Acts 23
Pawlus ýokary mejlisiň öňünde
1Pawlus ýokary mejlise dykgat bilen seredip: «Eý, doganlar! Men şu güne çenli Hudaýyň öňünde arassa wyždan bilen ýaşadym» diýdi. 2Baş ruhany Hanany Pawlusyň ýanynda duranlara onuň agzyna urmagy buýurdy. 3Pawlus oňa: «Seni Hudaý urar, eý, ýüzi aklanan diwar! Özüň-ä meniň üstümden kanuna görä höküm çykarmak üçin otyrsyň, soňam bolsa kanuny bozup, meni urmagy buýurýarsyň» diýdi. 4Pawlusyň ýanynda duranlar ondan: «Sen näme üçin Hudaýyň baş ruhanysyna dil ýetirýärsiň?» diýip soradylar. 5 aPawlus: «Doganlar, onuň baş ruhanydygyny bilmändirin. Ýogsam Mukaddes Ýazgylarda hem: „Öz halkyňyň ýolbaşçysyny näletleme“diýip ýazylan» diýdi. 6Pawlus olaryň bir böleginiň saddukeýler, beýleki böleginiň-de fariseýlerdigini bilip: «Eý, doganlar, men fariseý, fariseýiň ogludyryn. Men ölüleriň direlýändigine umyt baglaýandygym üçin höküm edilýärin!» diýip, mejlisde batly gygyrdy. 7Pawlusyň bu sözünden soňra fariseýler bilen saddukeýleriň arasyna agzalalyk düşüp, ýygnanan mähelle ikä bölündi. 8(Saddukeýler direliş-de, perişde-de, ruh-da ýok diýýärdiler, fariseýler bolsa bularyň hemmesine ynanýardylar.) 9Şeýlelikde, uly galmagal turdy. Fariseýleriň tarapyny tutýan käbir Töwrat mugallymlary ýerinden turup, uly dawa turuzdylar. Olar: «Biz bu adamda hiç hili aýyp tapmadyk. Onuň bilen bir ruh ýa perişde gepleşen bolsa näbilýäňiz?» diýdiler. 10Dawa-jenjel şeýle bir gyzdy welin, müňbaşy olaryň Pawlusy parçalamaklaryndan heder edip, esgerlere gelip, ony olaryň arasyndan süýräp çykaryp, gala äkitmegi buýurdy. 11Şol gije Reb Isa Pawlusa görnüp, oňa: «Mert bol! Sen Men hakda Iýerusalimde nähili şaýatlyk eden bolsaň, Rimde-de şeýle şaýatlyk etmelisiň» diýdi.Pawlusa kast etmek barada dildüwşük
12Ertesi gün ýahudylar biri-birleri bilen dil birikdirip, Pawlusy öldürýänçäler, iýip-içmezlige kasam etdiler. 13Bu dildüwşüge gatnaşanlaryň sany kyrkdan hem köpdi. 14Olar ýolbaşçy ruhanylaryň we ýaşulularyň ýanyna gelip: «Biz Pawlusy öldürýänçäk, hiç zat iýip-içmezligi berk kasam etdik. 15Şeýlelikde, siz ýokary mejlis bilen bilelikde müňbaşydan Pawlusy yzyna getirmegi haýyş ediň. Ol hakdaky maglumatlary doly öwrenmek isleýäris diýen boluň. Pawlus bu ýere gelip ýetmänkä, biz ony ýolda öldürmäge taýyn» diýdiler. 16Emma Pawlusyň ýegeni olaryň dildüwşük guranyny eşidip, gala bardy-da, muny Pawlusa habar berdi. 17Pawlus hem ýüzbaşylaryň birini ýanyna çagyryp: «Bu ýigidi müňbaşynyň ýanyna elt, oňa bir zat barada habar bermekçi» diýdi. 18Onsoň ýüzbaşy ony alyp, müňbaşynyň ýanyna getirdi. Oňa: «Tussag Pawlus meni çagyryp, şu ýigidi seniň ýanyňa getirmegimi haýyş etdi. Onuň saňa aýtjak zady bar eken» diýdi. 19Müňbaşy ýigidi goltuklap, bir gyra çekdi-de, ondan: «Sen maňa näme hakda habar bermekçi?» diýip sorady. 20Ol şeýle jogap berdi: «Ýahudylar we ýokary mejlis bilelikde Pawlus hakdaky maglumatlary doly öwrenmek bahanasy bilen, ony ertir mejlise getirmegi senden haýyş etmek üçin dilleşdiler. 21Emma sen olaryň sözüne gulak asma, sebäbi kyrkdan gowrak adam gizlenip, Pawlusa bukuda garaşýar. Olar Pawlusy öldürýänçäk, iýip-içmeris diýip kasam etdiler. Şu wagt olar taýýar bolup, seniň razyçylygyňa garaşýarlar». 22Müňbaşy ol ýigidi ugradyp: «Muny maňa habar bereniňi hiç kime aýtmagyn» diýip tabşyrdy.Pawlus Kaýsariýa iberilýär
23Onsoň müňbaşy ýüzbaşylaryndan ikisini ýanyna çagyryp: «Agşam sagat dokuzda Kaýsariýa gitmek üçin, iki ýüz sany pyýada, ýetmiş sany atly esgeri we iki ýüz naýzaçy taýynlaň. 24Pawlusy hem ata mündürip äkidip, sag-aman häkim Feliksiň ýanyna alyp baryň» diýip tabşyryk berdi. 25Soňra müňbaşy şeýle mazmunly hat ýazdy: 26«Çuňňur hormatlanýan häkim Felikse Klawdiý Lisiýasdan dogaýy salam! 27Ýahudylar bu adamy tutup öldürjek bolup durkalar, men onuň rimlidigini bilip, esgerlerim bilen ýetişip, ony halas etdim. 28Onuň näme aýybynyň bardygyny bilmek üçin, ony ýahudylaryň ýokary mejlisine alyp geldim. 29Men ony özleriniň dini kanuny bilen bagly meselelerde aýyplaýandyklaryny bildim, emma onda ölüme ýa-da tussag etmäge laýyk hiç hili esas ýokdur. 30Bu adama kast ediljek bolýandygy baradaky habary alanymda bolsa, ony şobada seniň ýanyňa ibermegi karar etdim. Ony aýyplaýanlara-da öz şikaýatlaryny saňa mälim etmeklerini buýurdym». 31Esgerler özlerine buýrulyşy ýaly, Pawlusy alyp, gije Antipatrise getirdiler. 32Ertesi gün atly esgerler Pawlus bilen bile ýollaryny dowam etdirdiler, beýlekiler bolsa gala dolandylar. 33Atlylar Kaýsariýa gelenlerinde, haty häkime gowşuryp, Pawlusy-da onuň eline tabşyrdylar. 34Häkim haty okap, Pawlusyň haýsy welaýatdandygyny sorady. Pawlusyň Kilikiýadandygyny bilende bolsa: 35«Seni aýyplaýjylar gelensoň diňlärin» diýdi. Soňra Pawlusyň Hirodyň köşgünde gözegçilik astynda saklanmalydygy barada buýruk berdi.
Copyright information for
TukLat16