2 Samuel 9
Dawut we Mepiboşet
1 Dawut: «Ýonatanyň hatyrasy üçin ýagşylyk ederim ýaly, Şawulyň neslinden galan barmyka?» diýip sorady. 2Şawulyň neslinden Siba atly bir hyzmatkär bardy. Ony Dawudyň ýanyna çagyrdylar. Patyşa ondan: «Sen Sibamy?» diýip sorady. Siba: «Hawa, men şol guluň» diýip jogap berdi. 3Patyşa ondan: «Şawulyň neslinden aman galan barmy? Hudaýyň hatyrasyna men oňa wepalylyk görkezjek» diýip sorady. Siba: «Ýonatanyň iki aýagy-da agsak bir ogly bar» diýip jogap berdi. 4Patyşa ondan: «Ol nirede?» diýip sorady. Siba: «Ol Lodebarda, Emiýeliň ogly Makyryň öýünde» diýip jogap berdi. 5Dawut patyşa Ýonatanyň ogluny Lodebardan, Emiýeliň ogly Makyryň öýünden getirtdi. 6Ýonatanyň ogly, Şawulyň agtygy Mepiboşet Dawudyň ýanyna geldi. Ol ýere ýüzin düşüp, patyşa tagzym etdi. Dawut: «Mepiboşet!» diýdi. Ol: «Hawa, men şol guluň!» diýip jogap berdi. 7Dawut oňa: «Gorkma, kakaň Ýonatanyň hatyrasyna men saňa ýagşylyk etjek. Ataň Şawulyň ähli ýerlerini saňa gaýtaryp berjek. Sen hemişe meniň saçagymdan naharlanarsyň» diýdi. 8Mepiboşet oňa tagzym edip: «Men guluň öli bir it ahyryn, näme üçin sen maňa ýagşylyk edýäň?» diýdi. 9Soňra patyşa Şawulyň hyzmatkäri Sibany çagyryp, oňa: «Şawula hem onuň nesline degişli bolan zatlaryň ählisini jenabyňyň agtygyna berendirin. 10Sen ogullaryň we hyzmatkärleriň bilen ýeri onuň üçin bejerip, hasylyny ýygnarsyň, şonda ol jenabyňyň agtygynyň harajady bolar, emma jenabyňyň agtygy Mepiboşet hemişe meniň saçagymdan naharlanar» diýdi. Sibanyň on bäş ogly bilen ýigrimi hyzmatkäri bardy. 11Siba Dawut patyşa: «Şa hezretleriniň men guluna emr eden zatlarynyň ählisi berjaý ediler» diýdi. Mepiboşet edil Dawudyň öz ogullarynyň biri ýaly onuň saçagyndan naharlanýardy. 12Mepiboşediň Mika atly ýaşajyk bir ogly bardy. Sibanyň öýünde ýaşaýanlaryň ählisi indi Mepiboşediň hyzmatkärleri boldular. 13Mepiboşet Iýerusalimde ýaşaýardy, sebäbi ol hemişe patyşanyň saçagyndan naharlanýardy. Onuň iki aýagy-da agsakdy.
Copyright information for
TukLat16