Acts 9
Isa Şawula görünýär
1Şawul Rebbiň şägirtlerine henizem ölüm howpuny salýardy. Bir gün ol baş ruhanynyň ýanyna gidip, 2ondan Damaskdaky sinagogalar üçin hat ýazyp bermegini haýyş etdi. Ol ýerde «Isanyň Ýoly» diýen topara degişli adamlary aýal-erkek diýmän, kimi tapsa, el-aýagyny baglap, Iýerusalime getirmäge rugsat sorady. 3Ol Damaska ýetip barýarka, birdenkä asmandan bir parlak nur onuň daş-töweregini ýagtyltdy. 4Şawul ýere ýykyldy. Şonda ol: «Şawul! Şawul! Näme üçin Maňa azar berýärsiň?» diýen sesi eşitdi. 5– 6Ol: «Agam, sen kim?» diýip sorady. Oňa: «Men seniň azar berýän Isaň. ▼▼Käbir golýazmalarda «Çişe depmek saňa kyndyr». Şawul titräp, aljyrap: «Ýa Reb, meniň näme etmegimi isleýärsiň?» diýip sorady diýen sözler hem bar.
Indi tur-da, şähere git, näme etmelidigiň saňa şol ýerde aýdylar» diýdi. 7Şawul bilen barýan adamlar duran ýerlerinde doňup galdylar. Olar sesi eşitseler-de, hiç kimi görmeýärdiler. 8Ýerinden turup, Şawul gözüni açanda, hiç zat görüp bilmedi. Ony elinden tutup, Damaska idip getirdiler. 9Üç günläp onuň gözleri görmedi, şol wagtyň dowamynda ol hiç zat iýip-içmedi. 10Damaskda Isanyň Hanany atly bir şägirdi bardy. Reb Isa oňa görnüp: «Eý, Hanany!» diýdi. Ol hem: «Lepbeý, Rebbim!» diýip jogap berdi. 11Reb Isa oňa şeýle diýdi: «Tur, Dogry atly köçä bar-da, Ýudasyň öýünden tarsusly Şawul diýen adamy sora. Häzir ol doga-dileg edýär. 12Şawula bir görnüş aýan boldy. Görnüşde ol ýanyna Hanany diýen bir adamyň gelip, gözleriniň açylmagy üçin, üstüne ellerini goýandygyny gördi». 13Hanany şeýle jogap berdi: «Ýa Rebbim Isa! Men köp kişilerden bu adamyň Iýerusalimde Seniň saýlap-seçenleriňe eden ençeme ýamanlyklary barada eşitdim. 14Seniň yzyňa eýeren her bir adamy tussag etmäge onuň bu ýerde-de ýolbaşçy ruhanylardan ygtyýar haty bar». 15Reb Isa oňa: «Bar, ýola düş! Bu adam Meniň saýlan guralymdyr. Ol keseki milletleriň, patyşalaryň we ysraýyl halkynyň öňünde Meniň adymy meşhur eder. 16Meniň adym ugrunda nähili azap çekmelidigini Men oňa görkezerin» diýdi. 17Şeýlelikde, Hanany baryp, şol öýe girdi, ellerini Şawulyň üstünde goýup: «Şawul dogan! Gözleriň ýene açylyp, Mukaddes Ruhdan dolmagyň üçin, meni bu ýere gelýärkäň, saňa görnen Rebbimiz Isa iberdi» diýdi. 18Şol pursatda gözlerinden perde syrylan dek, Şawulyň gözleri açyldy. Ol ýerinden turup, Isanyň ady bilen suwa çümdürildi. 19Soňra naharlanyp, gaýtadan kuwwatlandy. Şawul Damaskda wagyz edýär
Şawul birnäçe günläp Damaskda şägirtleriň ýanynda galdy. 20Ol dessine sinagogalara baryp, Isanyň Hudaýyň Ogludygy ▼▼Hudaýyň Ogly – Köne Ähtde bu at patyşalar üçin ulanylýardy. Täze Ähtde bolsa bu at Hudaý tarapyndan saýlanyp-seçilen diýmegi aňladýar. Sözlüge seret.
barada wagyz etmäge başlady. 21Muny eşidenleriň bary geň galyp: «Bu adam Iýerusalimde Isanyň yzyna eýerenlere azar beren adam dälmi? Ol bu ýere hem olaryň el-aýagyny daňyp, ýolbaşçy ruhanylaryň ýanyna äkitmäge gelmänmidi näme?!» diýişýärdiler. 22Şawulyň erk-ygtyýary bolsa gün-günden güýçlenýärdi. Ol Isanyň Mesihdigini subut etmek bilen, Damaskda ýaşaýan ýahudylaryň başyny çaşyrdy. 23Ençeme günden soň, ýahudylar ony öldürmegiň maslahatyny etdiler. 24Ýöne olaryň dildüwşügi Şawula belli boldy. Olar ony öldürmek üçin gije-gündiz şäher derwezelerini garawullaýardylar. 25Şägirtler bolsa gijäniň bir wagty ony sebediň içine salyp, şäheriň diwaryndan sallap düşürdiler. Şawul Iýerusalimde wagyz edýär
26Şawul Iýerusalime gelip, şägirtlere goşulmaga synanyşdy, emma şägirtleriň hemmesi ondan gorkýardy. Şawulyň Isanyň şägirdidigine ynanmadylar. 27Onsoň Barnap Şawuly alyp, resullaryň ýanyna getirdi. Ol Şawulyň ýolda Rebbi görendigini, Rebbiň onuň bilen gepleşendigini, Damaskda Isanyň ady bilen hiç bir gorkusyz wagyz edendigini olara gürrüň berdi. 28Şeýlelikde, Şawul olaryň ýanynda galdy we Iýerusalimiň ähli ýerinde Isanyň ady bilen batyrgaý wagyz etdi. 29Ol grekçe gepleýän ýahudylar bilen söhbet edip, olar bilen jedelleşýärdi. Onsoň olar Şawuly öldürmegiň kastyna çykdylar. 30Doganlar muny bilenlerinde, ony Kaýsariýa getirip, Tarsusa tarap ýola saldylar. 31Bütin Ýahudyýadaky, Jeliledäki we Samariýadaky ýygnaklarda parahatlyk höküm sürüp, imanlylar barha güýçlenýärdi. Olar Rebden gorkup, Mukaddes Ruhuň ýardamy bilen günsaýyn köpelýärdi.Eneý we Dorkas
32Ähli ýerlere aýlanyp ýören Petrus Lidadaky imanlylary hem görmäge geldi. 33Ol ýerde Petrus Eneý atly bir adama sataşdy. Eneý sekiz ýyl bäri düşekde ysmaz bolup ýatyrdy. 34Petrus oňa: «Eneý, Isa Mesih saňa şypa berýär. Ýeriňden tur-da, ýorgan-düşegiňi ýygna!» diýdi. Ol hem şobada ýerinden turdy. 35Lidada we Şaron düzlüginde ýaşaýanlaryň hemmesi Eneýi görüp, Rebbi iman etdiler. 36Ýafoda Tawita atly bir zenan şägirt bardy. Onuň grekçe ady Dorkasdy ▼▼Tawita… Dorkas – Tawita arameýçe, Dorkas grekçe bolup, bularyň ikisi hem jeren diýmegi aňladýar.
. Munuň eden ýagşy işleri, beren sadakalary gaty köpdi. 37Şol günlerde ol keselläp, aradan çykdy. Onuň jesedini ýuwup, ýokarky gatdaky otagda goýdular. 38Lida şäheri Ýafo şäherine golaýdy. Şägirtler Petrusyň Lidadadygyny eşidip, onuň ýanyna iki adamy ýolladylar we: «Gijikdirmän, biziň ýanymyza gel» diýip haýyş etdiler. 39Petrus turup, olar bilen gitdi. Ol öýe gelende, ony ýokary gatdaky otaga çykardylar. Ähli dul aýallar Petrusyň ýanyna ýygnanyp, Tawita dirikä özlerine tiken ähli donlarydyr köýneklerini görkezip aglaşdylar. 40Petrus hemmäni daşary çykardy we dyza çöküp, Hudaýa doga etdi. Soňra ol jesede tarap öwrülip: «Tawita, tur!» diýdi. Aýal gözlerini açdy, Petrusy görüp, dik oturdy. 41Petrus elini uzadyp, oňa turmaga kömek etdi. Onsoň imanly dul aýallary we beýleki imanlylary çagyryp, ýaňky aýaly olara diri tabşyrdy. 42Bu habar bütin Ýafo ýaýrap, köp adam Reb Isa iman etdi. 43Petrus ençeme günläp Ýafoda, Simun atly bir deri eýleýjiniňkide galdy.
Copyright information for
TukLat16