Daniel 1
Dört ysraýyl ýigidi Babyl köşgünde
1 Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň patyşalygynyň üçünji ýylynda Babyl patyşasy Nebukadnesar öz goşuny bilen Iýerusalime hüjüm edip, onuň daş-töweregini gabady. 2Taňry Ýahudanyň patyşasy Ýehoýakymy hem-de Hudaýyň ybadathanasyndaky gap-gaçlaryň bir bölegini onuň golastyna berdi. Nebukadnesar ol zatlary Şingara getirdi. Ol Hudaýyň ybadathanasyndan getirilen gap-gaçlary öz hudaýlarynyň buthanasyndaky gaznasynda goýdy ▼▼Seret: 2Pat 24:1-4; 2ÝÝ 36:6-7.
. 3Soňra Nebukadnesar özüniň baş gözegçisi Aşpenaza ysraýyllaryň arasyndan patyşanyň we han-begleriň maşgalasyndan bolan ýigitleriň birnäçesini getirmegi buýurdy. 4Bu ýaş ýigitler bedenleri hiç hili şikessiz, görmegeý, her bir ylymdan baş çykarýan, bilimli, öwrenmäge ukyply we patyşanyň köşgünde hyzmat etmäge mynasyp bolmalydylar. Olara babyllylaryň edebiýaty we dili öwredilmelidi. 5Patyşa öz gündelik köşk saçagyndan olara bir paý nahar we şerap bölüp berdi. Olar üç ýyl okadylyp, üçünji ýylyň ahyrynda patyşanyň huzurynda hyzmat etmäge getirilmelidiler. 6Saýlananlaryň arasynda ýahuda tiresinden Danyýel, Hananýa, Mişaýyl we Azarýa bardy. 7Baş gözegçi olaryň adyny üýtgetdi. Danyýele Belteşasar, Hananýa Şadrak, Mişaýyla Meýşak, Azarýa Abednego diýip at goýdy. 8Danyýel özüni haram etmezligi ýüregine düwdi. Şeýdip, ol baş gözegçiden özüniň patyşanyň saçagyndan bölüp berilýän nahardan, şerapdan saklanmagyny haýyş etdi. 9Baş gözegçiniň nazarynda Hudaý Danyýele merhemet we rehim-şepagat berdi. 10Baş gözegçi Danyýele: «Men onuň alyhezretleri patyşadan gorkýaryn. Ol siziň nahar we içgi paýyňyzy bölüp berdi ahyryn. Eger siziň ýüzüňiziň özüňiz bilen deň bolan beýleki ýaş ýigitleriňkiden hordygyny görse, ol janymy jähenneme iberer» diýdi. 11Soňra Danyýel baş gözegçiniň özüniň, Hananýanyň, Mişaýylyň we Azarýanyň üstünden goýan sakçysyndan haýyş edip, şeýle diýdi: 12«Öz gullaryňy on gün synap göräý. Goý, bize iýmek üçin gök-önümler, içmek üçin bolsa suw berilsin. 13Şundan soň sen biziň ýüzümizi köşk saçagyndan iýýän beýleki ýigitleriň ýüzi bilen deňeşdirip bilersiň we öz gullaryňa näme etmegi isleseň, gözel göwnüň». 14Şeýdip, sakçy bu pikir bilen ylalaşyp, olary on gün synap gördi. 15On günden soň bu dört ýigit köşk saçagyndan naharlanýanlaryň hemmesinden has görmegeý we daýaw göründiler. 16Şeýdip, sakçy olaryň köşk saçagyndan iýmeli naharyny, içmeli şerabyny özüne alyp galyp, olara diňe gök-önümler berdi. 17Hudaý bu dört ýigide edebiýatyň we ylmyň her bir ugruny öwrenmäge bilim bilen ukyp berdi. Danyýel her bir görlen düýşi we görnüşleri ýorup bilýärdi. 18Patyşanyň olary getirmegi buýran möhleti gelip ýetende, baş gözegçi olary Nebukadnesaryň huzuryna getirdi. 19Patyşa olaryň ählisi bilen tanyşdy. Olaryň hemmesiniň içinde Danyýel, Hananýa, Mişaýyl we Azarýa dagy bilen deňeşdirer ýalysy tapylmady. Şonuň üçin patyşanyň hyzmatyna olar bellendiler. 20Patyşa her bir ylym ýa-da düşünje bilen baglanyşykly mesele hakda soranda, öz patyşalygyndaky ähli jadygöýlerdir palçylardan olaryň on esse artykdygyny gördi. 21Kureş patyşanyň şalygynyň birinji ýylyna çenli Danyýel şol ýerde köşkde hyzmat etdi.
Copyright information for
TukLat16