Amos 7
Çekirtgeler, ot we şugul guraly hakyndaky görnüşler
1Ine, Hökmürowan Reb maňa şuny görkezdi: patyşanyň paýyna düşen bugdaý orlup bolnandan soň, ikinji ekilen ekin gögerip başlan wagtynda, Reb çekirtge sürülerini çozdurdy. 2Çekirtgeler ýurduň ähli gögeren zadyny iýip gutaranda, men şeýle diýdim: «Ýa Hökmürowan Reb, ýalbarýaryn, Öz halkyňy bagyşla!Ýakubyň nesli muňa neneň çydasyn?!
Ol bir kiçi halkdyr!»
3Onsoň Reb muňa gaýtmyşym etdi.
Reb: «Beýle zat bolmaz!» diýdi.
4Ine, Hökmürowan Reb maňa şuny görkezdi: Hökmürowan Reb halkyny jezalandyrmak üçin alawly ody çagyrdy. Ot düýpsüz çuň suwlary ýakyp ýandyrdy, soňra ekin meýdanyny ýandyrmaga başlady. 5Onsoň men şeýle diýdim: «Ýa Hökmürowan Reb, ýalbarýaryn, saklan!
Ýakubyň nesli muňa neneň çydasyn?!
Ol bir kiçi halkdyr!»
6Reb muňa-da gaýtmyşym etdi.
Hökmürowan Reb: «Bu-da bolmaz!» diýdi.
7Başga bir görnüş arkaly Reb maňa şuny görkezdi: ine, Reb şugul guraly bilen gurlan dim-dik diwaryň ýanynda durdy, elinde bolsa şugul bardy. 8Onsoň Reb menden: «Amos, sen näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Bir şugul görýärin» diýip jogap berdim. Onsoň Reb şeýle diýdi: «Ine, halkym Ysraýylyň ortasynda-da,
Men bir şugul guralyny goýýaryn.
Mundan beýläk olary bagyşlamaryn.
9 Yshagyň butlara seždegähleri weýran ediler,
Ysraýylyň mukaddes öýleri haraba öwrüler,
Ýarobgam kowumyna garşy gylyçly aýaga galaryn».
Amos bilen Amazýa
10Onsoň Beýteldäki Amazýa ruhany Ysraýylyň patyşasy Ýarobgama şeýle habar ýollady: «Amos ysraýyl halkynyň arasynda saňa garşy dildüwşük gurady. Ýurt onuň munça sözlerini göterip bilmez. 11Amos şeýle diýdi: „Ýarobgam gylyçdan öler,Ysraýyl halky öz ýurdundan
ýesir edip äkidilip çykarylar“».
12Onsoň Amazýa Amosa şeýle diýdi: «Eý, görgür! Bar, Ýahuda ýurduna git-de, çörek puluňy şol ýerde gazan. Şol ýerde pygamberlik et. 13Emma indi gaýdyp Beýtelde pygamberlik etme, çünki bu patyşanyň mukaddes öýi we patyşalygyň ybadathanasydyr». 14Onsoň Amos Amazýa şeýle jogap berdi: «Men pygamber hem däl, pygamberler toparyndan hem däl. Men ýöne bir çopan hem injir agaçlaryna gözegçilik edýän. 15Emma Reb meni süriniň yzyndan aldy-da, maňa: „Bar, git-de, Meniň halkym Ysraýyla pygamberlik et“diýdi. 16Indi bolsa Rebbiň sözüne gulak goý.
Sen maňa: „Ysraýylyň garşysyna pygamberlik etme,
Yshagyň kowumyna garşy wagyz etme“diýýärsiň.
17Şonuň üçin Reb şeýle diýýär:
„Aýalyň şäherde loluçylyk eder,
ogul-gyzlaryň gylyçdan geçiriler,
ölçeg ýüpi bilen ýeriň paýlanylar,
özüňem haram ýurtda ölersiň,
ysraýyl halky öz ýurdundan
ýesir edilip äkidiler“».
Copyright information for
TukLat16