‏ 2 Thessalonians 2

Bikanun adam

1Indi bolsa, eý, doganlar, Rebbimiz Isa Mesihiň gelmegi we Onuň ýanyna üýşmegimiz babatda şulary aýdyňlaşdyrmakçy: 2«Rebbiň güni golaýlady» diýip aýdýan haýsydyr bir habar, pygamberlik ýa-da hat bizden ýaly bolup görünse-de, şolar sebäpli haýdan-haý aljyramaň, galpylda düşmäň. 3Özüňizi hiç kime hiç ýol bilen aldatmaň. Çünki köpler Hudaýa garşy baş galdyrar we ýok edilmeli bikanun adam peýda bolar. Ýöne bu zatlar amala aşýança, Rebbiň güni gelmez. 4Bu adam hudaý diýip atlandyrylýan ýa sežde edilýän zatlaryň baryna garşy çykyp, özüni olardan ýokary tutar. Ol hatda Hudaýyň ybadathanasynda oturyp, özüni Hudaý diýip yglan eder. 5Men heniz ýanyňyzdakam bulary aýdanym, elbetde, ýadyňyzdadyr. 6 7Bu bikanun adam Hudaýyň bellän wagtynda peýda bolar. Bikanunlyk eýýäm assyrynlyk bilen hereket etse-de, bikanun adamyň peýda bolmagy bökdelýär. Munuň sebäbini özüňiz bilýänsiňiz. Hawa, bikanun adamy bökdeýän biri bardyr. Ol aradan aýrylansoň, 8bikanun adam peýda bolar. Reb Isa agzynyň demi bilen, Öz gelşiniň şanly şöwketi bilen ony ýok eder. 9Bikanun adam gelende şeýtanyň güýji arkaly her hili ýalan gudratlary, alamatlary we mugjyzalary görkezer. 10Ol her hili ýamanlyklar bilen heläkçilik ýoluna düşenleri aldawa salar. Çünki olar hakykaty söýmegi we şol arkaly halas bolmagy ret etdiler. 11Şonuň üçin-de Hudaý olary aldaýan bir güýje tabşyrýar. Olar-da bu aldawa ynanýarlar. 12Ol muny hakykata ynanman, ýamanlykdan keýp alanlaryň baryny höküm etmek üçin edýär.

Imanda berk duruň!

13Eý, Reb tarapdan söýülýän doganlar! Siz halas bolup bileriňiz ýaly, Hudaý sizi ilkinjiler hökmünde
Ilkinjiler hökmünde – käbir golýazmalarda ilkibaşdan.
saýlady. Siz Mukaddes Ruh arkaly päklenip, hakykata bolan imanyňyz arkaly halas bolduňyz. Şoňa görä-de, biz elmydama Hudaýa şükürler etmelidiris.
14Ol Rebbimiz Isa Mesihiň şöhratyna şärik bolup bileriňiz ýaly, wagyz edýän Hoş Habarymyz arkaly sizi bulara çagyrdy. 15Şoňa görä-de, eý, doganlar, indi imanda berk duruň! Bizden söz ýa hat arkaly öwrenen taglymatyňyza berk ýapyşyň. 16 17Atamyz Hudaý bizi söýüp, Öz merhemeti arkaly bize ebedi teselli bilen ýagşy umyt berdi. Goý, Rebbimiz Isa Mesihiň Özi we Atamyz Hudaý size teselli bersin, her bir ýagşy işde we sözde size güýç bersin.
Copyright information for TukLat16