‏ Daniel 6

Danyýel ýolbarsly çukura taşlanýar

1Darýuş öz patyşalygynyň üstünden ýüz ýigrimi sany häkim bellemegi makul bildi. Olar tutuş patyşalygyň üstünden garamalydylar. 2Bu häkimleriň hem üstünden sereder ýaly üç sany wezir goýdy. Patyşany alada goýmaz ýaly häkimler bu wezirlere hasabat bermelidiler. Üç weziriň biri hem Danyýeldi. 3Özüniň ýiti zehini bilen Danyýel derrew beýleki wezirleriň we häkimleriň ählisinden tapawutlandy. Patyşa ony tutuş patyşalygyň üstünden garaýan edip bellemegiň niýetindedi. 4Şeýlelikde, wezirler we häkimler patyşalyk işlerinde Danyýeliň üstünden arz eder ýaly bahana gözlemäge başladylar. Emma olar arz eder ýaly ondan hiç hili ýazyk tapmadylar, çünki Danyýel wepalydy. Ondan hiç hili ýalňyşlyk ýa ýazyk tapylmady. 5Ol adamlar: «Danyýele garşy onuň Hudaýynyň kanuny bilen baglanyşykly bir zatlar tapaýmasak, ondan başga aýyp tapyp bilmeris» diýişdiler.

6Onsoň ol wezirler, häkimler dil düwşüp, patyşanyň ýanyna geldiler we oňa: «Darýuş patyşa baky ýaşasyn! 7Patyşalygyň ähli wezirleri, serdarlary, häkimleri, geňeşçileri we emirleri patyşanyň bir perman çykaryp, ony güýje girizmegi barada özara maslahatlaşdylar. Eý, patyşahym, kimde-kim otuz günüň dowamynda senden başga bir ynsana ýa-da hudaýa dileg edip ýüz tutsa, ýolbarsly çukura taşlansyn. 8Eý, şahym, madaýlaryň we parslaryň ýatyrylmajak kanuny hökmünde hiç wagt üýtgedilmez ýaly, şu karary tassykla we permana gol çek» diýdiler. 9Şeýdip, Darýuş patyşa bu permana we karara gol çekdi.

10Permana gol çekilenini bilenden soň, Danyýel öýüne gaýtdy. Onuň ýokarky otagynyň penjireleri Iýerusalime tarap bakýardy. Danyýel öňki edişi ýaly, dyzyna çöküp, günde üç gezek öz Hudaýyna dileg edýärdi we Onuň öňünde şükür edýärdi. 11Şonda dil düwşen adamlar gelip, Danyýeliň öz Hudaýyna dileg edip ýalbaryp oturanyny gördüler. 12Olar patyşanyň ýanyna baryp, onuň permany hakda söz açyp: «Eý, patyşahym! Otuz günüň içinde senden başga bir ynsana ýa-da hudaýa dileg edeniň ýolbarsly çukura taşlanjakdygy baradaky permana gol çekmänmidiň näme?» diýdiler. Patyşa olara: «Madaýlaryň we parslaryň ýatyrylmajak kanuny hökmünde bu söz dogrudyr» diýip jogap berdi. 13Olar: «Şahym, Ýahudadan ýesir edilip getirilenleriň biri bolan Danyýel seni-de, seniň möhür basan permanyňy-da äsgermän, günde üç gezek dileg edýär» diýip, patyşa habar berdiler. 14Bu sözleri eşidip, patyşa agyr ünjä batdy. Ol Danyýeli halas etmegi ýüregine düwdi. Hatda Gün batýança, ony halas etmäge çalyşdy. 15Şol wagt adamlar üýşüp, patyşanyň ýanyna geldiler we oňa: «Eý, şahym, bilip goýgun, madaý we pars kanunyna görä, patyşanyň tassyk eden karary we permany üýtgedilmeli däldir» diýdiler.

16Mundan soň patyşa Danyýeli getirip, ýolbarsly çukura taşlamagy buýurdy. Patyşa Danyýele: «Goý, seni wepalylyk bilen gulluk edýän Hudaýyň halas etsin» diýdi. 17Bir daşy getirip, çukuryň agzynda goýdular. Danyýele degişli hiç zat üýtgedilmesin diýip, patyşa özüniň we töreleriniň möhürli ýüzügi bilen daşy möhürledi. 18Onsoň patyşa köşgüne gitdi. Oňa göwnüni göterer ýaly hiç zat getirilmedi we ol gijesini agyz bekläp geçirdi. Onuň gözüne uky gelmedi.

Danyýel halas edilýär

19Säher bilen daň atan badyna patyşa turup, ýolbarsly çukura tarap howlukdy. 20Ol çukura ýakynlaşanda, naýynjar ses bilen Danyýele: «Eý, diri Hudaýyň guly Danyýel, wepalylyk bilen gulluk edýän Hudaýyň seni ýolbarslardan halas edip bildimi?» diýip gygyrdy. 21Danyýel patyşa şeýle diýdi: «Patyşa baky ýaşasyn! 22Meniň Hudaýym perişdesini iberip, ýolbarslaryň agzyny baglady. Olar maňa zeper ýetirmediler, çünki Hudaýyň huzurynda men bigünä saýyldym. Seniň öňüňde hem, eý, şahym, men hiç bir şer iş eden däldirin». 23Patyşa muňa gaty begendi we Danyýeli çukurdan çykarmaklygy buýurdy. Şeýdip, Danyýel çukurdan çykaryldy, onda hiç hili ýara yzy ýokdy, çünki ol öz Hudaýyna bil baglapdy. 24Patyşanyň buýrugy boýunça Danyýeli şugullan adamlary getirdiler. Olary çagalary we aýallary bilen bilelikde ýolbarsly çukura taşladylar. Olar entek çukuryň düýbüne ýetmänkäler, ýolbarslar olary gapyp, ähli süňklerini owradyp kül etdiler.

25Soňra Darýuş patyşa bütin ýer ýüzünde ýaşaýan halklara, milletlere we uruglara şeýle diýip ýazdy: «Öýleriňiz abadan bolsun! 26Patyşalygyma degişli ýerlerde ýaşaýan her bir adamyň Danyýeliň Hudaýyndan sandyrap gorkmagyny buýruk berýärin. Ol diri Hudaýdyr,
Ol ebedi Hudaýdyr.
Patyşalygy hiç haçan ýykylmazdyr,
hökümdarlygy soňsuzdyr.
27Ol halas edýär we boşadýar.
Gökde hem, ýerde hem alamatlardyr mugjyzalar görkezýär.
Danyýeli ýolbarsyň penjesinden
halas eden hut Oldur».

28Şeýdip, patyşa Darýuşyň we Pars patyşasy Kureşiň döwründe Danyýel rowaçlandy.
Copyright information for TukLat16