2 Samuel 23
Dawudyň soňky sözleri
1Ine, Dawudyň soňky sözleri şulardyr: Belende göterilen Ýyşaý ogly Dawut diýýär,Ýakubyň Hudaýynyň seçip saýlan adamy,
Ysraýylyň şirin labyzly bagşysy şeýle sözleýär:
2«Rebbiň Ruhy meniň üstüm bilen gepleýär,
dilimde Onuň sözleri.
3Ysraýyl Hudaýy gepledi,
Ysraýylyň Gaýasy maňa şeýle diýdi:
„Halka adalatly häkimlik eden,
Hudaýdan gorkup, halka baştutanlyk eden,
4daň şapagy ýalydyr,
aýdyň asmanda dogan Gün ýaly,
otlaryň ýagyşdan soňky ýalkymydyr“.
5Meniň neslim hem Hudaýyň öňünde şeýle dälmi näme?!
Sebäbi Ol meniň bilen baky äht baglaşdy,
bu äht tertip-düzgünli we bozulmazdyr.
Meniň halas bolmagym, arzuwlarym Oňa bagly dälmi näme?!
6Ähli ýaramazlar zyňlan tiken ýalydyr.
Çünki tikeni elläp bolmaýar.
7Demir ýa-da naýza sapy ulanylýandyr olara,
hem duran ýerinde oda ýakylýandyr olar».
Dawudyň batyr ýigitleri
(1 Ýyl ýazgylary 11:10-41)
8 Dawudyň batyr ýigitleriniň atlary, ine, şulardyr: tahkemonly Ýoşe Başebet. Ol serdarlaryň baştutanydy. Ol naýzasy bilen bir wagtyň özünde sekiz ýüz adamy öldürdi. 9Ondan soňra üç batyr ýigidiň biri ahowa urugyndan Dodonyň ogly Elgazardyr. Söweşmek üçin toplanyşan piliştlilere gyjalat berlende, ol Dawudyň ýanyndady. Ysraýyllar yza çekildiler, 10emma Elgazar ýerinden gozganmady; ol surnugýança, hatda eli gylyja ýelmeşýänçä söweşip, piliştlileri gyrdy. Reb şol gün beýik ýeňiş berdi. Halk onuň yzyna diňe olja ýygnamak üçin düşdi. 11Üçünjisi hararly Ageniň ogly Şammadyr. Piliştliler Lehide ýygnanyşypdylar. Ol ýerde mäşden doly bir ýer bardy. Goşun piliştlilerden gaçdy. 12Ýöne Şamma meýdançanyň ortarasynda durup, şol ýeri gorady we piliştlileri gyrdy. Reb uly ýeňiş berdi. 13Orak döwründe otuz serdaryň üçüsi Dawudyň ýanyna, Adullam gowagyna gitdi. Piliştlileriň goşuny Rapa jülgesinde düşläpdi. 14Dawut şol wagt galadady. Piliştlileriň goşun bölümi bolsa Beýtullahamdady. 15Dawut arman edip: «Beýtullahamyň derwezesiniň ýanyndaky guýudan suw getirip beren bolsady, şondan bir içsemdim» diýdi. 16Şonda üç batyr ýigit piliştlileriň düşelgesini böwsüp geçdi-de, Beýtullahamyň derwezesiniň ýanyndaky guýudan suw alyp, ony Dawuda getirip berdi. Emma Dawut suwdan içmedi, ol ony Reb üçin ýere dökdi. 17Ol: «Meni beýtmekden sakla, ýa Reb! Janlaryny howp astyna salyp giden adamlaryň ganyny, heý-de, men içip bilerinmi?!» diýip, suwdan içmek islemedi. Bu üç batyr ýigit şeýle edermenlikler görkezipdi. 18Seruýanyň ogly Abyşaý üç batyr ýigidiň baştutanydy, ol Ýowabyň doganydy. Ol öz naýzasy bilen üç ýüz adamyň garşysyna uruşdy we olary öldürip, üç batyr ýigit ýaly meşhur boldy. 19Ol otuz serdaryň iň meşhurydy we baştutandy, ýöne üç serdaryň derejesine ýetip bilmändi. 20Ýehoýadanyň ogly Benaýa uly edermenlikler görkezen kabseýelli batyr ýigitdir. Ol mowaply arslan ýürekli iki edermen urşujyny öldürdi, şeýle hem ol garly gün çukuryň içinde bir ýolbarsy öldürdi. 21Ol soňra äpet bir müsürlini öldürdi. Müsürliniň elinde naýzasy bardy. Benaýa onuň garşysyna taýakly çykdy. Ol müsürliniň elinden naýzasyny alyp, ony öz naýzasy bilen öldürdi. 22Ýehoýadanyň ogly Benaýa, ine, şeýle işleri edip, ol hem üç batyr ýigit ýaly meşhur boldy. 23Ol otuz serdaryň arasynda iň meşhurydy, ýöne üç batyr ýigidiň biri däldi. Dawut ony öz janpenalarynyň baştutany edip goýdy. 24Otuzlaryň arasynda ýene-de, ine, şular bardy: Ýowabyň dogany Asahel, beýtullahamly Dodonyň ogly Elhanan, 25harotly Şamma we Elika, 26paltyly Heles, tekowaly Ikeşiň ogly Yra, 27anatotly Abygezer, huşaly Mebunnaý, 28ahowa urugyndan Salmon, netopaly Mahraý, 29netopaly Bagananyň ogly Helep, benýaminlerden gibgaly Ribaýyň ogly Ytaý, 30pirgatonly Benaýa, Gagaş jülgelerinden Hidaý, 31arbaly Abygalbon, bahurymly Azmawet, 32şagalbynly Elýahba, Ýaşeniň ogullary: Ýonatan, 33hararly Şamma, hararly Şararyň ogly Ahyýam, 34magakaly Ahasbaýyň ogly Elipelet, giloly Ahytopeliň ogly Eligam, 35karmelli Hesro, arawly Pagary, 36sobaly Natanyň ogly Ýygal, gat tiresinden Bany, 37ammon halkyndan Selek, Seruýanyň ogly Ýowabyň ýaragyny göterýän nökeri beýerotly Nahraý, 38ýytra urugyndan Yra we Garep, 39het halkyndan Uryýa. Bular jemi otuz ýedi adamdan ybaratdyr.
Copyright information for
TukLat16