Acts 8
Şawul imanlylary yzarlaýar
1Stefanyň öldürilmegini Şawul hem oňlady. Şol günden soň Iýerusalimdäki ýygnagy yzgytsyz yzarlamaga başladylar. Resullardan başga hemmeler Ýahudyýa we Samariýa sebitlerine dargadylar. 2Emma takwa adamlar Stefany jaýlap, onuň üçin çuňňur ýas tutdular. 3Şawul bolsa ýygnagy dargatmaga başlady. Ol öýme-öý aýlanyp, aýal-erkek diýmän, imanlylary süýräp, zyndana dykýardy.Filip Samariýada
4Çar ýana dargaşyp giden imanlylar Hudaýyň Hoş Habaryny ähli ýerde wagyz edýärdiler. 5Filip-de Samariýanyň bir şäherine baryp, olara Mesih barada wagyz etdi. 6Filipi diňläp, amala aşyran gudratlaryny gören mähelle onuň aýdanlaryna dykgat bilen gulak asdy. 7Köp adamlaryň içinden arwah-jynlar batly gygyryşyp çykýardylar, köp sanly ysmaz we oturalar şypa tapýardy. 8Şeýlelikde, ol şäherde uly şatlyk döredi.Simun jadygöý
9Ine, şol şäherde öň jadygöýlik bilen meşgullanyp, Samariýa halkyny haýran galdyran we özüni beýik adam diýip yglan eden Simun atly bir adam bardy. 10Uly-kiçi hemme ony üns berip diňlärdi we ol hakda: «Beýik gudrat diýip atlandyrylýan Hudaýyň gudraty, ine, şudur» diýýärdiler. 11Onuň jadygöýligi köpden bäri hemmäni haýrana goýýardy, şonuň üçin ony dykgat bilen diňlärdiler. 12Emma Filip Hudaýyň Şalygy we Isa Mesih baradaky Hoş Habary wagyz edende, adamlar oňa ynandylar. Aýal-erkek diýmän olaryň hemmesi Isanyň ady bilen suwa çümdürildi. 13Hatda Simun hem iman etdi, suwa çümdürilenden soň bolsa Filipiň ýanyndan aýrylmady. Ol Filipiň amala aşyrýan beýik mugjyzalaryny we gudratlaryny görüp, haýran galýardy. 14Resullar samariýalylaryň Hudaýyň Hoş Habaryny kabul edendigini Iýerusalimde eşidip, Petrus bilen Ýohannany olaryň ýanyna iberdiler. 15Petrus bilen Ýohanna ol ýere baryp, olaryň hem Mukaddes Ruhy almagy üçin doga-dileg etdiler. 16Sebäbi Mukaddes Ruh entek olaryň hiç biriniň üstüne inmändi, olar diňe Reb Isanyň ady bilen suwa çümdürilipdi. 17Soňra Petrus bilen Ýohanna ellerini olaryň üstüne goýdular we olar hem Mukaddes Ruhy kabul etdiler. 18Resullaryň elleriniň goýulmagy bilen Mukaddes Ruhuň berlenini gören Simun olara pul hödür edip: 19«Maňa-da şu gudratdan beriň. Elimi kimiň başyna goýsam, ol adam Mukaddes Ruhy alsyn» diýdi. 20Emma Petrus oňa şeýle diýdi: «Puluň özüň bilen bile ýok bolsun! Sebäbi sen Hudaýyň peşgeşini satyn alaryn öýtdüň. 21Bu işde seniň ne paýyň, ne-de hakyň bar, sebäbi seniň ýüregiňe düwen niýetiň Hudaýyň nazarynda dogry däl. 22Indi toba edip, bu ýaman niýetiňden el çek-de, Rebbe ýalbar, belki, ýüregiňdäki bu niýetiňi bagyşlar. 23Men seniň ajy zäherden doludygyňy we günä zynjyry bilen baglanandygyňy görýärin». 24Simun oňa: «Meniň üçin Rebbe doga ediň, aýdanlaryňyzyň hiç birine duçar bolmaýyn!» diýdi. 25Petrus bilen Ýohanna şaýatlyk edip, Rebbiň Hoş Habaryny wagyz etdiler. Soňra olar Samariýanyň köp obasynda Hoş Habary yglan edip, Iýerusalime dolanyp geldiler.Filip we efiopiýaly
26Rebbiň bir perişdesi Filipe: «Tur, günorta tarap, Iýerusalimden Gaza barýan çöllük ýoldan git» diýdi. 27Ol hem turup, ýola düşdi. Gidip barýarka, efiopiýaly bir agta duşdy. Ol Efiopiýanyň melikesi Kandakynyň baş wezirleriniň biridi we onuň tutuş gaznasyny dolandyrýardy. Ol Iýerusalime ybadat etmäge gelip, 28indi hem yzyna dolanyp barýardy. Ol öz arabasynyň üstünde Işaýa pygamberiň kitabyny okap otyrdy. 29Mukaddes Ruh Filipe: «Bar, arabanyň ýanyndan ýöre!» diýdi. 30Filip ylgady-da, onuň Işaýa pygamberiň kitabyndan okaýan sözlerini eşidip: «Okaýan zatlaryňa düşünýärmiň?» diýip sorady. 31Ol: «Biri düşündirmese, nädip düşüneýin?» diýdi. Onsoň Filipi araba münüp, ýanynda oturmaga çagyrdy. 32 aOnuň Mukaddes Ýazgylardan okap oturan ýeri, ine, şudy: «Soýulmaga äkidilip barýan goýun dek,gyrkymçynyň öňündäki sessiz guzy dek,
Ol hiç agzyny açmady.
33Ol kemsidilip, adalatsyzlyk bilen äkidildi.
Onuň nesli hakda kim aýdyp biljek?
Çünki Onuň ömür tanapy üzüldi».
34Efiopiýaly Filipden: «Aýtsaňyzlaň, pygamber muny kim hakda aýdýar? Özi hakdamy ýa-da başga biri hakda?» diýip sorady. 35Onsoň Filip düşündirmäge başlady, Mukaddes Ýazgylaryň şu ýerdäki parçasyndan başlap, Isa hakdaky Hoş Habary oňa wagyz etdi. 36Olar ýolda barýarka, bir suwly ýeriň üstünden geldiler. Agta: «Ine, bu ýerde suw bar. Meniň çümdürilmegime näme päsgel berýär?» diýdi. ▼
▼Käbir golýazmalarda 37‑nji aýat duş gelýär: Filip oňa: «Bütin ýüregiň bilen iman edýän bolsaň, muňa rugsatdyr» diýdi. Ol: «Isa Mesihiň Hudaýyň Ogludygyna iman edýärin» diýdi.
37– 38Onsoň arabany saklatdy. Filip bilen agta bilelikde suwa girdiler. Filip ony suwa çümdürdi. 39Olar suwdan çykanlarynda, birdenkä Rebbiň Ruhy Filipi ol ýerden äkitdi. Agta ony gaýdyp görmedi. Ol şatlanyp, öz ýoluny dowam etdirdi. 40Filip bolsa Aşdotda peýda boldy. Ol Kaýsariýa baryp ýetýänçä, ähli şäherlerde Hoş Habary wagyz etdi.
Copyright information for
TukLat16