Amos 1
1Tekowaly çopanlaryň biri bolan Amosyň sözleri. Ysraýyl hakyndaky bu sözler Amosa ýertitremeden iki ýyl öň görnüş arkaly aýan bolupdy. Şol günlerde Ýahudada Uzyýa patyşa, Ysraýylda Ýehowaşyň ogly Ýarobgam patyşa höküm sürýärdi. 2Amos şeýle diýdi:«Reb Siondan nagra çekýär,
Iýerusalimden sesini eşitdirýär.
Çopanlaryň öri meýdanlary solýar,
Karmel dagynyň başy guraýar».
Ysraýylyň töweregindäki ýurtlar höküm edilýär
3Reb şeýle diýýär:«Men damasklylary günä üstüne günä
edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn.
Çünki demir dişli döweklerde
gilgat halkyny ýençdiler olar.
4Muňa görä Hazaýylyň köşgüne ot ýagdyraryn,
ot Benhadadyň ▼
▼Hazaýyl… Benhadat – seret: 2Pat 13:22-25.
galalaryny ýakyp kül eder.5Damaskyň derwezesiniň kiltlerini döwerin,
Awen ▼
▼Awen – bu söz pislik ýeri diýmegi aňladýar.
jülgesiniň hökümdaryny,Beýtedende ▼
▼Beýteden – bu söz lezzet öýi diýmegi aňladýar.
eli şa hasaly hökümdary ýok ederin.Siriýa halky Kir ýurduna ýesir edip äkidiler».
Muny Reb aýdýandyr.
6Reb şeýle diýýär:
«Men gazalylary günä üstüne günä
edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn.
Olar tutuş jemagaty edomlylaryň
eline bermek üçin ýesir edip äkitdiler.
7Muňa görä Gaza diwaryna ot ýagdyraryn,
ot onuň galalaryny ýakyp kül eder.
8Ýok ederin Aşdodyň ilatyny,
Aşkelonda eli şa hasaly hökümdary.
Golumy Ekronyň garşysyna öwrerin,
heläk ederin piliştlileriň aman galanyny».
Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
9Reb şeýle diýýär:
«Men surlulary günä üstüne günä
edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn.
Çünki olar doganlyk ähtini unudyp,
tutuş jemagaty Edoma gul edip satdylar.
10Muňa görä Sur diwaryna ot ýagdyraryn,
ot onuň galalaryny ýakyp kül eder».
11Reb şeýle diýýär:
«Men edomlylary günä üstüne günä
edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn.
Çünki doganlaryny gylyçly kowalap,
rehim-şepagat etmediler,
çäksiz gaharyny dökdüler,
gazap atyna baky atlandylar.
12Şu sebäpden Teýmana ot ýagdyraryn,
ot Bosranyň galalaryny ýakyp kül eder».
13Reb şeýle diýýär:
«Men ammonlary günä üstüne günä
edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn.
Çünki olar öz çäklerini giňeltmek üçin
Gilgadyň göwreli aýallarynyň garnyny ýardylar.
14Söweş günündäki galmagaldan ýaňa,
harasat günündäki tüweleý içinde
Rabanyň diwaryna ot salaryn,
ot galalaryny ýakyp kül eder.
Emeldarlary bilen birlikde
ammon şasy sürgün ediler».
Muny Reb aýdýandyr.
15
Copyright information for
TukLat16