Acts 7
Stefan halka ýüzlenýär
1Onsoň baş ruhany Stefandan: «Bu aýyplamalar dogrumy?» diýip sorady. 2Stefan şeýle jogap berdi: «Eý, doganlar we atalar! Meniň sözlerime gulak asyň. Atamyz Ybraýym Haranda mesgen tutmanka, heniz Mesopotamiýadaka oňa şöhratly Hudaý göründi. 3 aHudaý oňa: „Öz ýurduňy, kowumdaşlaryňy taşla-da, Meniň saňa görkezjek ülkäme git“diýdi. 4Şeýlelikde, Ybraýym babyllylaryň ýurduny terk edip, Haranda ornaşdy. Kakasy aradan çykandan soň, Hudaý ony Harandan çykaryp, siziň häzirki oturan ýurduňyza göçürdi. 5Hudaý bu ýerden onuň özüne mülk bermedi, hatda bir garyş ýer-de bermedi. Emma heniz perzendi bolmasa-da, bu ýurdy onuň nesline mülk edip bermegi wada berdi. 6 bHudaý oňa: „Seniň nesliň ýat toprakda gelmişek hem gul bolup ýaşar, şol ýeriň halky olary dört ýüz ýyllap ezer. 7Emma Men seniň nesliňi gula öwren halkyň jezasyny bererin. Şondan soň olar ol ýerden çykyp, bu ýerde Maňa sežde ederler“diýdi. 8Soňra Hudaý Ybraýym bilen äht baglaşyp, bu ähtiň nyşany hökmünde sünneti berdi. Şeýlelikde, Ybraýymdan Yshak doguldy, Ybraýym ony sekiz günlükkä sünnet etdi. Yshakdan Ýakup doguldy, ol hem sünnet edildi. Ýakupdan hersi bir tiräni emele getiren on iki ogul dünýä indi, olar hem sünnet edildiler. 9Olar öz doganlary Ýusuba göripçilik edip, ony Müsüre satsalar-da, Hudaý Ýusuby ýeke galdyrmady. 10Ol Ýusuby ähli külpetlerden azat etdi. Hudaý oňa görlüp-eşidilmedik akyl-paýhas berip, ony Müsür patyşasy faraonyň huzurynda merhemet tapar ýaly etdi. Faraon ony Müsüriň we tutuş köşgüň baştutany edip belledi. 11Şol döwürde bütin Müsür we Kengan ýurdy açlyk çekdi, olaryň başyndan agyr gaýgy-hasrat indi. Ata-babalarymyz iýmit tapmadylar. 12 Ýakup Müsürde galla bardygyny eşidip, öz ogullaryny, ýagny biziň atalarymyzy birinji gezek ol ýere ýollady. 13Ikinji gezekde bolsa Ýusup doganlaryna özüni tanatdy. Şeýlelikde, faraon Ýusubyň maşgalasy barada bildi. 14Soňra Ýusup öz kakasyny we ähli dogan-garyndaşlaryny ýanyna çagyrdy. Olar jemi ýetmiş bäş adamdy. 15Ýakup Müsüre gitdi. Ýakup we onuň ogullary, ýagny ata-babalarymyz şol ýerde aradan çykdylar. 16Olaryň jesetlerini Şekeme äkidip, Ybraýymyň Şekemde Hamoryň neslinden satyn alan mazarynda jaýladylar. 17Hudaýyň Ybraýyma beren wadasynyň wagty golaýladygyça, halkymyzyň sany hem Müsürde barha köpelýärdi. 18Soňra Ýusup hakynda hiç zat bilmeýän başga bir patyşa tagta çykdy. 19Ol biziň halkymyza garşy hilegärlik etdi, ata-babalarymyzy ezip, täze doglan çagalaryny ölüme duçar etmek üçin daşary taşlamaga mejbur etdi. 20Şol wagt Musa eneden doguldy. Ol Hudaýyň nazarynda juda eýjejik çagady. Ene-atasy öýünde oňa üç aý seretdi. 21Emma ondan soň ony taşlamaga mejbur boldular. Taşlanan çagany faraonyň gyzy tapyp, özüne aldy we öz ogly ýaly terbiýeläp ýetişdirdi. 22Musa müsürlileriň ähli bilimi öwredildi. Ol sözde hem, işde hem beýik adam bolup ýetişdi. 23 Musa kyrk ýaşyna ýetende, öz ildeşleri bolan ysraýyl halkynyň arasyna görme-görşe gitmegi ýüregine düwdi. 24Müsürlilerden biriniň ysraýyl halkyndan birine azar berýändigini görende, Musa oňa arka durdy. Ol müsürlini öldürip, ysraýyllynyň aryny aldy. 25Musa: „Hudaý halkymy meniň üstüm bilen azat etmekçi, halkym muňa düşüner“diýip pikir etdi, emma olar muňa düşünmediler. 26Ertesi gün Musa iki ysraýylly adamyň dawalaşyp duranyny gördi we ýanlaryna baryp, olary ýaraşdyrmaga synanyşdy. Olara: „Eý, adamlar, siz dogan ahyry! Näme üçin biri-biriňize azar berýärsiňiz?“diýdi. 27Emma öz ildeşine azar berýän adam ony itekläp: „Kim seni bize hökümdar ýa-da kazy edip goýdy? 28Düýnki müsürlini öldürişiň ýaly, meni-de öldürmekçimiň?“diýdi. 29Musa bu gepi eşidenden soň, Midýan ýurduna gaçyp gitdi we ol ýerde gelmişek bolup ýaşady. Bu ýurtda onuň iki ogly dünýä indi. 30Aradan kyrk ýyl geçenden soň, Sinaý dagynyň golaýyndaky çölde ýanyp duran çalynyň ortarasynda oňa bir perişde göründi. 31Musa ony görüp haýran galdy. Ol bu geň hadysany ýakynrak baryp görmekçi bolanda, Reb oňa şeýle seslendi: 32 c„Men seniň ata-babalaryň Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn“. Musa gorkusyndan titräp başlady we seretmäge ýürek etmedi. 33Soňra Reb oňa: „Aýagyňdaky çarygyňy çykar, çünki seniň bu duran ýeriň mukaddes toprakdyr! 34Müsürde halkymyň çekýän jebir-sütemini gördüm, olaryň ahy-nalasyny eşitdim. Men olary azat etmek üçin aşak indim. Indi, gel, Men seni Müsüre ibereýin“diýdi. 35Ine, bu Musa: „Kim seni bize hökümdar ýa-da kazy edip goýdy?“diýip, halkyň inkär eden Musasydy. Hudaýyň Özi ony çalyda görnen perişdäniň üsti bilen hökümdar hem halasgär edip ýollady. 36Musa ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykdy. Ol Müsürde, Gyzyl deňizde we çölde kyrk ýyllap mugjyzalar, gudratlar hem alamatlar görkezdi. 37 dIne, ysraýyl halkyna: „Hudaý siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly bir pygamber çykarar“diýip aýdan hem şu Musadyr. 38Çölde ysraýyl halky bilen ýaşan hem şu Musadyr, Sinaý dagynda perişde bilen gepleşip, ata-babalarymyz bilen bile bolan hem şoldur. Ol ýaşaýyş sözlerini kabul edip, olary bize ýetirdi. 39Emma biziň ata-babalarymyz oňa boýun bolmakdan ýüz öwrüp, ony ret etdiler we Müsüre dolanmaga maýyl boldular. 40 eOlar Haruna: „Öňbaşçylyk eder ýaly, bize hudaýlar ýasap ber, sebäbi bizi Müsürden çykaryp getiren Musa näme bolanyny bilemzok“diýdiler. 41Şol wagt olar göläniň şekilinde but ýasap, oňa gurbanlyk berdiler. Olar öz elleriniň işlerine guwanyp, şadyhorram boldular. 42 fEmma Hudaý olardan ýüz öwrüp, asman jisimlerine sežde etsinler diýip, olary terk etdi. Pygamberler kitabynda, ine, şeýle ýazylan: „Eý, ysraýyl halky, kyrk ýyllap çölde gezeniňizde,Maňa gurbanlyklar we sadakalar hödürlediňizmi?
43Ýok, Molek hudaýyňyzyň çadyryny,
Repa hudaýyňyzyň ýyldyzyny,
sežde etmek üçin öz ýasan butlaryňyzy göterip gezdiňiz,
Şonuň üçin sizi Babylyň aňyrsyna sürgün ederin“.
44Ata-babalarymyzyň çölde äht çadyry bardy. Çadyr edil Hudaýyň Musa buýruşy ýaly, Onuň beren nusgasy boýunça gurlandy. 45Soňra bu çadyr nesilden-nesle geçip, ata-babalarymyza gowuşdy. Ýeşuwanyň ýolbaşçylygynda keseki milletleriň ýurduny eýelänlerinde, olar çadyry özleri bilen alyp gitdiler. Çadyr Dawut patyşanyň günlerine çenli şol ýerde galdy. 46Hudaýyň nazarynda merhemet tapan Dawut Ýakubyň Hudaýy üçin öý gurmaga rugsat sorady. 47Iň soňunda Hudaýa ybadathanany Süleýman gurdy. 48Emma Beýik Hudaý ynsan eli bilen gurlan jaýlarda ýaşamaýar. Pygamberiň aýdyşy ýaly, 49 gReb, olara, ine, şeýle diýdi: „Gökler Meniň tagtym,
ýer aýagyma kürsüdir.
Maňa nähili öý gurjaksyňyz siz?!
Haýsy ýer dynçlyk mekanym bolar?!
50Bularyň baryny Öz elim bilen ýaratmadymmy näme?“
51Eý, boýnuýogynlar, diňlemek islemeýän tekepbirler! Siz hem edil ata-babalaryňyz ýaly, Mukaddes Ruha hemişe garşy çykýarsyňyz. 52Ata-babalaryňyzyň, heý, azar bermedik pygamberi barmy? Olar hatda Dogry Bolanyň geljegini öňünden pygamberlik edip aýdanlary-da öldürdiler. Siz bolsa bu dogry Ynsana haýynlyk edip ganyna galdyňyz. 53Siz perişdeleriň üsti bilen Hudaýyň kanunyny alsaňyz-da, oňa tabyn bolmadyňyz».
Stefan daşlanyp öldürilýär
54Baş mejlisiň agzalary bu sözleri eşidenlerinde, gahar-gazaba münüp, Stefana dişlerini gyjadylar. 55Emma Mukaddes Ruhdan dolan Stefan asmana seredip, Hudaýyň şöhratyny, Hudaýyň sagynda duran Isany gördi. 56Stefan: «Serediň, men gökleriň açylanyny we Hudaýyň sagynda duran Ynsan Ogluny görýärin» diýdi. 57Şonda olar gulaklaryny ýapyp, hemmesi birden batly gygyryşyp, Stefanyň üstüne topuldylar. 58Ony şäherden daşary çykaryp daşladylar. Stefana garşy şaýatlar donlaryny çykaryp, Şawul atly bir ýigidiň aýagynyň astynda goýdular. 59Stefan öz üstüne ýagýan daşlaryň astynda Hudaýa doga edip: «Ýa Rebbim Isa! Meniň ruhumy kabul et!» diýdi. 60Onsoň ol dyza çöküp, batly gygyryp: «Ýa Reb! Bu günäni olara ýükleme!» diýdi. Şu sözleri aýdyp, ol jan berdi.
Copyright information for
TukLat16