Amos 8
Bir sebet miwe
1Hökmürowan Reb maňa şuny görkezdi: bir sebet injir miwesi bardy. 2Ol menden: «Amos, sen näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Bir sebet ýetişen miwäni görýärin» diýip jogap berdim. Onsoň Reb maňa şeýle diýdi: «Meniň halkym Ysraýylyň soňy ýetip geldi. Mundan beýläk olary bagyşlamaryn. 3Şol gün köşk aýdymlary ahy-nala öwrüler. Ähli ýer taşlanan jesetlerden dolar.Ümsüm boluň!»
Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
4Eşidiň muny,
mätäçleri depgiläp ezýänler,
ýurduň garyplaryny heläk edýänler!
5Siz diýersiňiz:
«Täze Aý baýramy geçsedi, gallamyzy satarys;
Sabat güni basym ötsedi,
bugdaýmyzy bazara çykararys.
Ölçegi kiçeldip, bahany ulaldyp,
galp terezi bilen adamlary aldarys.
6Bugdaý ýerine onuň kepegini satyp,
garyplary kümşe,
mätäji bir jübüt çaryga satyn alarys».
7 Ýakup halkynyň guwanjy bolan Reb şeýle ant içdi:
«Men olaryň eden işleriniň hiç birini asla unutmaryn.
8Bu işler üçin ýer sarsmajakmy?
Ýerde ýaşaýan her kes ýas tutmajakmy?
Bütin ýer ýüzi Nil derýasy kimin tolkun atar,
Müsürdäki Nil derýasy deý belende galyp pese düşer».
9Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Şol gün şeýle bolar:
Günortan çagy güni batyraryn,
gündiz ýer ýüzüni garaňky ederin.
10Men siziň baýramyňyzy ýasa,
aýdymlaryňyzy ahy-nala öwrerin.
Her bile jul guşagyny guşadaryn,
her başyň saçyny syrdyraryn.
Şol güni ýalňyz ogluň ýas güni kimin ederin,
onuň soňuny ajylyk bilen gutararyn».
11Hökmürowan Reb ýene-de şeýle diýýär:
«Şeýle günler geler,
Men ýurda açlyk ibererin.
Emma bu çörek bilen suwuň gytlygy däl-de,
Rebbiň sözlerini eşitmek küýsegi bolar.
12Rebbiň sözüni agtaryp,
ynsanlar deňizden-deňze,
demirgazykdan gündogara entärler.
Olar ol ýerden bu ýere ylgaşarlar,
emma ony tapyp bilmezler.
13Şol gün gözel gyzlar we ýaş ýigitler
teşnelikden huşuny ýitirerler».
14 Samariýanyň günäsinden ant içip:
«Eý, Dan! Seniň hudaýyňdan ant içýän,
Beýerşebanyň tutýan ýolundan ant içýän!» diýýänler
ýykylarlar we hiç haçan ýerlerinden galmazlar.
Copyright information for
TukLat16