‏ 2 Samuel 3

1Şawulyň adamlary bilen Dawudyň adamlarynyň arasyndaky uruş uzaga çekdi. Dawut gitdigisaýy güýçlenýärdi, Şawulyňkylar bolsa barha ejizleýärdiler.

Dawudyň Hebronda doglan ogullary

2Ine, şular Dawudyň Hebronda doglan ogullarydyr: onuň nowbahar ogly ýizregelli Ahynogamdan bolan Amnondy. 3Ikinjisi karmelli Nabalyň dul galan aýaly Abygaýyldan bolan Kilapdy, üçünjisi Geşur patyşasy Talmaýyň gyzy Magakadan bolan Abşalomdy. 4Dördünjisi Hagytdan bolan Adonyýady, bäşinjisi Abytaldan bolan Şepatýady. 5Altynjy ogly Egladan bolan Ýitregamdy. Dawudyň bu ogullarynyň hemmesi Hebronda doguldylar.

Abner Dawuda goşulýar

6Şawul bilen Dawudyň kowum-garyndaşlarynyň arasyndaky uruş dowam edýärdi. Şawulyň kowumyndan Abner barha güýçlenýärdi. 7Şawulyň Rispa atly bir gyrnagy bardy. Rispanyň atasyna Aýa diýýärdiler. Bir gün Yşboşet Abnere: «Näme üçin kakamyň gyrnagy bilen ýatdyň?» diýdi. 8Yşboşediň sözlerine Abneriň juda gahary gelip, oňa şeýle diýdi: «Näme sen meni Ýahudanyň tarapyna geçen bir köpek hasaplaýaňmy? Men bu günki güne çenli ataň Şawulyň nesline, onuň doganlaryna, dost-ýarlaryna wepaly bolup, seni Dawudyň eline düşmekden saklap gezdim. Şu aýal sebäpli bu gün sen maňa gara ýöňkejek bolýarmyň? 9 10Reb Şawulyň elinden patyşalygy aljakdygyna, Dandan Beýerşeba çenli uzalýan Ysraýylda hem Ýahudada Dawudyň patyşalygyny berkarar etjekdigine ant içdi. Indi ol hakda aýdylany ýerine ýetirmesem, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondanam beterini görkezsin». 11Yşboşet Abnerden gorkansoň, oňa jogap gaýtaryp bilmedi.

12Abner Hebronda oturan Dawuda çapar iberip: «Ýurt kimiňki? Gel, äht baglaşaly, tutuş Ysraýylyň seniň tarapyňa geçmegine menem goldaw bereýin» diýdi. 13Dawut: «Bolýar, men seniň bilen äht edişeýin, ýöne bir şert bilen: meniň bilen görme-görşe geleniňde, Şawulyň gyzy Mikaly-da getirersiň, eger getirmeseň, meni görmersiň» diýdi. 14Soňra Dawut: «Ýüz piliştliniň pürçügini berip alan aýalym Mikaly özüme gaýtaryp ber» diýen habar bilen Şawulyň ogly Yşboşede çapar gönderdi. 15Yşboşet adam iberip, Mikaly onuň adamsy Paltyýelden yzyna aldy. Paltyýel Laýyşyň ogludy. 16Adamsy ýolboýy aglap-eňräp, Mikaly Bahuryma çenli ugratdy. Abner «Öýüňe gaýt!» diýensoň, Paltyýel yzyna dolandy.

17Abner ysraýyl ýaşulularyna şeýle sözler bilen ýüzlendi: «Köp wagtdan bäri siz Dawudyň özüňize patyşa bolmagyny isleýärsiňiz. 18Indi islegiňizi amala aşyryň, sebäbi Reb: „Men Öz halkym Ysraýyly gulum Dawudyň üsti bilen piliştlilerden hem onuň ähli duşmanlaryndan halas ederin“diýip, Dawuda aýdypdy». 19Abner benýamin tiresi bilen hem gepleşdi. Soňra ähli ysraýyllaryň hem-de benýaminleriň islegini Dawuda ýetirmek üçin, ol Hebrona gitdi.

Abneriň ölümi

20Abner ýigrimi adam bilen bile Hebrona Dawudyň ýanyna bardy. Dawut olar üçin meýlis gurady. 21Abner Dawuda: «Men gideýin-de, tutuş Ysraýyly şa hezretleriniň ýanyna ýygnaýyn. Seniň öz göwün islegiňe görä şalyk sürmegiň üçin, goý, olar seniň bilen äht baglaşsynlar» diýdi. Dawut Abneri goýberdi, ol sag-salamat çykyp gitdi. 22Ýowap Dawudyň adamlary bilen talaňçylykdan ýaňyja gaýdyp gelipdi. Olar köp olja alypdylar. Emma Abner Hebronda – Dawudyň ýanynda däldi, Dawut ony goýberipdi, ol sag-salamat çykyp gaýdypdy. 23Ýowap tutuş goşun bilen bile geldi. Neriň ogly Abneriň patyşanyň ýanyna gelendigini, patyşanyň ony goýberendigini, onuňam sag-salamat çykyp gidendigini Ýowaba habar berdiler. 24Ýowap patyşanyň ýanyna baryp: «Eden zadyň näme?! Öz aýagy bilen ýanyňa gelen Abneri näme üçin goýberdiň? 25Sen Neriň ogly Abneri tanaýaň ahyryn! Ol seni aldamak üçin, nirä gidip-gelýäniňi, näme iş edýäniňi bilmek üçin gelendir» diýdi. 26Ýowap Dawudyň ýanyndan çykansoň, Abneriň yzyndan çaparlar iberdi we ony Sira guýusyndan yzyna getirtdi. Emma Dawut mundan bihabardy. 27Abner Hebrona gaýdyp gelende, Ýowap onuň bilen ikiçäk gepleşjek bolýan kişi bolup, ony derwezäniň iç tarapyna çekdi-de, içine urup öldürdi. Şeýdip, Abner Ýowabyň dogany Asaheliň ganyna galandygy üçin öldürildi. 28Dawut bu habary eşidip: «Özümem, patyşalygymam Neriň ogly Abneriň gany üçin Rebbiň öňünde hiç wagt günäkär bolmarys. 29Günä, goý, Ýowabyň hem onuň nesliniň boýnuna düşsün. Ýowabyň nesliniň arasynda iriň ýygnaýan ýaraly, pis açan ýa-da goltugy pişekli, gylyçdan ölýän ýa-da nana zar adamlar, goý, hemişe bolsun dursun» diýdi. 30Şeýdip, Ýowap we onuň dogany Abyşaý Gibgonda bolan uruşda öz doganlary Asaheli öldüren Abneriň janyna kast etdiler.

31 Dawut Ýowap bilen onuň ýanyndaky ähli halka: «Ýakaňyzy ýyrtyp, jul geýniň-de, Abneriň ýasyny tutuň» diýdi. Dawut patyşa onuň tabydynyň yzyndan ýöredi. 32Abneri Hebronda jaýladylar. Onuň gubrynyň başynda patyşa ses edip aglady, tutuş halk-da oňa goşuldy. 33Patyşa Abner üçin agy aýtdy: «Akmaklarça ölmeli däldiň, Abner!
34Gollaryň bagly däldi,
aýaklaryň gandally däldi!
Emma zalymlaryň goluna düşen biri kimin heläk bolduň!»

Abner üçin tutuş halk ýene-de aglady.
35Soňra ähli halk Dawudyň ýanyna gelip, Gün batmazdan öň bir zatlar garbanmagy teklip etdiler. Emma Dawut: «Eger Gün ýaşýança çörek iýsem ýa-da başga bir zat datsam, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin» diýip ant içdi. 36Tutuş halk Dawudyň bu bolşuny görüp, ony makullady. Patyşanyň edýän ähli işinden hoşal bolşy ýaly, halk bu gezek hem ondan hoşal boldy. 37Neriň ogly Abneriň ölüminde Dawudyň eliniň ýokdugyna tutuş goşun we ähli ysraýyl halky şol gün göz ýetirdi. 38Patyşa adamlaryna ýüzlenip: «Bu gün Ysraýylyň bir beginiň, bir beýik adamynyň ölendigini bilýäňizmi? 39Hudaýyň başyma ýag guýlup saýlan patyşasy bolsamam, mende bu gün güýç-gurbat ýok. Seruýanyň ogullary menden has güýçli. Ýamanlyk edeniň özüne-de Reb ýamanlyk görkezsin» diýdi.
Copyright information for TukLat16