‏ Daniel 5

Diwara ýazylan ýazgy

1Belşasar şalyk tagtyna çykandan soň, töreleriniň müňüsi üçin uly meýlis gurady we olar bilen bile şerap içdi. 2Belşasar şerapdan keýplenip, atasy Nebukadnesaryň Iýerusalimdäki ybadathanadan alyp gaýdan altyn we kümüş gap-gaçlaryny getirmekligi buýurdy. Patyşa, onuň töreleri, aýallary we gyrnaklary şeraby şolara guýup içmekçidiler. 3Şeýdip, Iýerusalimdäki ybadathanadan Hudaýyň öýünden alnyp gaýdylan altyn gap-gaçlary getirdiler. Patyşa, onuň töreleri, aýallary we gyrnaklary şeraby şolara guýup içdiler. 4Olar şerap içip, altyndan, kümüşden, bürünçden, demirden, agaçdan we daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladylar.

5Şol pursatda bir ynsan eliniň barmaklary peýda bolup, çyradanyň gapdalyndaky şa köşgüniň diwarynyň ýüzüne bir zatlar ýazmaga başlady. Patyşanyň ýazýan ele gözi düşdi. 6Patyşanyň ýüzünde reňk-pet galmady, pikirleri ony howsala saldy. Onuň süňňi saňňyldap, dyzlary biri-birine degip sandyrap başlady. 7Patyşa: «Palçylary, müneçjimleri we bilgiçleri getiriň» diýip, batly ses bilen gygyrdy. Ol Babyl akyldarlaryna ýüzlenip: «Kimde-kim şu ýazgyny okap, onuň manysyny düşündirip berse, gyrmyzy don ýapylyp, onuň boýnuna altyn zynjyr dakylar we patyşalykda ol meniň sag elim bolar» diýdi. 8Onsoň patyşanyň ähli akyldarlary içeri girdiler, emma olar patyşa bu ýazgyny ne okap berip, ne-de onuň manysyny düşündirip bildiler. 9Mundan soň Belşasar patyşa gaty howsala düşdi, onuň ýüzünde reňk-pet galmady, töreleri hem aljyraňňylyga düşdüler.

10Patyşanyň hem-de onuň töreleriniň sesini eşidip, patyşanyň ejesi meýlishana geldi. Patyşanyň ejesi şeýle diýdi: «Patyşa baky ýaşasyn! Pikirleriň seni howsala salmasyn, ýüzüňiň reňki solmasyn. 11Seniň patyşalygyňda mukaddes hudaýlaryň ruhy bilen doldurylan bir adam bar. Ataňyň döwründe ol nuranalygy, düşünjeliligi, hudaýlar ýaly paýhaslylygy bilen özüni tanatdyrdy. Ataň Nebukadnesar patyşa ony jadygöýleriň, palçylaryň, müneçjimleriň we bilgiçleriň üstünden baştutan edip goýdy. 12Patyşanyň Belteşasar diýip at beren bu Danyýeline düýşleri ýormakda, tapmaçalary bilmekde, kyn ýagdaýdan çykalga tapmakda ýiti aň, bilim we düşünje berlipdir. Indi Danyýeli çagyrt, bu ýazgynyň manysyny saňa ol aýdyp berer».

13Şondan soň Danyýeli patyşanyň huzuryna getirdiler. Patyşa Danyýele şeýle diýdi: «Patyşa atamyň Ýahudadan ýesir edip getiren Danyýeli senmi? 14Men sende hudaýlaryň ruhunyň bardygyny, saňa ýiti aň, düşünje we beýik paýhaslylyk berlendigini eşitdim. 15Bu ýazgyny okap, onuň näme aňladýandygyny maňa aýdyp bermekleri üçin akyldarlary, palçylary huzuryma getirdiler, emma olar munuň näme aňladýandygyny düşündirip bilmediler. 16Ýöne seniň düýşleri ýorup, kyn meseleleri çözüp bilýändigiňi eşitdim. Indi sen bu ýazgyny okap, onuň manysyny maňa düşündirip berseň, saňa gyrmyzy don ýapylar, boýnuňa altyn zynjyr dakylyp, patyşalykda meniň sag elim bolarsyň».

17Şonda Danyýel patyşa şeýle jogap berdi: «Peşgeşleriň, goý, özüňe galsyn, sylag-serpaýlaryňy-da başga birine ber! Ýöne men ýazgyny okap, manysyny saňa düşündirip bereýin. 18Eý, patyşa, Beýik Hudaý seniň ataň Nebukadnesara patyşalyk, beýiklik, şan-şöhrat we hormat berdi. 19Hudaýyň oňa beren beýikliginden ýaňa ähli halklar, milletler we uruglar ondan gorkup sandyraşýardylar. Ol islän adamyny öldürip, islän kişisini-de diri goýýardy. Halanyny beýgeldip, halanyny-da peseldýärdi. 20Emma ol doňýürek bolup, tekepbirlik bilen gopbamsy hereket edende, patyşalyk tagtyndan düşürildi we şöhraty elinden alyndy. 21Ol ynsanlar arasyndan kowuldy, aňy haýwan aňyna öwrüldi. Ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaýyň höküm sürýändigine we patyşalygy Özüniň islän adamyna berýändigine düşünýänçä, ol ýabany eşekler bilen ýaşady, öküzler ýaly ot iýdi, endamy gögüň çygy bilen ýuwuldy. 22Emma sen, onuň ogly Belşasar, bularyň baryny bilip durkaňam ýüregiňi pespäl tutmadyň! 23Gaýtam, özüňi gögüň Taňrysyna garşy goýup, tekepbirlik etdiň. Onuň ybadathanasynyň gap-gaçlaryny seniň huzuryňa getirdiler. Seniň özüň, töreleriň, aýallaryň we gyrnaklaryň olara şerap guýup içdiňiz. Görmeýän, eşitmeýän we bilmeýän, kümüşden, altyndan, bürünçden, demirden, agaçdan, daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladyňyz. Emma janyňyzy Öz elinde saklaýan we ähli ýollaryňyza göz-gulak bolýan Hudaýy şöhratlandyrmadyňyz.

24Şonuň üçin hem Ol bir el goýberip, şeýle ýazgyny ýazdyrdy. 25Ýazylan ýazgy şudur: MENE, MENE, TEKEL we PARSIN. 26Bu sözleriň manysy şeýle: MENE Hudaý seniň patyşalygyňyň möhletini hasaplap
MENE… hasaplap – arameýçe mene sözi hasaplamak diýmegi aňladýar.
, ony soňlady.
27TEKEL sen terezide çekildiň
TEKEL… çekildiň – arameýçe tekel sözi terezide çekildiň diýmegi aňladýar.
we ýeňil çykdyň.
28PERES patyşalygyň bölünip
PERES… bölünip – arameýçe peres sözi bölündiň diýmegi aňladýar. Peres sözi parsin sözüniň birlik sanydyr.
, madaýlara we parslara berildi».

29Şundan soň Belşasaryň buýrugy boýunça Danyýele gyrmyzy don ýapdylar, boýnuna altyn zynjyr dakdylar we ony patyşanyň sag eli diýip jar etdiler. 30Babyl patyşasy Belşasar şol gije öldürildi. 31Patyşalygy altmyş iki ýaşly madaýly Darýuş eline aldy.
Copyright information for TukLat16