Acts 25
Pawlus Festusyň öňünde
1Festus welaýata häkim bolup gelenden üç gün soň, Kaýsariýadan Iýerusalime gitdi. 2Ol ýerde ýolbaşçy ruhanylar bilen ýahudy baştutanlary Festusa Pawlusyň üstünden şikaýat etdiler. 3Festusdan özlerine bir ýagşylyk etmegini sorap, Pawlusy Iýerusalime getirmegi üçin ýalbardylar. Aslynda olar buky gurup, ýolda Pawlusy öldürmegiň niýetindediler. 4Festus olara şeýle jogap berdi: «Pawlus Kaýsariýada tussaglykda, men hem basym ol ýere gitjek. 5Araňyzdaky ýolbaşçylar meniň bilen bile barsynlar. Eger Pawlus bir ýaman iş eden bolsa, goý, ony aýyplasynlar». 6Festus olaryň ýanynda sekiz-on gün bolup, Kaýsariýa gaýtdy. Ertesi gün ol kazylyk kürsüsine çykyp, Pawlusyň getirilmegini buýurdy. 7Pawlus içeri girende, Iýerusalimden gelen ýahudylar onuň daşyna üýşüp, ony aýyplap başladylar, emma öz aýyplamalaryny subut edip bilmediler. 8Pawlus özüni gorap: «Men ýahudylaryň kanunyna-da, ybadathana-da, imperatora-da garşy günä etmedim» diýdi. 9Festus ýahudylaryň göwnünden turmak üçin, Pawlusdan: «Iýerusalime gidip, şol ýerde bu babatda özüňe kazylyk edilmegini isleýärsiňmi?» diýip sorady. 10Emma Pawlus: «Men imperatoryň kazylyk kürsüsiniň öňünde durun, maňa şu ýerde kazylyk edilmelidir. Men ýahudylara garşy hiç bir ýamanlyk eden däldirin, muny seniň özüň hem oňat bilýänsiň. 11Men ýamanlyk eden bolsam ýa-da ölüme laýyk bir iş eden bolsam, ölümden gaçmaýaryn. Eger bu adamlaryň maňa garşy aýyplamalary ýalan bolsa, meni olaryň eline tabşyrmaga hiç kimiň haky ýokdur. Men dawamy imperatora arz edýärin» diýdi. 12Onsoň Festus mejlis bilen maslahatlaşyp: «Dawaň barada imperatora arz etdiň, imperatoryň ýanyna-da gidersiň» diýdi. 13Birnäçe gün geçenden soň, Agrip patyşa öz uýasy Bernik bilen Festusy gutlamak üçin, Kaýsariýa geldi. 14Olar köp wagt ol ýerde galanlaryndan soň, Festus Pawlusyň işini patyşa gürrüň berdi: «Feliksiň tussag edip goýan bir adamy bar. 15Men Iýerusalimdekäm, ýahudylaryň ýolbaşçy ruhanylary, ýaşululary onuň üstünden şikaýat edip, ony jezalandyrmagymy haýyş etdiler. 16Men olara: „Rimlileriň adaty boýunça hiç kim sorag edilmezden jezalandyrmak üçin şikaýatçynyň eline tabşyrylmaýar. Aýyplanýany şikaýatçylary bilen ýüzleşdirip, oňa ýöňkelýän aýyp babatda özüni goramaga mümkinçilik berilýär“diýip jogap berdim. 17Aýyplaýjylar bu ýere üýşenlerinde bolsa, men wagty elden bermän, ertesi gün kazylyk kürsüsine çykyp, Pawlusyň getirilmegini buýurdym. 18Emma onuň garşysyna geplän şikaýatçylar oňa meniň garaşan aýyplarymyň hiç birini ýöňkemediler. 19Muňa derek olaryň öz dinleri hem-de bir Isa atly ölüp giden, emma Pawlusyň diri diýýän adamy barada jedelleri bar eken. 20Men bu meseläni nähili çözsemkäm diýip agyr ýagdaýa düşdüm. Pawlusdan Iýerusalime gidip, ol ýerde bu zatlar babatda özüne kazylyk edilmegine razydygyny ýa-da däldigini soradym. 21Emma Pawlus dawasyny imperatoryň çözmegini, oňa çenli tussaglykda bolmagyny isledi. Şonuň üçin ony imperatoryň ýanyna ýollaýançam, tussaglykda saklamagy buýurdym». 22Agrip Festusa: «Men hem şol adamyň gürrüňini diňlemek isleýärin» diýdi. Festus hem: «Ony ertir diňlärsiň» diýdi.Pawlus Agribiň öňünde
23Ertesi gün Agrip we Bernik dabaraly ýagdaýda gelip, müňbaşylardyr şäheriň atly-abraýly adamlary bilen birlikde mejlisler otagyna girdiler. Festusyň buýrugy boýunça Pawlusy getirdiler. 24Festus şeýle diýdi: «Eý, patyşa Agrip we bu ýerdäki ähli jenaplar! Siz bu adamy görýäňizmi? Iýerusalimdäki we bu ýerdäki ähli ýahudylar onuň üstünden maňa şikaýat edip: „Ol mundan artyk ýaşamaly däl!“diýip gygyryşdylar. 25Emma meniň pikirimçe, ol ölüme laýyk iş etmändir. Emma özüniň dawasy barada imperatora arz edendigi üçin, ony Rime ýollamak kararyna geldim. 26Ol hakda onuň alyjenabyna ýazar ýaly belli bir zadym ýok. Şonuň üçin-de ony siziň huzuryňyza, ylaýta-da, eý, Agrip şa, seniň huzuryňa çykardym. Bu meselä seredenimizden soň, munuň netijesinde ýazmaga bir zatlar tapmagym ahmal. 27Sebäbi tussaga garşy ýöňkelýän aýyplamalary görkezmezden, ony imperatoryň ýanyna ýollamaklyk maňa manysyz görünýär».
Copyright information for
TukLat16