Acts 11
Petrus bolan wakalar barada gürrüň berýär
1 Resullar we ýahudyýaly doganlar keseki milletleriň-de Hudaýyň Hoş Habaryny kabul edendiklerini eşitdiler. 2Petrus Iýerusalime gelende, ýahudy imanlylar onuň bilen dawalaşyp: 3«Sen sünnetsiz adamlaryňka myhman bolupsyň, olar bilen bile naharlanypsyň» diýdiler. 4Şonda Petrus başyndan geçen wakany jikme-jik gürrüň bermäge başlady: 5«Ýafo şäherinde Hudaýa doga edip otyrkam, maňa bir görnüş aýan boldy. Men ýanyma uly saçaga meňzeş bir zadyň dört burçundan asylyp, gökden ýere inenini gördüm. 6Onuň içine dykgat bilen seredip synlanymda, öý haýwanlaryndan başlap, ýabany hem süýreniji haýwanlardyr guşlary gördüm. 7Soňra bir sesiň maňa: „Petrus, tur, damaklaryny çal-da, iý!“diýenini eşitdim. 8Men: „Ýok, ýa Reb, asla beýtmerin! Men hiç haçan haram zatlary agzyma degren däldirin“diýdim. 9Emma gökden gelen ses ikinji gezek maňa: „Hudaýyň halal diýen zatlaryna haram diýmegin!“diýdi. 10Bu üç gezek gaýtalanyp, hemmesi ýene ýokary göge alyndy. 11Ine, şol wagt Kaýsariýadan iberilen üç adam meniň bolýan öýümiň öňüne gelip durdular. 12Onsoň Mukaddes Ruh maňa ikirjiňlenmän, olar bilen gitmelidigimi aýtdy. Ýanymdaky bu alty dogan hem meniň bilen bile gitdi, biz ol adamyň öýüne bardyk. 13Ol adam hem bize öýünde özüne görnen perişde barada gürrüň berdi. Perişde oňa: „Ýafo adam ýolla-da, Petrus lakamly Simuny getirt. 14Onuň saňa aýtjak habary arkaly özüň we tutuş öý-içeriň halas bolar“diýipdir. 15Men söze başlanymda, Mukaddes Ruh öň biziň üstümize inişi ýaly, olaryň üstüne hem indi. 16Şonda Rebbimiz Isanyň: „Ýahýa suwa çümdürdi, emma siz Mukaddes Ruha çümdürilersiňiz“diýen sözi ýadyma düşdi. 17Şeýlelikde, Rebbimiz Isa Mesihe iman edenimizde, Hudaý bize beren peşgeşini olara hem beren bolsa, Hudaýa garşy durar ýaly, men kim bolupdyryn?» 18Doganlar bu sözleri eşidenlerinden soňra köşeşdiler. Hudaýy şöhratlandyryp: «Hudaý hatda keseki milletlere-de toba edip, baky ýaşaýşa gowuşmaklygy beripdir» diýişdiler.Antiýohdaky imanlylar
19Stefan öldürilenden soň başlanan yzarlanmalar zerarly imanlylar Finikiýa, Kipre we Antiýoha çenli dargadylar. Olar Hoş Habary ýahudylardan başga hiç kime wagyz etmeýärdiler. 20Olaryň arasynda Kiprden we Kirineýden Antiýoha gelen käbir imanlylar bardy. Olar Reb Isa baradaky Hoş Habary ol ýerdäki başga milletlere-de wagyz etdiler. 21Olarda Rebbiň gudraty bardy, şonuň üçin köp adamlar imana gelip, Rebbi kabul etdiler. 22Bu hakdaky habarlar Iýerusalimdäki ýygnaga baryp ýetdi. Olar Barnaby Antiýoha ýolladylar. 23Barnap gelende, Hudaýyň merhemetiniň subutnamasyny görüp şat boldy. Ol Rebbe çyn ýürekden sadyk bolmagy hemmelere ündedi. 24Onuň Mukaddes Ruhdan we imandan doly bir ýagşyzada adamdygy üçin, juda köp adam Rebbe iman etdi. 25Onsoň Barnap Şawuly gözläp, Tarsusa gitdi. 26Ony tapyp, Antiýoha getirdi. Şeýdip, Barnap bilen Şawul bir ýyllap ol ýerdäki ýygnaklary bir ýere toplap, köp adamlara taglymat öwretdiler. Şägirtlere ilkinji gezek Antiýoh şäherinde «mesihiler» diýlip at berildi. 27Şol günlerde Iýerusalimden Antiýoha birnäçe pygamberler geldiler. 28Olardan biriniň ady Agapdy. Ol ýerinden turup, Rim imperiýasynda ýowuz açlygyň boljakdygy barada Mukaddes Ruh arkaly welilik etdi. Bu açlyk imperator Klawdiniň dolandyrýan döwründe bolup geçdi. 29Şonda şägirtleriň ählisi güýçleriniň ýetdiginden ýahudyýaly doganlara goldaw üçin pul ýollamagy karar etdiler. 30Olar şeýle hem etdiler, puly Barnap we Şawul arkaly ýygnak ýolbaşçylaryna iberdiler.
Copyright information for
TukLat16