‏ Acts 14

Pawlus bilen Barnap Ikoniýada

1Pawlus bilen Barnap Ikoniýa şäherinde hem adatdakysy ýaly ýahudylaryň sinagogasyna bardylar. Ol ýerde olar şeýle bir täsirli wagyz etdiler welin, köp sanly ýahudylar we keseki milletler iman etdiler. 2Emma iman etmedik ýahudylar keseki milletleri bu iki resulyň üstüne küşgürip, imanlylara garşy olaryň aňyny zäherlediler. 3Pawlus bilen Barnap bu ýerde uzak wagt galyp, Reb Isa hakynda batyrgaýlyk bilen wagyz etdiler. Isa hem olara alamatlar we mugjyzalar görkezmek başarnygyny berip, Öz merhemeti baradaky habary olar arkaly tassyklady. 4Şäheriň halky ikä bölündi; olaryň bir bölegi ýahudylaryň, bir bölegi-de resullaryň tarapyna geçdi.

5Şundan soň ýahudylar we başga milletler özleriniň ýolbaşçylary bilen birlikde resullaryň üstüne topulyp, olary daşlamakçy boldular. 6Resullar mundan habarly bolansoňlar, Likaoniýanyň Listra, Derbe şäherlerine we olaryň daş-töweregine gaçdylar. 7Ol ýerlerde-de Hoş Habary wagyz etdiler.

Pawlus bilen Barnap Listrada we Derbede

8Listrada aýaklary ysmaz bir adam ýaşaýardy. Ol dogabitdi oturady we hiç wagt ýöremändi. 9Bu adam Pawlusyň gürrüňini diňläp otyrdy. Pawlus hem oňa dikanlap seredip, onuň sagaljagyna imanynyň bardygyny gördi. 10Şonda Pawlus gaty ses bilen: «Ýeriňden tur!» diýdi. Ol hem towsup turdy-da, ýöräp başlady. 11Mähelle Pawlusyň eden işini görüp, likaoniýa dilinde: «Hudaýlar ynsan keşbinde biziň ýanymyza inipdirler!» diýip gygyryşdylar. 12Barnaby Zews, Pawlusy bolsa, esasy söz sözleýänçidigi üçin Hermes
Zews… Hermes – grekler Zewsi esasy hudaý, Hermesi bolsa hudaýlaryň ilçisi hasaplapdyrlar.
diýip atlandyrdylar.
13Zewsiň buthanasy şäheriň daşynda ýerleşýärdi. Zews ruhanysy boýnuna gül çemenleri geýdirilen öküzleri şäher derwezeleriniň agzyna getirip, halk bilen birlikde gurbanlyk berjek boldy. 14Emma resullar Barnap bilen Pawlus muny eşidip, ýakalaryny ýyrtyp, halkyň ortasyna kürsäp girdiler. Olar batly ses bilen: 15«Adamlar! Näme üçin beýle edýärsiňiz? Biz hem size meňzeş ynsandyrys. Size Hoş Habar alyp geldik. Indi bu boş zatlardan el çekiň-de, ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli zady ýaradan diri Hudaýa tarap dolanyň. 16Geçen döwürde Hudaý ähli milletlere öz ýollary boýunça ýöremäge rugsat berdi. 17Muňa garamazdan, Ol Özüniň bardygyny hiç haçan subutsyz goýmaýar. Serediň! Size ýagşylyk edip, asmandan ýagyş ýagdyrýar, möwsüminde hasyl berýär, garnyňyzy birkemsiz doýrup, ýürekleriňizi şatlykdan doldurýar» diýdiler. 18Bu sözler bilen olar halky özlerine gurbanlyk hödür etmekden zordan dändirdiler.
Käbir golýazmalarda Hemmesini öz öýüne iberdiler. Resullar ol ýerde galyp, halka öwredýärdiler diýen sözler hem bar.
19Emma Antiýohdan, Ikoniýadan gelen ýahudylar halky öjükdirip, Pawlusy daşladylar we ölendir öýdüp, ony şäherden süýräp çykardylar. 20Emma şägirtler daşyna üýşenlerinde, Pawlus ýerinden turup, şähere gaýtdy. Ertesi gün ol Barnap bilen Derbä tarap ýola düşdi.

21Derbede olar Hoş Habary wagyz edip, köp şägirt topladylar. Soňra Listra, Ikoniýa we Antiýoha dolanyp geldiler. 22Olar şägirtleri ruhlandyrdylar we olara imanda berk durmagy ündäp: «Hudaýyň Şalygyna girmegimiz üçin, biziň köp muşakgatlary başdan geçirmegimiz gerek» diýýärdiler. 23Pawlus bilen Barnap her bir ýygnak üçin ýolbaşçylar bellediler. Soňra doga-dileg edip, agyz bekläp bu ýolbaşçylary özleriniň iman eden Rebbine tabşyrdylar. 24Onsoň Pisidýanyň içinden geçip, Pamfiliýa geldiler. 25Perga şäherinde Isa hakynda wagyz edenlerinden soň, Attaliýa gitdiler. 26Ol ýerden hem olar gämili Antiýoha dolanyp geldiler. Pawlus bilen Barnap bu şäherde özlerini Hudaýyň merhemetine tabşyryp, hut şu ýerden şindi tamamlan işlerini amala aşyrmaga ugrapdylar. 27Antiýoha gelenlerinden soň, resullar ýygnagy bir ýere çagyryp, olara Hudaýyň özleri arkaly ähli bitiren işlerini we ýahudy dälleriň iman etmegi üçin, Onuň açan ýoly barada gürrüň berdiler. 28Resullar uzak wagtlap şägirtler bilen bile boldular.
Copyright information for TukLat16