Acts 27
Pawlus gämili Rime äkidilýär
1Bizi deňiz arkaly Italiýa ibermegi karar etdiler. Şonda Pawlus bilen ýene-de birnäçe tussagy Imperiýa goşunyndaky Ýuliý diýen ýüzbaşa tabşyrdylar. 2Biziň hemmämiz Adramit şäherinden gelen gämä münüp, Aziýa welaýatynyň kenaryna tarap ýola düşdük. Ýanymyzda Salonikiden gelen makedoniýaly Aristarh hem bardy. 3Ertesi gün Sidon şäherine gelip ýetdik. Ýuliý Pawlus bilen mylakatly boldy, şonuň üçin oňa dostlarynyň ýanyna barmaga we gerekli zatlaryny almaga rugsat berdi. 4Ol ýerden ýene deňziň üsti bilen gitdik. Şemalyň garşymyzdandygy sebäpli Kipr adasynyň demirgazyk tarapyndan, ony penalap, ýüzüp geçdik. 5Kilikiýa we Pamfiliýanyň garşysyndaky deňizden geçip, Likiýanyň Mira şäherine geldik. 6Ýüzbaşy şol ýerde Isgenderiýadan gelip, Italiýa gitjek bolup duran gämini tapdy we bizi oňa mündürdi. 7Biz ençeme günläp haýal ýüzüp, kynçylyk baryny görüp, Knidos şäherine ýetdik. Şemalyň bize garşy öwüsýändigi üçin, Salmon ýarym adasynyň ýanyndan geçip, Krit adasyny penalap, ýüzüp gitdik. 8Kenara golaý ýüzüp, uly kynçylyk bilen Gözel duralgalar diýen ýere geldik. Bu ýer Laseýa şäherine golaý ýerleşýärdi. 9Biz köp wagtymyzy ýitirdik. Indi deňizde ýüzmek üçin howa örän howpludy, sebäbi güýz ahyrlap barýardy. Pawlus olara maslahat berip: 10«Jenaplar! Görýän welin, indi deňizde ýüzsek, diňe bir ýükümiz, gämimiz däl, eýsem janymyz hem howp astynda galar, agyr betbagtçylyga uçrarys» diýdi. 11Emma ýüzbaşy Pawlusyň maslahatyna gulak asman, gämi ýolbaşçysy bilen gämi eýesiniň gepine ynandy. 12Ýöne düşelgede gyşlamaga hiç hili şert bolmansoň, adamlaryň köpüsi, başartsa, bu ýerden Fenikse ýetip, gyşy ol ýerde geçirmegi karar etdiler. Feniks Krit adada ýerleşip, günorta-günbatar we demirgazyk-günbatar tarapdan öwüsýän şemallardan penady.Deňizdäki tupan
13Şeýlelikde, günorta şemaly ýuwaşja öwüsmäge başlanda, olar öz maksatlaryna ýetendiris öýtdüler. Şonuň üçin labyry çekdiler-de, Krit adanyň golaýy bilen ýola düşdüler. 14Emma köp wagt geçmänkä, ada tarapdan «Demirgazyk-gündogar» diýilýän güýçli ýel öwsüp, tupan turdy. 15Tupan gämä urlup, netijede, gämi şemalyň garşysyna ýüzüp bilmedi. Şundan soň özümizi tolkunlara tabşyryp, şemalyň ugruna ýüzdük. 16Biz Kawda diýen bir kiçijik adany penalap ötdük. Gäminiň kiçi gaýygyny zordan saklap galdyk. 17Deňizçiler gaýygy ýokary çekip aldylar we gämi pytrap gitmesin diýip, daşyndan tanap bilen berk bagladylar. Olar Sirtiň çägeli saýlaryna batmakdan gorkup, gäminiň tizligini peseltmek üçin ýelkeni aşak düşürdiler. Şeýdip, gämini şemalyň ugruna goýberdiler. 18Biz tupandan ýaňa ikiýana çaýkanýardyk. Ertesi gün gäminiň ýüküni zyňmaga başladylar. 19Üçülenji gün gäminiň artykmaç enjamlaryny-da öz elleri bilen deňze zyňdylar. 20Ençeme günläp ne Gün, ne ýyldyz göründi. Güýçli tupan sowulmansoň, halas bolmak umydymyzy bütinleý ýitirdik. 21Hiç kim uzak wagtlap hiç zat datmady. Şonda Pawlus gämidäkileriň ortasynda durup, şeýle diýdi: «Eý, adamlar! Meniň aýdanlaryma gulak asyp, Krit adadan gaýtmadyk bolsadyňyz, onda bu bela-betere sataşmazdyk. 22Indi size maslahatym şu: mert boluň! Hiç biriňiz heläk bolmarsyňyz, diňe gämi dargar. 23Sebäbi Özüne degişli bolup, gulluk edýän Hudaýym düýn gije bir perişdesini ýanyma iberdi. 24Ol: „Gorkma, Pawlus! Sen imperatoryň öňünde durmalysyň. Sen sebäpli gämide barýanlaryň hemmesini Hudaý aman saklar“diýdi. 25Şonuň üçin, adamlar, mert boluň, sebäbi men Hudaýa ynanýaryn, hemme zat özüme aýdylyşy ýaly bolar. 26Elbetde, ýel bizi bir ada eltip taşlar».Gämi batýar
27On dördünji güni gije biz Adriatik deňzinde her ýana kowlup ýörkäk, ýarygije töwerekleri deňizçiler gury ýeriň ýakynlaşýandygyny çakladylar. 28Çuňlugy ölçänlerinde, ýigrimi gulaç çykdy. Biraz soňrak ölçänlerinde, on bäş gulaç çykdy. 29Gaýalara baryp urlarys öýdüp gorkup, arka tarapdan dört labyr atdylar-da, basym daň atsyn diýip dileg etdiler. 30Deňizçiler gämiden gaçjak bolup, öň tarapdan labyr atmak bahanasy bilen, gaýygy deňze inderdiler. 31Emma Pawlus ýüzbaşy bilen esgerlere: «Bular gämide galmasalar, siz diri galyp bilmersiňiz» diýdi. 32Şeýlelikde, esgerler gaýygyň tanaplaryny kesip, ony aşak gaçyrdylar. 33Daň atyp barýarka, Pawlus hemmäni nahar iýmäge çagyrdy. Ol: «Siziň gaýgy-alada batyp, hiç zat iýmäniňize bu gün on dört gün boldy. 34Şonuň üçin sizden haýyş edýärin, naharlanyň. Bu siziň diri galmagyňyz üçin gerekdir. Hiç biriňiziň saçyňyzyň ýeke tary-da kemelmez» diýdi. 35Pawlus bu sözleri aýdyp, eline çörek aldy, hemmäniň öňünde Hudaýa şükür etdi-de, bölüp iýmäge başlady. 36Şeýlelikde, hemmeler ruhlanyp naharlandylar. 37Gämide biziň jemimiz iki ýüz ýetmiş alty adamdy. 38Nahardan doýanlaryndan soň, bugdaýy deňze taşlap, gämini ýeňletdiler. 39Gün doganda, ol ýeri tanamadylar. Emma kenarda çägelik bir aýlag görüp, başartsa, gämini şol ýere sürmeli diýen karara geldiler. 40Labyrlary kesip, deňze goýberen batlaryna, kürege daňlan tanaplary çözdüler-de, öňdäki ýelkeni şemala galdyryp, göni kenara tarap ýüzdüler. 41Emma gämi bir saý ýere düşüp, çägä batdy. Gäminiň burny çägä batyp, hiç tarapa gymyldap bilmedi, arka tarapy bolsa gomlaryň zoruna dargap başlady. 42Tussaglaryň hiç biri ýüzüp gaçmaz ýaly, esgerler olary öldürmekçi boldular. 43Emma ýüzbaşy Pawlusy halas etmek isläp, olary bu niýetlerinden dändirdi. Olara ýüzüp bilýänler gämiden özlerini öňürti zyňsynlar we ýüzüp çyksynlar, 44galanlary hem tagtalar ýa-da gäminiň döwükleri bilen çyksynlar diýip buýruk berdi. Şeýlelikde, ählisi sag-aman gury ýere çykdy.
Copyright information for
TukLat16