‏ 2 Thessalonians 3

Biziň üçin doga-dileg ediň

1Eý, doganlar! Rebbiň Hoş Habary siziň araňyzda çalt ýaýrap, şöhratlandy. Ol beýleki ýerlerde-de şeýle bolar ýaly, biziň üçin doga-dileg ediň. 2Zalym, ýaman adamlardan gutulyp bilmegimiz üçin-de doga-dileg ediň. Çünki Rebbe adamlaryň hemmesi ynanýan däldir. 3Emma Reb ynamdardyr. Ol size kuwwat berer we şeýtandan gorar. 4Biziň buýranlarymyzy edýändigiňiz, geljekde-de etjekdigiňiz babatda Reb bizi ynandyrýar. 5Goý, Reb ýürekleriňizi Hudaýy söýmäge we Mesihe sadyk bolmaga gönükdirsin.

Çöregiňizi özüňiz gazanyň

6Eý, doganlar, bikär gezip, biziň taglymatymyza görä ýaşamaýan her bir dogandan daş durmagy Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan size buýurýarys. 7Biziň göreldämize nähili eýermelidigini özüňiz bilýänsiňiz. Biz siziň araňyzdakak, bikär gezmedik, 8hiç kimiň çöregini mugt iýmedik. Gaýtam, siziň hiç biriňize agram salmajak bolup, gije-gündiz işläp, zähmet çekdik. 9Biziň sizden ýardam almaga hakymyz bolsa-da, ony talap etmedik. Sebäbi göreldämize eýerip bileriňiz ýaly, muny size nusga bolmak üçin etdik. 10Biz hatda siziň ýanyňyzdakak: «Kim işlemek islemeýän bolsa, damak-da iýmesin» diýip buýrupdyk. 11Emma biz araňyzda käbirleriňiziň bikär gezýändigini eşidýäris. Olar öz işleri bilen bolman, başgalaryň işine goşulýarlar. 12Şeýle adamlara gep-gürrüňsiz işlemegi we öz çöreklerini gazanmagy Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan tabşyryp ýalbarýarys. 13Siz bolsa, eý, doganlar, ýagşylyk etmekde ýadamaň. 14Kim bu hatda aýdanlarymyza gulak asmasa, ony göz astyna alyň. Ol utanar ýaly, onuň bilen gatnaşmaň. 15Ýöne ony duşman saýmaň, gaýtam bir dogan hökmünde oňa öwüt beriň.

Salamlar

16Parahatlygyň gözbaşy bolan Rebbiň Özi size hemişe, her ýagdaýda parahatlyk bersin! Reb baryňyza ýar bolsun! 17Men Pawlusdan size salam bolsun. Muny öz elim bilen ýazyp, her hatymy şeýdip tamamlaryn. 18Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, goý, siziň baryňyza ýar bolsun!
Copyright information for TukLat16