‏ Daniel 2

Nebukadnesaryň düýşi

1Nebukadnesar özüniň patyşalygynyň ikinji ýylynda bir düýş gördi. Muňa onuň ýüregi howsala düşüp, ukusy gaçdy. 2Onsoň patyşa düýşüni ýordurmak üçin jadygöýleri, palçylary, gözbagçylary we müneçjimleri toplap getirmegi buýurdy. Olar gelip, patyşanyň huzurynda durdular. 3Patyşa olara: «Men bir düýş gördüm. Düýşüň ýorgudyny bilmek islegi ýüregimi howsala salýar» diýdi. 4Müneçjimler arameý dilinde patyşa ýüzlenip: «Patyşa baky ýaşasyn! Gören düýşüňizi öz gullaryňa aýt, biz onuň näme aňladýandygyny ýorup bereli» diýdiler. 5Patyşa müneçjimlere şeýle jogap berdi: «Men şeýle karara geldim: eger-de siz meniň gören düýşümi we onuň ýorgudyny aýdyp bermeseňiz, siziň el-aýaklaryňyzy çapyp, öýleriňizi weýran etdirerin. 6Emma siz maňa gören düýşümi we onuň ýorgudyny aýdyp berseňiz, onda siz menden sowgatlar we sylag-serpaýlar alyp, beýik hormata mynasyp bolarsyňyz. Şonuň üçin hem maňa gören düýşümi we onuň ýorgudyny aýdyp beriň». 7Olar oňa ýene-de: «Ilki bilen, goý, patyşamyz öz gullaryna gören düýşüni aýtsyn, biz hem onuň ýorgudyny aýdaly» diýip jogap berdiler. 8Patyşa: «Meniň kararymyň çynlakaýdygyny görüp, siziň wagt utmak isleýändigiňizi anyk bilýärin. 9Eger siz maňa gören düýşümi aýdyp bermeseňiz, size ýeke-täk bir höküm garaşýandyr. Wagtyň geçmegi bilen siz meniň pikirim üýtgär öýdüp, maňa ýalan we biderek zatlar aýtmak üçin öz araňyzda dilleşipsiňiz. Şoňa görä-de gören düýşümi maňa siziň özüňiz aýdyp berersiňiz. Şonda siziň onuň ýorgudyny aýdyp biljekdigiňize gözüm ýeter» diýdi.

10Müneçjimlere patyşa şeýle diýdiler: «Ýer ýüzünde seniň edýän bu talabyňyň hötdesinden hiç kim gelip bilmez! Dogrusy, munuň ýaly işi beýik we güýçli patyşalaryň hiç biri-de jadygöýden ýa palçydan, ýa-da müneçjimden soramandyr. 11Patyşanyň soraýan bu işi juda agyr. Muny hudaýlardan başga hiç kim patyşa äşgär edip bilmez, olaryň bolsa mesgeni ynsanlar arasynda däldir».

12Patyşa muny eşidip, gazap atyna atlandy. Ol Babylyň ähli akyldarlaryny öldürmegi buýurdy. 13Akyldarlaryň hemmesiniň öldürilmelidigi barada perman çykdy. Olar Danyýeli we onuň ýoldaşlaryny hem öldürmek üçin, olaryň gözlegine çykdylar.

14Patyşanyň janpenalarynyň başlygy Arýok Babylyň akyldarlaryny öldürmäge çykanda, Danyýel oňa akylly-başly hem parasatlylyk bilen sala saldy. 15Ol köşk emeldary Arýokdan: «Näme üçin patyşanyň permany beýle gazaply?» diýip sorady. Arýok bolan wakany Danyýele düşündirdi. 16Şonda Danyýel içeri girip, patyşanyň düýşüniň ýorgudyny aýtmak üçin özüne wagt berilmegini haýyş etdi.

17Onsoň Danyýel öýüne baryp, bu ahwalaty ýoldaşlary Hananýa, Mişaýyla we Azarýa habar berdi. 18Bu syryň açylmagy üçin Gögüň Hudaýyndan rehim-şepagat sorap dileg etmeklerini Danyýel olardan haýyş etdi. Şonda Danyýel we onuň ýoldaşlary Babylyň akyldarlary bilen birlikde heläk boljak däldiler.

19Soňra bu syr Danyýele gijeki görnüş arkaly aýan boldy. Danyýel Gögüň Hudaýyna alkyş aýtdy. 20Ol şeýle diýdi: «Owaldan ebedä çenli Hudaýyň adyna alkyş ýagsyn,
çünki paýhas we gudrat Oňa mahsusdyr.
21Döwri we pasyllary üýtgedýän Oldur.
Patyşalary tagtdan agdaryp, tagta çykarýar.
Ol akyldara pähim-paýhas,
düşünjelä bilim berýär.
22Çuň we gizlin syrlary Ol açýar,
tümlükde näme bolýanyny Ol bilýär,
Onuň Özi nurda ýaşaýar.
23Eý, ata-babalarymyň Hudaýy!
Saňa şöhrat we öwgi bolsun!
Çünki maňa paýhas we gudrat berdiň,
Senden dilän dilegimizi maňa aýan etdiň,
patyşanyň buýran zadyny bize açyp berdiň».

Danyýel patyşanyň düýşüni ýorýar

24Soňra Danyýel patyşanyň Babylyň akyldarlaryny öldürmek üçin bellän adamy Arýogyň ýanyna bardy. Danyýel oňa: «Babylyň akyldarlaryna degme. Meni patyşanyň huzuryna elt, men onuň gören düýşüni ýorup berjek» diýdi. 25Arýok ony derrew patyşanyň huzuryna eltip: «Patyşahym, Ýahudadan ýesir edip getirilenleriň arasyndan siziň gören düýşüňizi ýorup biljek bir adam tapdym» diýdi. 26Patyşa Belteşasar diýlip atlandyrylan Danyýelden: «Sen maňa nähili düýş görenimi aýdyp, ony ýorup bilersiňmi?» diýip sorady. 27Danyýel patyşa: «Patyşanyň soraýan bu syryny hiç bir akyldar-da, palçy-da, jadygöý-de, bilgiç-de açyp bilmez. 28Emma göklerde gizlin syrlary açýan Hudaý bar. Ahyrky günlerde näme boljagyny Nebukadnesar patyşa Ol bildirdi. Ýatyrkaň düýşüňde gören görnüşleriň şular bolmaly:

29Eý, patyşahym, sen ýatyrkaň hyýalyňa mundan soňra nämeler bolarka diýen pikir geldi we syrlary aýan edýän Hudaý muny saňa äşgär etdi. 30Maňa bolsa bu syr başga adamlardan has akyllydygym üçin açylman, eýsem munuň ýorgudy patyşa aýan edilsin, ol hem öz ýüregindäki pikirlere düşünsin diýlip aýan boldy.

31Eý, patyşahym, ine, sen düýşüňde beýik bir heýkel gördüň. Ol heýkel şeýle äpetdi, şöhle saçýardy. Ol seniň öňüňde durdy we onuň daş görnüşi gorkunçdy. 32Heýkeliň kellesi sap altyndan, döşi bilen gollary kümüşden, bili bilen butlary bürünçdendi. 33Baldyrlary demirdendi, aýaklarynyň ýarysy demirden, ýarysy hem toýundandy. 34Sen seredip durkaň, ynsan eli degmezden bir daş gopup gaçdy, ol heýkeliň demirden we toýundan bolan aýaklaryna uruldy-da, olary çym-pytrak etdi. 35Soňra demir, toýun, bürünç, kümüş we altyn harman jaýdaky saman ýaly kül-peýekun boldular. Şemal olary pytradyp taşlanda, olaryň yzy-sory galmady. Emma heýkele urlan daş beýik daga öwrülip, bütin ýer ýüzüni doldurdy.

36Görlen düýş, ine, şudur. Indi bolsa biz ony patyşa ýorup bereli. 37Eý, siziň alyhezretiňiz, siz şalaryň şasysyňyz. Gögüň Hudaýy saňa şalyk, güýç, gudrat we şöhrat berdi. 38Ähli ýerde ýaşaýan ynsanlary, ýabany haýwanlary, gökdäki guşlary seniň ygtyýaryňa tabşyrdy. Olaryň hemmesiniň üstünden seni hökümdar goýdy. Sap altyndan bolan kelle bu sensiň! 39Seniň patyşalygyňdan soňra seniňkiden pes bolan başga bir patyşalyk peýda bolar. Soňra tutuş ýer ýüzüne hökümdarlyk etjek üçünji bir bürünç patyşalyk geler. 40Dördünji patyşalyk demir ýaly güýçli bolar, çünki demriň ähli zady mynjyradyşy ýaly, ol hem bularyň hemmesini gyryp tükeder. 41Aýaklaryň we barmaklaryň ýarysynyň toýundan, ýarysynyň bolsa demirdendigini gördüň. Bu bolsa bölünen patyşalygy aňladýar. Demriň toýun bilen garylandygyny görşüň ýaly, onda biraz demriň güýji bolar. 42Aýaklaryň barmaklarynyň ýarysynyň demirden, ýarysynyň hem toýundan bolmagy, bu patyşalygyň bir böleginiň güýçli, bir böleginiň bolsa ejiz boljakdygyny aňladýar. 43Görşüň ýaly, demriň toýun bilen garylmagy halklaryň gyz alşyp-berşip, biri-birleri bilen garyşjakdyklaryny aňladýar. Emma demriň toýun bilen garylyp bilmeýşi ýaly, olar hem biri-birleri bilen garyşyp bilmezler.

44Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar. 45Seniň özüňiň görşüň ýaly, adam eli degmezden dagdan gopan daş demri, bürünji, toýny, kümşi we altyny çym-pytrak etdi. Beýik Hudaý mundan soň nämeleriň boljagyny patyşa aýan etdi. Bu düýş dogrudyr we onuň ýorgudy-da hakykatdyr!»

46Soňra Nebukadnesar patyşa ýere ýüzin düşüp, Danyýele tagzym etdi. Oňa galla sadakasyny we ýakymly ysly tütetgi hödür etmeklerini buýurdy. 47Patyşa Danyýele: «Sen bu syry açyp bildiň. Hakykatdan-da, seniň Hudaýyň hudaýlaryň Hudaýy, patyşalaryň Taňrysy we syrlary aýan edýän Hudaýdyr» diýdi. 48Soňra patyşa Danyýele ýokary wezipe berdi, oňa köp gymmatbaha sowgatlar etdi. Ony tutuş Babyl welaýatyna ýolbaşçy belledi we ähli Babyl akyldarlaryna baştutan goýdy. 49Danyýel patyşadan haýyş edip, Şadragy, Meýşagy we Abednegony Babyl welaýatynyň ýokary wezipelerine belletdi, emma Danyýeliň özi köşkde galdy.
Copyright information for TukLat16