‏ Amos 5

Toba etmäge çagyryş

1Eý, ysraýyl halky, sen hakdaky aýtjak
bu agy sözüme gulak as.
2Ysraýyl gyzy ýykyldy,
indi ol hiç haçan galmaz,
öz topragynda süýnüp ýatyr,
hiç kim oňa ýardam bermez.
3Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Bir şäherden Ysraýyl üçin söweşe çykan
müň adamdan ýüz adam aman galar,
beýleki birinden diňe ýüzden onusy aman galar».
4Reb ysraýyl halkyna şeýle diýýär:
«Meni agtaryň, şonda ýaşarsyňyz!
5Emma Meni Beýtelden agtarmaň,
Gilgala girmäň,
Beýerşeba geçmäň,
çünki Gilgal hökman sürgün ediler
Ýewreýçe Gilgal we sürgün ediler diýen sözleriň aýdylyşy meňzeşdir.
,
Beýtel hem hiç zat bolup galar».
6Rebbi agtaryň, şonda ýaşarsyňyz,
ýogsam Ol Ýusup nesline garşy ot kimin lowlar,
Beýtelde ýangyny söndürmäge hiç kim tapylmaz.
7 Adalaty ajylyga öwrenler!
Dogruçyllygy ýere çalanlar!
8Ülker, Orion ýyldyzlaryny ýaradan,
tüm garaňkylygy daň sähere öwren,
gündizi gijä öwren,
deňiz suwlaryny çagyryp,
olary ýer ýüzüne döken Oldur.
Onuň ady Rebdir.
9Ol güýçlüleri şol bada heläk eder,
galalaryny-da weýran eder.
10Olar kazyýetde paş edýäni ýigrenýärler,
hakykaty sözleýäni äsgermezlik edýärler.
11Garybyň elinden bugdaý hem saman hakyny
zorluk bilen alanyňyz üçin,
daşdan ýonulan jaýlar gursaňyz-da,
siz olarda ýaşamarsyňyz,
gözel üzüm baglaryny oturtsaňyz-da,
olaryň şerabyny içmersiňiz.
12Çünki Men etmişiňiziň köpdügini,
günäleriňiziň çökderdigini bilýärin.
Dogruçyla ezýet berip, para alýarsyňyz,
kazyýetde mätäji boş gaýtarýarsyňyz.
13Şonuň üçin akylly ynsan
şeýle pursatda ümsüm bolar,
çünki bu bir erbet zamandyr.

14Ýamanlygy däl-de, ýagşylygy agtaryň,
şonda siz ýaşarsyňyz.
Edil siziň öz aýdyşyňyz ýaly
Reb Hökmürowan Hudaý siziň bilen bolar.
15Ýamanlygy ýigrenip, ýagşylygy söýüň,
kazyýetde adalaty berkarar ediň.
Belki şonda Reb Hökmürowan Hudaý
Ýusubyň aman galanlaryna merhemet eder.

16Hökmürowan Hudaý – Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Bütin meýdançalarda dady-perýat ederler,
köçelerde „Waý, waý günümize!“diýşerler.
Çagyrarlar daýhany matam tutmaga,
ýasçylary – ýas aýdymyny aýtmaga.
17Tutuş üzüm baglaryňyzda perýat ederler,
çünki siziň araňyzdan Men geçerin».

Muny Reb aýdýandyr.

Rebbiň güni

18Dat günüňize, Rebbiň gününi küýseýänler!
Näme üçin siz Rebbiň gününe zarsyňyz?
Ol gün aýdyňlyk däl-de, garaňkylykdyr.
19Ol gün bir kişiniň arslandan gaçyp,
aýa duş gelşi kimindir.
Öýüne gelip, elini diwara söýände,
ony ýylanyň çakyşy kimindir.
20 Rebbiň güni ýagtylyk däl-de, garaňkylyk dälmidir?
Ol hiç bir yşyksyz tüm garaňkylyk dälmidir?

21Men baýramlaryňyzy ýigrenýärin, äsgermeýärin,
mukaddes ýygnanyşyklaryňyzy asla halamaýaryn.
22Hatda ýakma gurbanlygyňyzdyr galla sadakaňyzy hödür etseňiz-de,
Men olary kabul etmerin.
Semiz mallaryňyzdan salamatlyk gurbanlygyňyzy berseňiz-de,
Men olara bakmaryn.
23Ýanymdan nagmalaryň owazyny aýryň!
Men arfalaryňyzyň sazyny diňlemerin.
24Goý, adalatlyk derýa kimin joşsun,
dogruçyllyk baky çeşme ýaly aksyn.

25Eý, ysraýyl halky, Maňa çölde kyrk ýyllap
gurbanlyklar we sadakalar hödürlediňizmi?

26Siz patyşaňyz Sakudy we ýyldyz hudaýyňyz Kiýuny –
özüňiz üçin ýasan butlaryňyzy göterip gezdiňiz.

27Munuň üçin sizi Damaskyň aňyrsyna sürgün ederin.

Muny Reb aýdýandyr.
Onuň ady Hökmürowan Hudaýdyr.
Copyright information for TukLat16