Amos 6
Ysraýyl weýran edilýär
1Dat günüňize, eý, Sionda ▼▼Sion – bu Iýerusalim şäheriniň beýleki ady. Sözlüge seret.
asuda ýaşaýanlar,Samariýa dagynda howpsuz oturanlar,
ysraýyl halkynyň ýüz tutmaga barýan
iň beýik milletiň meşhur adamlary!
2Kalne şäherine geçip görüň,
ol ýerden beýik Hamada gidiň.
Onsoň piliştlileriň Gat şäherine baryň,
olar iki patyşalygyňyzdan gowumyka?
Tutýan meýdanlary siziňkiden giňmikä?
3Eý, siz bela gününi uzak saýyp,
zorluk tagtyny ýakynlaşdyranlar!
4Halyňyza waý, eý, pil süňkünden haşamlanan çarpaýada ýatanlar,
düşekleriniň üstünde meýmiränler,
sürüden saýlama guzulary,
baga bakylan göleleri iýýänler!
5Özlerini Dawut ýaly saýyp,
saz gurallaryny oýlap tapýanlar,
arfanyň owazyna aýdym aýdýanlar,
6şakäseden şerap içýänler,
üstlerine iň oňat atyr sepýänler,
Ýusubyň weýrançylygyna ýas tutmaýanlar,
halyňyza waý!
7Munuň üçin olar ilkinji bolup ýesir edip äkidiler,
kürsüde gaýşarýanlaryň meýlisi tamamlanar.
8Hökmürowan Reb Özünden ant içip, şeýle diýýär:
«Ýakubyň gedemligini nejis saýýaryn,
onuň galalaryny ýigrenýärin,
içindäki ähli zady bilen bile
şäheri duşman eline bererin».
Muny Hökmürowan Beýik Hudaý aýdýandyr.
9Bir öýde on adam galan bolsa, olar-da öler. 10Olaryň biriniň garyndaşy öz kömekçisi bilen hossarynyň jesedini öýden daşary çykaryp ýakmak üçin geler. Ol kömekçisinden: «Başga-da jeset barmy?» diýip soranda, «Ýok» diýip jogap berer. Onsoň garyndaşy: «Sem bol! Rebbiň ady agzalmasyn» diýer. 11Ine, Reb şeýle buýurýar:
«Uly jaýlar toza,
kiçi jaýlar küle dönsün.
12Atlar gaýanyň üstünde çaparmy?
Öküzler bilen ol ýerde ýer sürlermi?
Emma siz adalaty zähere,
dogrulyk miwesini ajylyga öwürdiňiz.
13Siz Lodebarda ▼
▼Lodebar – ýewreýçe bu at hiç zat diýmegi aňladýar.
puç zada şatlanyp: „Karnaýymy ▼▼Karnaýym – bu söz iki şah diýmegi aňladýar. Şah güýjüň nyşanydyr.
öz güýjümiz bilen basyp almadykmy näme?“diýýärsiňiz.14Şonuň üçin, eý, ysraýyl halky,
saňa garşy bir milleti aýaga galdyrjak.
Olar Lebohamatdan
Araba düzlügine çenli seni ezerler».
Muny Reb Hökmürowan Hudaý aýdýandyr.
Copyright information for
TukLat16