‏ Acts 21

Pawlusyň Iýerusalime syýahaty

1Biz olar bilen hoşlaşyp, gämide göni Kos adasyna, ertesi gün Rodosa, ol ýerden hem Patara geldik. 2Onsoň Finikiýa barýan bir gämi tapyp mündük we deňze çykdyk. 3Kipre golaýlanymyzda, onuň günortasyndan geçip, Siriýa tarap ýüzdük. Soňra Sura baryp ýetdik, sebäbi gämi şol ýerde ýüküni düşürmelidi. 4Biz şägirtleri tapyp, ol ýerde ýedi gün galdyk. Şägirtler Mukaddes Ruhuň ugrukdyrmagy bilen Pawlusa Iýerusalime gitmeli däldigini aýtdylar. 5Biziň wagtymyz dolanda, ýene ýola düşüp, syýahatymyzy dowam etdirdik. Imanlylaryň hemmesi, aýallary we bala-çagalary bilen bile şäheriň daşyna çenli bizi ugratdy. Onsoň kenarda dyza çöküp, Hudaýa doga-dileg etdik. 6Biri-birimiz bilen hoşlaşanymyzdan soň, gämä mündük, olar hem öýlerine gaýtdylar.

7Biz ýolumyzy Surdan dowam etdirip, Ptolemeý şäherine geldik. Ol ýerdäki doganlaryňka görme-görşe baryp, bir gün olaryň ýanynda galdyk. 8Ertesi gün biz ýola düşüp, birnäçe günden Kaýsariýa geldik we hoş habarçy Filipiň öýünde galdyk, ol saýlanan ýedi ýolbaşçynyň biridi. 9Filipiň durmuşa çykmadyk dört gyzy bardy we olar pygamberlik edýärdiler.

10Biz ol ýerde ençeme gün bolanymyzdan soň, Ýahudyýadan Agap atly pygamber geldi. 11Ol biziň ýanymyza gelip, Pawlusyň guşagyny aldy-da, öz el-aýagyny baglap: «Mukaddes Ruh şeýle diýýär: „Iýerusalimdäki ýahudylar şu guşagyň eýesini şeýle baglap, keseki milletleriň eline bererler“» diýdi. 12Muny eşidenimizde, biz-de, ol ýerde ýaşaýanlar-da Iýerusalime gitmezligi üçin Pawlusa ýalbardyk. 13Pawlus: «Näme üçin aglaşyp, meniň ýüregimi agyrdýarsyňyz? Men Iýerusalimde diňe el-aýagymyň baglanmagyna däl, eýsem, Rebbimiz Isanyň ady üçin ölmäge-de taýýar» diýip jogap berdi. 14Ony yryp bilmänimizden soň biz: «Goý, Rebbiň islegi bolsun!» diýip dymdyk.

15Şol günlerden soň goşumyzy düwüp, Iýerusalime ýola düşdük. 16Kaýsariýadan şägirtleriň birnäçesi hem biziň bilen bile gaýtdylar. Olar bizi Minason diýen adamyň öýüne getirdiler, biz onuňkyda galmalydyk. Minason kiprli bolup, ilkibaşdaky şägirtleriň biridi.

Pawlus Iýerusalimde

17 Iýerusalime gelenimizde, doganlar bizi şatlyk bilen garşyladylar. 18Ertesi Pawlus biziň bilen birlikde Ýakuby görmäge bardy, Iýerusalimdäki ýygnagyň ähli ýolbaşçylary-da şol ýerdediler. 19Pawlus olar bilen salamlaşandan soň, öz hyzmaty arkaly Hudaýyň keseki milletleriň arasynda eden işlerini birin-birin gürrüň berdi. 20Olar muny eşidip, Hudaýy şöhratlandyrdylar. Soňra Pawlusa şeýle diýdiler: «Görýäňmi, dogan, ýahudylaryň arasynda müňlerçe imanly bar. Olaryň hemmesi-de Mukaddes Kanuna özlerini ýürekden bagyş edenler. 21Olaryň eşidişine görä, sen keseki milletleriň arasynda ýaşaýan ýahudylaryň hemmesine Musanyň kanunyndan dönmekligi, çagalaryny sünnetlemezligi, däp-dessurlara uýmazlygy öwredýärmişiň. 22Indi näme etmeli? Seniň geleniňi olar hökman eşiderler. 23Şonuň üçin biziň aýtjak zatlarymyzy ýerine ýetir. Aramyzda Hudaýa ant içip, wada beren dört adam bar. 24Şol adamlary ýanyňa al-da, olar bilen bile tämizlenme dessuryna goşul we olaryň harçlaryny sen töle. Ondan soň olar saçlaryny syrdyrmaly. Şeýlelikde, hemmeler sen hakda aýdylan myş-myşlaryň ýalandygyny, seniň-de Musanyň kanunyna uýup ýaşaýandygyňy bilerler. 25Iman eden keseki milletler hakda aýdanymyzda bolsa, biz belli bir karara gelip, olara bireýýäm: „Butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň“diýip ýazylan haty ýollapdyk».

26Ertesi gün Pawlus ýaňky adamlary ýanyna alyp, olar bilen bile özüni tämizledi. Onsoň ol ybadathana girip, päkleniş günleriniň haçan gutarjakdygyny we olaryň her biri üçin haçan sadaka berjekdigini yglan etdi.

Pawlus tutulýar

27Bellenilen ýedi gün dolup barýardy. Aziýa welaýatyndan gelen ýahudylar Pawlusy ybadathanada gördüler. Olar tutuş halky öjükdirip, ony tutdular. 28Olar: «Eý, ysraýyl halky! Kömek ediň! Bu adam ähli ýerde biziň halkymyza, Musanyň bize beren kanunyna, ybadathanamyza garşy hemmelere ters sapak berýär. Munuň üstesine-de, grekleri ybadathana getirip, bu mukaddes ýeri harama çykardy» diýip gygyrdylar. 29Beýle diýmekleriniň sebäbi, munuň öň ýany efesli Trofymy şäherde Pawlus bilen bile görüpdiler we Pawlus ony-da ybadathana getirendir öýdüp pikir edýärdiler.

30Bütin şäher aýaga galdy, hemme tarapdan ylgaşyp gelen halk birleşdi-de, Pawlusy tutup, ybadathanadan daşary süýredi. Şobada hem ybadathananyň gapylary ýapyldy. 31Pawlusy öldürjek bolup durkalar, Rim goşunynyň müňbaşysyna bütin Iýerusalimiň aýaga galandygy baradaky habar gelip gowuşdy. 32Müňbaşy dessine ýüzbaşylaryny we esgerlerini alyp, halkyň üstüne eňdi. Olar müňbaşy bilen esgerleri görenlerinde, Pawlusy ýençmegi bes etdiler. 33Şol wagt müňbaşy golaý gelip, Pawlusy tussag etdi we goşa zynjyrlar bilen baglamagy buýurdy. Soňra ol: «Bu adam kim? Ol näme etdi?» diýip sorady. 34Mähelläniň içinde goh-galmagal turdy, her kim bir zat diýip gygyrdy. Alagowurdydan ýaňa müňbaşy näme bolanyny anyk bilmedi. Şonuň üçin ol Pawlusy gala äkitmegi buýurdy. 35Pawlus basgançaga gelende, mähelle ony gysyp-gowrup barýardy. Şonuň üçin esgerler ony göterip äkitmeli boldular. 36Mähelle onuň yzyna düşüp: «Öldüriň ony!» diýip gygyryşýardy.

Pawlus mähellä ýüzlenýär

37Esgerler Pawlusy ýaňy galanyň içine alyp girenlerinde, ol müňbaşa: «Senden bir zat sorap bilerinmi?» diýdi. Müňbaşy haýran galyp: «Sen grekçe bilýäňmi? 38Mundan birnäçe wagt öň gozgalaň turzup, dört müň kellekeseri çöle alyp çykan müsürli sen dälmi?» diýdi. 39Pawlus: «Men ýahudy, Kilikiýanyň Tarsus şäherinden, şol meşhur şäheriň raýatydyryn. Maňa halka söz sözlemäge ygtyýar bermegiňi haýyş edýärin» diýdi. 40Müňbaşy Pawlusa rugsat berende, ol basgançagyň üstünde durup, halka ýuwaş bolmagy eli bilen yşarat etdi. Adamlar ümsüm bolansoň, Pawlus olara arameý dilinde ýüzlenip, söze başlady:
Copyright information for TukLat16