Acts 24
Pawlus Feliks häkimiň öňünde
1Bäş günden soň baş ruhany Hanany birnäçe ýaşulular we Tertul atly garalawjy bilen Kaýsariýa geldi. Olar Pawlusa garşy şikaýatlaryny häkime ýetirmekçidiler 2– 3Pawlusy çagyryp getirenlerinde, Tertul ony aýyplamaga başlady: «Belent mertebeli Feliks! Seniň saýaňda biz ençeme wagtdan bäri parahatçylykda ýaşaýarys. Uzakdan görüjiligiň bilen halkymyz üçin uly özgertmeleri amala aşyrdyň. Biz muny hemme ýerde we hemişe çuňňur minnetdarlyk bilen tassyklaýarys. 4Men seniň köp wagtyňy almakçy däl, öz mähremligiň bilen biziň gysga habarymyza gulak asmagyňy haýyş edýärin. 5Biz bu adamyň dünýädäki ähli ýahudylaryň arasynda gozgalaň turuzýan bir pitneçidigine göz ýetirdik we ol Nasyra toparynyň baştutany. 6– 7– 8Ol hatda ybadathanany-da harama çykarmaga synanyşdy. ▼▼Käbir golýazmalarda Biz ony öz kanunymyz boýunça höküm etmekçidik, 7 emma müňbaşy Lisiýas gelip, güýç bilen ony elimizden aldy. 8 Ony aýyplaýanlara seniň huzuryňa gelmegi buýurdy diýen sözler hem bar.
Seniň özüň hem bu adamy soraga çekip, biziň ony nämede aýyplaýandygymyzy onuň özünden anyklap bilersiň». 9Ol ýerdäki ýahudylar hem aýdylanlaryň dogrudygyny tassyklamak bilen bu aýyplamalara goşuldylar. 10Häkim Pawlusa gepläber diýip yşarat edenden soň, ol söze başlady: «Seniň köp ýyllardan bäri bu milletiň üstünden kazylyk edýändigiňi bilýärin. Şonuň üçin özümi seniň huzuryňda goraýandygyma juda begenýärin. 11Hudaýa sežde etmek üçin Iýerusalime baranyma on iki günden köp bolmandygyny özüň hem anyklap bilersiň. 12Bu adamlardan hiç biri meniň ybadathanada biri bilen jedelleşenimi, sinagogalarda ýa bolmasa şäherde halky aýaga galdyranymy gören däldir. 13Olar maňa ýöňkeýän aýyplaryny saňa subut edip bilmezler. 14Emma saňa şuny ykrar etmek bilen olaryň „galp taglymat“diýip atlandyrýan „Isanyň Ýoly“toparyna degişlidigimi mälim edýärin. Men ata-babalarymyzyň Hudaýyna sežde edýärin. Töwratda we pygamberleriň ýazgylarynda ýazylan her bir söze ynanýaryn. 15Edil bu adamlar ýaly, men hem dogrularyň-da, dogry dälleriň-de ölümden direljekdigine Hudaýa umyt baglaýaryn. 16Şonuň üçin hem Hudaýyň we ynsanlaryň öňünde wyždanymy hemişe päk saklamaga çalyşýaryn. 17Meniň Iýerusalimde bolmanyma ençeme ýyl boldy, indi bolsa halkymyň garyplaryna sadaka bermek üçin ol ýere geldim. 18Bu zatlar bilen meşgullanýarkam, olar meni ybadathanada gördüler. Men tämizleniş dessuryny berjaý edýärdim, ýanymda hiç hili mähelle-de, gozgalaň-da ýokdy. 19Emma ol ýerde Aziýa welaýatyndan gelen käbir ýahudylar bardy. Olaryň maňa garşy şikaýatlary bar bolsa, olaryň özleriniň şu ýere gelip, meni seniň huzuryňda aýyplamaklary gerekdir. 20Ýa-da bu ýerdäkiler ýokary mejlisiň öňünde duranymda, menden näme jenaýat tapandyklaryny, goý, aýtsynlar. 21Olaryň öňünde durup, belent ses bilen: „Ölüler direlýär diýenim üçin bu gün siziň öňüňizde höküm edilýärin“diýdim. Mundan başga meniň näme aýybym bar?» 22«Isanyň Ýoly» atly topar dogrusynda has takyk maglumaty bolan Feliks işi soňa goýup: «Dawaňyz hakda müňbaşy Lisiýas gelenden soň karar çykararyn» diýdi. 23Feliks ol ýerdäki ýüzbaşa Pawlusy göz astynda saklamagy, emma oňa biraz erkinlik bermegi, onuň mätäçliklerine goldaw bermek isleýän dostlaryna rugsat etmegi buýurdy. 24Birnäçe günden soň bolsa, Feliks öz ýahudy aýaly Drusilla bilen geldi-de, Pawlusy çagyrtdy we Isa Mesihe bolan iman hakdaky onuň gürrüňlerini diňledi. 25Pawlus dogrulyk, özerklilik hem geljek höküm hakda söhbet edende, Feliks gorkup: «Boldy, häzirlikçe git, amatly pursat gelende, ýene seni çagyrdaryn» diýdi. 26Şeýle hem, Feliks Pawlusdan para tama edip, ony ýygy-ýygydan çagyrdyp, onuň bilen söhbet edýärdi. 27Aradan iki ýyl geçenden soň, Feliksiň ýerine Porkiý Festus häkim boldy. Feliks ýahudylaryň göwnüni awlamak üçin, Pawlusy tussaglykda goýup gitdi.
Copyright information for
TukLat16