň ýoly kämildir, Rebbiň sözleri sapdyr,
Ony pena edinýänleriň baryna Reb galkandyr.
32Çünki Rebden başga Hudaý ýok!
Hudaýymyzdan başga gaýa ýok!
33Meniň berk galamdyr Hudaý,
kämil ýola atarýar Ol aýypsyz adamy.
34Ol aýaklarymy keýigiňki dek edýär,
belent ýerlerde meni ykjam duruzýar.
35Urşa türgen edýär Ol ellerimi,
gollarym egreldýär bürünçden ýaýy.

36Ýeňiş galkanyňy maňa berýärsiň,
Seniň kömegiň-de meni beýgeldýär.
37Gadamlarymyň astyndaky ýoly giňeldýäň,
meniň aýaklarym taýmaýar.

38Duşmanlarymy kowalaýyn, yzlaryndan ýeterin!
olary gyryp tükedýänçäm, dolanmaýaryn.
39Ýer bilen ýegsan etdim, ýaraladym, galyp bilmeýär,
aýaklarymyň astyna olar ýykylýar.
40Uruş üçin Sen bilime kuwwat berýärsiň,
garşyma çykanlary maňa tabyn edýärsiň.
41Boýun egdirýärsiň duşmanlarymy,
gyrýaryn men özümi ýigrenýänleri.
42Töweregine garadylar, olary halas edýän ýok;
Rebbi çagyrsalar-da, Ol jogap berenok.
43Olary tozan dek edip ýençdim,
köçeleriň palçygy kimin mynjyratdym.

44Öz halkymyň garşylygyndan meni halas eýleýäň,
Sen meni milletlere baş edip goýýaň,
tanamadyk halkym tabyndyr maňa.
45Meni eşiden dessine boýun bolýarlar,
ýatlar maňa ýalym-ýulum edýärler.
46Kesekileriň ýüzi gorkudan ak tama dönýär,
olar galalaryndan titreşip çykýar,

47Reb diridir! Meniň gutulyş Gaýam alkyşly bolsun!
Gutulyşymyň Hudaýy belende çykarylsyn!
48Ol meniň arymy alyp berýän Hudaýdyr,
Ol halklary maňa golasty edýär.
49Ol meni duşmanlarymdan halas eýleýär.
Sen meni ýagylarymdan üstün çykardýarsyň,
hem-de zalymlaryň elinden meni halas edýärsiň.

50Munuň üçin milletler arasynda Seni alkyşlaryn, ýa Reb!
Seniň adyňa nagma aýdaryn!
51Öz patyşaňa uly ýeňişler getirýärsiň Sen!
Seçip-saýlan Dawudyna, onuň nesline,
elmydama sadyk söýgüsini görkezýär».
Copyright information for TukLat16