‏ Acts 15

Iýerusalimdäki maslahat

1 Ýahudyýadan birnäçe adam Antiýoha gelip, doganlara: «Musanyň adaty boýunça sünnetlenmeseňiz, halas bolup bilmersiňiz» diýip öwredýärdiler. 2Pawlus bilen Barnap bu adamlar bilen köp çekeleşip jedelleşdiler. Onsoň bu meseläni çözmek üçin, beýleki doganlaryň birnäçesi bilen birlikde, Pawlus bilen Barnap Iýerusalimdäki resullaryň, ýolbaşçylaryň ýanyna gitmeli diýen karara gelindi. 3Imanlylar ýygnagy olary ýola salyp ugratdy. Olar Finikiýanyň we Samariýanyň içinden geçip, keseki milletleriň-de Hudaýy kabul edendikleri barada gürrüň berdiler. Bu habar hemme imanlylara uly şatlyk getirdi. 4Iýerusalime gelenlerinde bolsa, resullardyr ýolbaşçylar we tutuş ýygnak olary gyzgyn garşylady. Pawlus bilen Barnap Hudaýyň özleri arkaly bitiren ähli işlerini ýygnananlara gürrüň berdiler. 5Emma fariseýler toparyndan iman edenleriň käbiri aýaga galyp: «Keseki milletlerden bolanlary sünnetlemeli we olara Musanyň kanunyny berjaý etmegi tabşyrmaly» diýdiler. 6Onsoň resullar we ýolbaşçylar bu mesele barada maslahatlaşmaga ýygnandylar. 7Ýygnakda gürrüň uzaga çekensoň, Petrus ýerinden turup, olara şeýle diýdi: «Doganlar! Özüňiz bilýänsiňiz, keseki milletlere Hoş Habary wagyz etmegim üçin, ençeme wagt mundan öň Hudaý araňyzdan meni saýlady. Ol muny milletleriň Hoş Habary eşidip, iman etmegi üçin şeýle etdi. 8Her bir ynsanyň ýüregini bilýän Hudaý bize beren Mukaddes Ruhuny keseki milletlere hem berdi. Şu arkaly olary kabul edendigini tassyklady. 9Hudaý olaryň imany arkaly ýüreklerini päkledi. Şeýdip, Hudaý biziň bilen keseki milletleriň arasyndaky parhy ýok etdi. 10Beýle bolsa, näme üçin ata-babalarymyzyň we özümiziň göterip bilmedik boýuntyrygymyzy şägirtleriň boýnuna salýaňyz? Hudaýy synajak bolýarsyňyzmy? 11Ýok! Biz özümiziň hem, olaryň hem Rebbimiz Isanyň merhemeti bilen halas bolýandygymyza ynanýarys».

12Onsoň hemmeler dymyp, Pawlus bilen Barnaby diňlediler. Olar Hudaýyň özleri arkaly keseki milletlere görkezen beýik alamatlaryny we mugjyzalaryny gürrüň berdiler. 13Olar gürrüňlerini gutarandan soň, Ýakup söze başlap, şeýle diýdi: «Doganlar, maňa gulak asyň! 14Ine, Simun
Simun – bu Petrusyň beýleki ady.
bize Hudaýyň ilki bilen keseki milletlere nähili nazar salandygyny we olaryň arasyndan Özüne bir halk saýlap alandygyny düşündirip berdi.
15Pygamberleriň sözleri-de bu aýdylanlar bilen gabat gelýär. Ine, onda şeýle ýazylan: 16 b„Mundan soň Men dolanyp gelip,
Dawudyň ýykylan çadyryny dikelderin.
Weýran bolan ýerlerini oňaryp,
ony täzeden bina ederin.
17Şeýdip, aman galanlar Rebbi agtarsyn,
Maňa degişli ähli milletler Rebbi gözlesin.
Muny bu zatlary edýän Reb aýdýandyr,
18bular gadymdan mälimdir“.

19Şonuň hem Hudaýy kabul edýän keseki milletlere kynçylyk döretmeli däl diýen karara geldim. 20Gaýtam, olara hat ýazyp, şeýle diýeliň: „Butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň“. 21Çünki Musanyň kanuny gadym döwürden bäri her bir şäherde wagyz edilýär, her Sabat güni sinagogalarda okalýar».

Keseki milletlerden bolan imanlylara hat

22Soňra resullar we ýygnagyň ýolbaşçylary tutuş imanlylar ýygnagy bilen birlikde birnäçe adamy saýlap, olary Pawlus hem-de Barnap bilen Antiýoha ibermek kararyna geldiler. Olar iki adamy: Barsaba lakamly Ýudasy we Silasy saýladylar, olaryň ikisi-de doganlaryň arasynda ýolbaşçydylar. 23Ellerine şu haty berip, olary ugratdylar: «Siziň doganlaryňyz bolan biz resullar we ýolbaşçylar Antiýohda, Siriýada, Kilikiýada ýaşaýan ýahudy däl imanly doganlara salam ýollaýarys. 24Biziň eşidişimize görä, aramyzdan käbirleri baryp, öz sözleri bilen sizi howsala salyp, aňyňyzy bulaşdyrypdyrlar. Emma olary biz ibermedik. 25Şonuň üçin hem aramyzdan birnäçe adamy saýlap, olary eziz dostlarymyz Barnap we Pawlus bilen bile siziň ýanyňyza ýollamagy bir agyzdan karar etdik. 26Bular Rebbimiz Isa Mesihe gulluk etmek üçin janyny orta goýan adamlardyr. 27Şeýlelikde, biz Ýudas bilen Silasy ýollaýarys, olar biziň ýazanlarymyzy dil üsti bilen tassyklarlar. 28Biz Mukaddes Ruhuň ýolbaşçylygynda şu wajyp talaplardan başga hiç bir zady siziň üstüňize ýüklemezligi makul gördük: 29butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň.
Käbir golýazmalarda Özüňize edilmegini islemeýän zatlaryňyzy başgalara etmäň diýen jümle hem bar.
Şulardan saklansaňyz, ýagşy iş edersiňiz. Hoş, sag-salamat boluň».

30Şeýlelikde, olar ýola düşdüler. Antiýoha gelip, imanlylary üýşürdiler-de, haty gowşurdylar. 31Imanlylar hatdaky ruhlandyryjy habary okap, şat boldular. 32Ýudas bilen Silas pygamberdiler. Olar doganlara köp öwüt-nesihat edip, olaryň imanyny berkitdiler. 33Birnäçe wagt ol ýerde bolanlaryndan soňra, doganlar olary resullaryň ýanyna sag-salamat ugradyp goýberdiler.
Käbir golýazmalarda 34‑nji aýat duş gelýär: Emma Silas ol ýerde galmagy makul bildi.
34 35Pawlus we Barnap hem Antiýohda galdylar. Olar başgalar bilen birlikde halka sapak öwredip, Reb Isa hakyndaky Hoş Habary wagyz etdiler.

Pawlus bilen Barnap biri-birlerinden aýrylýarlar

36Birnäçe günden soň Pawlus Barnaba: «Indi Rebbiň Hoş Habaryny wagyz eden şäherlerimize dolanyp baraly, ol ýerdäki doganlarymyzy görüp, hal-ýagdaýlaryny soraly» diýdi. 37Mark diýlip atlandyrylýan Ýohannany-da Barnap özleri bilen äkitmek isleýärdi. 38Emma Pawlus özlerini Pamfiliýada terk edip, Hudaýyň hyzmatyny ahyryna çenli bile dowam etmedik Marky äkitmegi makul bilmedi. 39Şeýlelikde, aralarynda agzalalyk döräp, olar biri-birlerinden aýryldylar. Barnap ýanyna Marky alyp, gämi bilen Kipre gitdi. 40Pawlus bolsa Silasy saýlady, imanlylar olary Rebbiň merhemetine tabşyranlaryndan soňra, olar ýola düşdüler. 41Olar Siriýa, Kilikiýa aýlanyp, ýygnaklary berkitdiler.
Copyright information for TukLat16