Daniel 7
Danyýeliň dört jandar hakyndaky görnüşi
1Babyl patyşasy Belşasaryň şalygynyň birinji ýylynda Danyýel ýatyrka düýşünde görnüşler gördi. Soňra ol düýşüniň özenini ýazyp beýan etdi. 2Ol şeýle gürrüň berdi: «Men gije bir görnüş gördüm, ine, gögüň dört şemalynyň beýik deňze tarap tolkun atýandygyny gördüm. 3Deňizden biri-birine meňzemeýän dört sany uly jandar çykdy. 4Birinjisi ýolbarsa meňzeýärdi we onda bürgüdiň ganatlary bardy. Men seredip durkam, onuň ganatlary goparylyp, ýerden galdy-da, ynsan ýaly iki aýagynyň üstünde durdy. Oňa ynsan ýüregi berildi. 5Ikinji bir jandar peýda boldy. Ol aýa meňzeýärdi. Ol bir gapdalyna dikeldi. Onuň agzyndaky dişleriniň arasynda üç sany gapyrga süňki bardy. Oňa: „Hany, tur, köp et iý!“diýdiler. 6Mundan soň gaplaňa meňzeş başga bir jandar gördüm, onuň dört kellesi, arkasynda bolsa dört ganaty bardy. Oňa hökümdarlyk berlendi. 7Onsoň men gije şol görnüşimde gorkunç, aýylganç we gaty güýçli dördünji bir jandary gördüm. Onuň äpet uly demir dişleri bardy. Ol parçalap iýýärdi, galan-gaçanlaryny bolsa aýaklary bilen mynjyradýardy. Bu özünden öňki jandarlaryň hemmesinden tapawutlanýardy. Onuň on sany şahy bardy. 8Şahlara üns berip durkam, olaryň arasyndan ýene-de başga bir kiçijik şah peýda boldy. Öňki peýda bolan şahlardan üçüsi onuň öňünden köki-damary bilen sogruldy. Bu şahyň ynsanyň gözlerine meňzeş gözleri we tekepbirlik bilen gepleýän agzy bardy.Hudaýyň hökümi
9Men seredip durkam tagtlar guruldy. Owaldan Bar Bolan tagtynda oturdy. Onuň geýimleri gar ýaly ap-akdy, başyndaky saçlary hem pamyk ýaly ap-akdy. Onuň tagty oduň ýalny kimindi, tigirleri ýanyp duran otdy. 10Öňünden bir otly çeşme çogup akýardy. Müňlerçe müňler Oňa hyzmat edýärdi. On müňlerçe on müňler huzurynda dik durýardy. Kazyýet mejlisi höküme başlady, kitaplar açyldy. 11Şahyň agzyndan çykýan tekepbir sözler meniň ünsümi özüne çekdi. Bu jandar gözümiň alnynda öldürildi we maslygy ýok edilip, ýanyp duran oda taşlandy. 12Beýleki galan jandarlaryň hem ellerinden hökümdarlyk alyndy, emma olaryň ömürleriniň möhleti wagtlaýynça uzaldyldy. 13Gije şol görnüşimde ynsan ogluna meňzeş biriniň gögüň bulutlary bilen gelýändigini gördüm. Ol owaldan Bar Bolanyň ýanyna ýakynlaşyp, Onuň huzuryna getirildi. 14Ähli halklar, milletler we uruglar oňa gulluk etsinler diýip, oňa hökümdarlyk, şöhrat we patyşalyk berildi. Onuň hökümdarlygy sowulmaz baky hökümdarlykdyr. Patyşalygy hiç wagt ýykylmajak patyşalykdyr».Görnüşleriň düşündirilişi
15Gören görnüşlerim men Danyýeli böwrüme pyçak sanjylan ýaly howsala saldy. 16Men ol ýerde duranlaryň birine ýakynlaşyp, ondan bulara degişli ähli hakykaty soradym. Şeýdip, ol maňa bu zatlaryň ýorgudyny aýdyp berdi: 17«Bu dört uly jandar ýer ýüzünde dört patyşanyň aýaga galjagydyr. 18Emma patyşalygy Beýik Hudaýyň mukaddes adamlary alarlar, olar patyşalyga hemişelik, ömürbaky we ebedilik eýelik ederler». 19Soňra men beýleki jandarlaryň ählisinden tapawutly, örän gorkunç, dişleri demirden, dyrnaklary bürünçden, çeýnäp parçalaýan, galan-gaçanlaryny bolsa aýaklary bilen mynjyradýan dördünji haýwan hakynda hakykaty bilmek isledim. 20Onuň başyndaky on şahdan soňra çykan bir şahyň hem nämedigini bilesim geldi. Bu şahyň öňünde öňki üç şah ýykyldy. Bu şahyň gözleri we tekepbirlik bilen gepleýän agzy bardy, görnüşi beýlekilerden has uludy. 21Men seredip durkam, bu şah Hudaýyň mukaddes adamlary bilen uruş etdi we olardan üstün çykdy. 22Onsoň owaldan Bar Bolan gelip, Özüniň mukaddes adamlarynyň haýryna höküm çykardy. Beýik Hudaýyň mukaddes adamlary üçin patyşalygy eýelemegiň wagty geldi. 23Meniň söhbetdeşim şeýle diýdi: «Dördünji jandar ýer ýüzünde dörejek dördünji patyşalykdyr. Ol ähli patyşalyklardan tapawutly bolup, tutuş ýer ýüzüni çeýnär, ony depeläp, bölek-bölek eder. 24On şah bolsa bu patyşalykdan çykjak on patyşadyr. Bulardan soňra öňkülerden tapawutly başga bir patyşa döräp, öňki üç patyşany ýykyp taşlar. 25Ol Beýik Hudaýa garşy küpür geplär, Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryny ezer. Baýramçylyk senelerini we kanunyny üýtgetmäge dyrjaşar. Onsoň bular bir wagta, iki wagta, ýarym wagta çenli bu patyşanyň eline berler. 26Emma kazyýet mejlisi höküm çykarar. Onuň hökümdarlygy elinden alnar, wes-weýran bolup, bütinleý ýok ediler. 27Patyşalyk, hökümdarlyk, tutuş gögüň astyndaky patyşalyklaryň beýikligi Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryna berler. Bu halkyň patyşalygy ebedi patyşalyk bolar. Ähli hökümdarlar bu halka gulluk edip, boýun egerler». 28Ine, şu ýerde gürrüň gutarýar. Pikirlerim men Danyýeli howsala saldy, ýüzümde reňk-pet galmady, emma men bu sözleri ýüregimde sakladym.
Copyright information for
TukLat16