‏ Colossians 3

Mukaddes ýaşaýyş

1Şeýlelikde, Mesih bilen direlendigiňize görä, göklerdäki zatlary agtaryň. Mesih gökde Hudaýyň sagynda oturandyr. 2Pikiriňizi dünýewi zatlara däl-de, gökdäki zatlara gönükdiriň. 3Çünki siz ölensiňiz, durmuşyňyz bolsa Mesih bilen bile Hudaýda gizlenendir. 4Mesih siziň durmuşyňyzdyr. Ol aýan bolanda, siz hem Onuň bilen bile şöhratda aýan bolarsyňyz.

5Şonuň üçin hem dünýewi tebigatyňyza mahsus bolan azgynlygy, ahlaksyzlygy, haram keýpi, pis höwesleri we butparazlyk bilen deň hasaplanýan açgözlügi öldüriň. 6Ine, hut şu zatlar üçin Hudaýyň gahar-gazaby inýändir
Inýändir – käbir golýazmalarda Onuň sözüne gulak asmaýanlaryň üstüne inýändir.
.
7Siz hem birwagtlar bularyň arasynda ýaşanyňyzda şeýle edipdiňiz. 8Indi bolsa gahar-gazaby, ýamanlyklaryň hemmesini özüňizden aýryp taşlaň. Agzyňyzdan hiç bir töhmet we paýyş sözler çykmasyn. 9Biri-biriňize ýalan sözlemäň, sebäbi siz köne ýaradylyşyňyzy köne urp-adatlary bilen birlikde çykaryp zyňdyňyz. 10Indi Ýaradanyň keşbine meňzemekde we Ony tanamakda täze ýaradylyşa besleniň. 11Bu ýaradylyşda ýahudy däl bilen ýahudynyň, sünnetli bilen sünnetsiziň, nadan bilen medeniýetsiziň, gul bilen azadyň arasynda hiç bir parh ýokdur, emma Mesih hemme zatdyr, hemme zatdadyr. 12Şonuň üçin hem, eý, Hudaýyň saýlan mukaddes hem eziz halky! Rehim-şepagata, mähribanlyga, pespällige, ýumşaklyga we sabyr-takatlylyga besleniň. 13Biri-biriňize sabyrlylyk bilen çydaň. Araňyzda öýke-kine bar bolsa, biri-biriňizi bagyşlaň. Rebbiň sizi bagyşlaýşy ýaly, siz hem bagyşlaň. 14Bularyň hemmesiniň üstesine-de kämil birligi baglanyşdyrýan söýgä besleniň. 15Kalbyňyzda Mesihiň parahatlygy höküm sürsün. Çünki siz bir bedeniň agzalary bolup, bu parahatçylyga çagyrylansyňyz. Hemişe şükürli boluň. 16Goý, Mesihiň sözi kalbyňyzyň töründe ornaşsyn. Bütin akyldarlyk bilen biri-biriňize tälim we öwüt-nesihat beriň. Mezmurlar, öwgi aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyp, Hudaýa ýürekden minnetdarlyk bildiriň. 17Näme etseňiz hem, aýtsaňyz hem, hemmesini Rebbimiz Isanyň ady bilen ýerine ýetiriň, Ol arkaly Ata Hudaýa şükür ediň.

Mesihi maşgalalar üçin düzgünler

18Eý, aýallar, äriňize tabyn boluň, çünki şeýle etmek Rebbe degişli adamlara ýaraşýandyr. 19Eý, ärler, aýalyňyzy söýüň, olara ýowuz daramaň. 20Eý, çagalar, ähli işde ene-ataňyzyň sözüne gulak asyň, sebäbi bu Rebbi hoşnut edýär. 21Eý, atalar, çagalaryňyzy ynjatmaň, ýogsam, olar ruhdan düşerler. 22Eý, gullar, ähli zatda ýerdäki hojaýynyňyza boýun egiň. Muny ynsanlara gowy görünmek üçin, göze ýakymly işler bilen däl-de, Rebden gorkmak bilen çyn ýürekden ýerine ýetiriň. 23Näme etseňiz, ynsanlar üçin däl-de, Reb üçin edýän ýaly, çyn ýürekden ýerine ýetiriň. 24Munuň üçin Rebden miras sylagyny aljagyňyzy bilýänsiňiz. Siz Reb Mesihe gulluk edýänsiňiz. 25Kim ýamanlyk etse, öz eden ýamanlygynyň almytyny alar, Reb hiç kime tarapgöýlik edýän däldir.
Copyright information for TukLat16