‏ Amos 3

Ysraýylyň günäsi we jezasy

1Eý, ysraýyl halky, Rebbiň size, Müsürden çykaran kowumyňyza garşy aýdan bu sözüne gulak goýuň:
2«Ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan
Men diňe sizi saýladym.
Şu sebäpli ähli etmişiňiz üçin,
Men sizi jezalandyraryn.

3Heý, belleşmezden iki adam
bile ýola düşermi?
4Awy oňmadyk şir jeňňelde arlarmy näme?
Hiç zat awlamadyk arslan
süreninde hyrlarmy näme?
5Ýerde duzak gurulmasa,
guş duzaga düşermi?
Içine bir zat düşmese,
ýerden gapan göçermi?
6Şäherde surnaý çalnar-da,
halkda gorky bolmazmy?
Rebbiň Özi indermese,
şähere bela gelermi?
7Hakykatdan-da Hökmürowan Reb
syryny gullary pygamberlere
aýan etmezden hiç zat etmez.
8Arslan arlar-da,
kim gorkmaz?
Hökmürowan Reb sözlär-de,
kim pygamberlik etmez?»

9Aşdot we Müsür galalaryna şuny jar ediň:
«Samariýanyň daglaryna ýygnanyň.
Şäheriň içindäki başagaýlygy,
onuň arasyndaky zulumy görüň».
10«Galalarynda zorluk bilen talan
oljalaryny toplaýarlar,
dogry iş etmegi hiç bilmeýärler.

Muny Reb aýdýandyr.
11Şonuň üçin duşman ýurduňyzy gabawa salar
sizi güýç-kuwwatdan düşürip,
galalaryňyzy talaňçylyga berer».


Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.

12Reb şeýle diýýär: «Bir çopanyň arslanyň agzyndaky goýnuň diňe toýnaklaryny ýa-da gulagynyň bir bölegini halas edip bilşi ýaly, Samariýada ýaşaýan ysraýyl halky-da şeýle halas ediler. Onda diňe döwük-ýenjik öý goşlaryndan başga hiç zat galmaz».

13Eşidiň we Ýakup nesillerine güwälik ediň,
Gudratygüýçli Hudaý – Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
14«Etmişi üçin Ysraýyly jezalandyran günüm,
Beýteliň gurbanlyk sypalaryny-da ýok ederin.
Gurbanlyk sypalaryň şahlary
kesilip ýere gaçar.
15Men gyşky hem ýazky köşkleri ýumraryn,
pil süňkünden haşamlanan jaýlary ýok ederin,
beýik jaýlaryň soňuna çykaryn».

Muny Reb aýdýandyr.
Copyright information for TukLat16