Daniel 3
Altyn heýkel
1Nebukadnesar patyşa bir altyn heýkel ýasatdy. Onuň boýy altmyş, ini alty tirsekdi. Patyşa heýkeli Babyl welaýatynyň Deýra diýen düzlüginde dikdi. 2Soňra Nebukadnesar patyşa häkimlere, serdarlara, wezirlere, geňeşçilere, hazynadarlara, kazylara, kanun gözegçilerine we welaýatyň ähli han-beglerine çapar ýollap, olara heýkeliň açylyş dabarasyna gatnaşmaklaryny buýurdy. 3Şeýlelikde häkimler, serdarlar, wezirler, geňeşçiler, hazynadarlar, kazylar, kanun gözegçileri we welaýatyň ähli han-begleri Nebukadnesar patyşanyň diken heýkeliniň açylyş dabarasyna ýygnanyşdylar. Olar Nebukadnesaryň diken heýkeliniň öňünde durkalar, 4jarçy batly ses bilen şuny yglan etdi: «Eý, halklar, milletler, uruglar! Size şeýle buýruk berilýär: 5Surnaýyň, tüýdügiň, liranyň, üçburç liranyň, arfanyň, depregiň we beýleki saz gurallarynyň sesini eşiden badyňyza Nebukadnesar patyşanyň diken altyn heýkeliniň öňünde ýere ýüzin düşüp sežde ediň. 6Ýere ýüzin düşüp sežde etmedik adam duran ýerinde ýanyp duran kürä taşlanjakdyr». 7Şeýlelikde, surnaýyň, tüýdügiň, liranyň, üçburç liranyň, arfanyň, depregiň we beýleki saz gurallarynyň sesi eşidilen badyna ähli halklar, milletler we uruglar ýere ýüzin düşüp, Nebukadnesar patyşanyň diken altyn heýkeline sežde etdiler. 8Edil şol wagt babyllylardan käbirleri patyşanyň huzuryna gelip, ýahudylary ýamanladylar. 9Olar Nebukadnesar patyşa şeýle diýdiler: «Patyşa baky ýaşasyn! 10Eý, patyşa, sen surnaýyň, tüýdügiň, liranyň, üçburç liranyň, arfanyň, depregiň we beýleki saz gurallarynyň sesi eşidilen badyna ähli kişi ýere ýüzin düşüp, altyn heýkele sežde etmeli diýip buýruk berdiň. 11Ýere ýüzin düşüp sežde etmedigiň ýanyp duran kürä taşlanjakdygyny duýdurypdyň. 12Ine, Babyl welaýatynda seniň ýokary wezipelere bellän Şadrak, Meýşak we Abednego atly ýahudylaryň bar. Ine, patyşahym, şol adamlar seniň buýrugyňa boýun egmeýärler. Olar seniň hudaýlaryňa gulluk etmeýärler we seniň diken altyn heýkeliňe sežde etmeýärler». 13Şonda Nebukadnesar gahar-gazaba münüp, Şadragy, Meýşagy we Abednegony getirmeklerini buýurdy. Şeýdip, olary patyşanyň huzuryna getirdiler. 14Nebukadnesar olara: «Eý, Şadrak, Meýşak, Abednego, siz hakykatdan hem meniň hudaýlaryma gulluk etmeýärsiňizmi, diken altyn heýkelime sežde etmeýärsiňizmi? 15Entek hem bir pille, siz surnaýyň, tüýdügiň, liranyň, üçburç liranyň, arfanyň, depregiň we beýleki saz gurallarynyň sesini eşiden badyňyza ýüzüňizi ýere berip, meniň diken heýkelime sežde etmäge taýýar bolsaňyz ne ýagşy. Emma sežde etmekden boýun gaçyrsaňyz, duran ýeriňizde ýanyp duran kürä taşlanarsyňyz. Sizi meniň elimden halas edip biljek hudaý barmyka?» diýdi. 16Şadrak, Meýşak we Abednego Nebukadnesar patyşa şeýle jogap berdiler: «Bu ýagdaýda özümizi senden goramagyň geregi ýok. 17Eý, patyşahym, bizi ýanyp duran küreden halas edip bilýän Hudaý – bu biziň gulluk edýän Hudaýymyzdyr, Ol bizi seniň eliňden halas eder. 18Ýöne Ol bizi halas etmese-de, eý, patyşahym, şuny bilip goýgun: biz seniň hudaýlaryňa gulluk etmeris, seniň diken altyn heýkeliňe sežde etmeris».Danyýeliň üç dosty ýanyp duran kürä taşlanýar
19Şundan soň Şadraga, Meýşaga we Abednego garşy Nebukadnesaryň gahar-gazaby ot bolup tutaşdy. Gahardan ýaňa hatda onuň ýüzi gamaşyp gitdi. Ol ýanyp duran küräni adatdakysyndan hem ýedi esse artyk gyzdyrmaklaryny buýurdy. 20Şeýle hem ol goşunyndaky iň güýçli esgerlere Şadragyň, Meýşagyň we Abednegonyň el-aýagyny daňyp, olary ýanyp duran kürä taşlamaklaryny buýurdy. 21Şeýlelikde, uzyn köýnekli, donly, selleli we beýleki geýim-gejimli halda el-aýaklaryny daňyp, olary ýanyp duran kürä taşladylar. 22Patyşanyň buýrugynyň juda berkdigi sebäpli küre çendenaşa gyzdyrlandygy üçin, Şadragy, Meýşagy, Abednegony oda taşlan adamlar onuň howruna ýandylar. 23Şadrak, Meýşak we Abednego bolsa daňlyp, ýanyp duran küräniň içine ýykyldylar. 24Şol wagt Nebukadnesar patyşa gorkudan ýaňa aňk bolup, haýran galyp, çaltlyk bilen ör-boýuna galdy. Ol geňeşçilerine ýüzlenip: «Biziň daňyp, oduň içine atanymyz üç adam dälmidi näme?» diýdi. Olar: «Dogry, eý, patyşahym!» diýip jogap berdiler. 25Patyşa: «Emma men oduň içinde gezip ýören, el-aýagy çözülen dört adamy görýärin. Olara hiç hili zeper ýetmändir we olaryň dördünjisiniň keşbi hudaýlaryň biriniňkä ▼▼Hudaýlaryň biriniňkä – sözme-söz terjime: Hudaýyň ogluna.
meňzeýär» diýdi. 26Onsoň Nebukadnesar ýanyp duran küräniň agzyna golaý baryp: «Eý, Beýik Hudaýyň sadyk gullary Şadrak, Meýşak we Abednego, daşary çykyň! Bäri geliň!» diýdi. Şeýdip, Şadrak, Meýşak we Abednego oduň içinden çykdylar. 27Emirler, serdarlar, häkimler we patyşanyň geňeşçileri üýşüp, oduň bu adamlara hiç hili zyýan ýetirmändigini gördüler. Olaryň başlaryndaky saçlary-da çirkizilmändi, donlaryna-da zeper ýetmändi, hatda olaryň üstüne oduň ysy hem urmandy. 28Nebukadnesar şeýle diýdi: «Şadragyň, Meýşagyň we Abednegonyň Hudaýyna alkyş bolsun! Perişdesini iberip, Özüne bil baglan gullaryny halas etdi. Olar patyşanyň buýrugyna boýun bolmadylar. Özleriniň Hudaýyndan başga hudaýa gulluk ýa sežde etmezlik üçin, janlaryny howp astyna saldylar. 29Şonuň üçin hem men perman çykarýaryn: Şadragyň, Meýşagyň we Abednegonyň Hudaýyna garşy küpür geplän her bir halkyň, milletiň ýa-da urugyň el-aýagy çapylyp, öý-öwzary weýran ediljekdir. Çünki şunuň ýaly halas edip biljek başga hiç bir hudaý ýokdur». 30Soňra patyşa Şadragy, Meýşagy we Abednegony Babyl welaýatynda has-da ýokary wezipelere belledi. Nebukadnesar patyşanyň ikinji düýşi
31Nebukadnesar patyşa ýer ýüzünde ýaşaýan ähli halklara, milletlere we uruglara şeýle habary iberdi: «Öýleriňiz abadan bolsun! 32Men size Beýik Hudaýyň özüme görkezen alamatlarydyr mugjyzalaryny yglan etmegi makul bildim. 33Onuň alamatlary nähili beýik!Mugjyzalary hem nähili güýçli!
Onuň patyşalygy ebedi şalykdyr!
Hökümdarlygy nesilden-nesle dowam eder».
Copyright information for
TukLat16