‏ 2 Samuel 5

Dawut tutuş Ysraýyla patyşa bolýar

(1 Ýyl ýazgylary 11:1-9)

1 Ysraýylyň ähli tireleri Hebrona Dawudyň ýanyna baryp, oňa: «Biz seniň öz süýegiňden we teniňdendiris. 2Öňlerem – Şawul patyşamyzka-da sen ysraýyl goşunyna serkerdediň. Reb saňa: „Meniň halkym Ysraýylyň çopany sen bolarsyň, Ysraýyla sen hökümdarlyk edersiň“diýipdi» diýdiler. 3Şeýdip, Ysraýylyň ähli ýaşululary Hebrona Dawudyň ýanyna ýygnandylar. Şol ýerde Rebbiň huzurynda Dawut patyşa olar bilen äht edişdi. Ysraýylyň ýaşululary Dawudyň başyna ýag guýup, Ysraýyla patyşa bellediler. 4Dawut patyşa bellenende, otuz ýaşyndady; ol kyrk ýyl patyşalyk etdi. 5Dawut Hebronda Ýahudanyň üstünden ýedi ýyl, alty aý, Iýerusalimde oturyp, tutuş Ysraýyl bilen Ýahuda otuz üç ýyl patyşalyk etdi.

6 Dawut patyşa adamlaryny alyp, Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslaryň üstüne ýöriş etdi. Ýabuslar Dawuda: «Sen bu ýere girip bilmersiň, hatda körlerdir agsaklaram seni yzyňa serpikdirip bilerler» diýýärdiler. Olar Dawut bu ýere girip bilmez diýip pikir edýärdiler. 7Emma Dawut Sion galasyny basyp aldy. Ol häzir «Dawut galasy» diýlip atlandyrylýar. 8Dawut şol gün: «Kimde-kim ýabuslary öldürmekçi bolsa, käriziň içinden geçip, Dawudy ýigrenýän körlerdir agsaklaryň üstüne çozsun» diýdi. («Körlerdir agsaklar Hudaýyň öýüne girip bilmezler» diýen gep şondan galdy.) 9Dawut galany eýeledi we ony «Dawut galasy» diýip atlandyrdy. Ol Millodan
Millo – toprak bilen doldurylan jaýryk ýa-da boşluk ýer bolmagy ahmal. Sözlüge seret.
başlap, galanyň tutuş töweregini täzeden gurdy.

10 Dawut gitdigisaýy güýçlenýärdi, sebäbi Hökmürowan Hudaý Reb onuň bilendi.

11 Sur patyşasy Hiram Dawudyň ýanyna ilçiler bilen kedr agaçlaryny, agaç ussalarydyr köşk gurujy ussalary iberdi. Olar Dawut üçin köşk gurdular. 12Şeýlelikde, Dawut özüni Rebbiň tutuş Ysraýylyň patyşasy hökmünde berkarar edendigine hem-de Öz halky Ysraýylyň hatyrasyna öz patyşalygyny beýgeldendigine düşündi.

13 Dawut Hebrondan gelenden soň, Iýerusalimde ýene-de gyrnaklardyr aýallar aldy. Olardan hem Dawudyň ogul-gyzlary boldy. 14Onuň Iýerusalimde doglan çagalarynyň atlary şulardyr: Şammuwa, Şobap, Natan, Süleýman, 15Ýybhar, Elişuwa, Nepek, Ýapyýa, 16Elişama, Elýada, Elipelet.

17 Dawudyň tutuş Ysraýyla patyşalyga bellenilendigini eşidende, ähli piliştliler aýaga galyp, onuň gözlegine çykdylar. Dawut muny eşidip, çöldäki gala gitdi. 18Piliştliler gelip, Rapa jülgesine ýaýradylar. 19«Men piliştlileriň garşysyna çykaýynmy? Sen olary meniň elime berermiň?» diýip, Dawut Rebbe ýüz tutdy. Reb oňa: «Bar, piliştlileri şübhesiz seniň eliňe berjekdirin» diýdi. 20Şeýlelikde, Dawut Bagalperasyma gelip, olary şol ýerde derbi-dagyn etdi. Ol: «Sil bentleriniň böwsülişi kimin, Reb-de duşmanlaryma meniň elim bilen zarba urdy» diýdi. Şol sebäpden hem bu ýere Bagalperasym
Bagalperasym – bu söz zarba urýan jenap diýmegi aňladýar.
diýen at dakyldy.
21Dawut bilen onuň adamlary piliştlileriň taşlap giden butlaryny aldylar.

22 Piliştliler ýene gelip, Rapa jülgesine ýaýradylar. 23Dawut Rebbe ýüz tutanda, Reb şeýle diýdi: «Olaryň öňünden çykma. Balzam agaçlary tarapdan gelip, olaryň ýeňsesinden ur. 24Balzam agaçlarynyň başlaryndan aýak seslerini eşideniňde, taýýar bol, sebäbi bu piliştlileriň goşunyny derbi-dagyn etmek üçin, Men – Rebbiň seniň öňüňe düşdügimdir». 25Dawut Rebbiň buýruşy ýaly etdi. Ol Gebadan Gezere çenli bolan aralykda piliştlileri gyrdy.
Copyright information for TukLat16