Daniel 8
Danyýeliň goç we erkeç hakyndaky görnüşi
1Patyşa Belşasaryň patyşalygynyň üçünji ýylynda men Danyýel öňki görenimden başga ýene bir görnüş gördüm. 2Görnüşde men özümi Eýlam welaýatyndaky Suza galasynda gördüm. Men özümiň Ulaý kanalynyň boýunda durandygymy gördüm. 3Men seredip durkam, kanalyň kenarynda bir goç gördüm. Onuň iki şahy bardy. Şahlarynyň ikisi hem uzyndy, ýöne biri beýlekisinden has uzyndy we şol uzyny soň çykypdy. 4Goçuň günbatar, demirgazyk we günorta taraplara süsýändigini gördüm. Hiç bir haýwan onuň öňünde durup, hiç kim onuň elinden gutulyp bilmeýärdi. Ol islän zadyny edýärdi we gitdigiçe güýçlenýärdi. 5Men syn edip durkam, ine, günbatardan bir erkeç peýda boldy. Ol aýagyny ýere basmazdan, bütin ýer ýüzüni aýlanyp çykdy. Onuň iki gözüniň ortasynda göze ilip duran bir şahy bardy. 6Ol kanalyň kenarynda duran, meniň gören iki şahly goçumyň ýanyna gelip, bar gazaply güýji bilen oňa okduryldy. 7Men onuň goça golaý baranyny gördüm. Ol goça gazap bilen hüjüm etdi, ony süsüp, iki şahyny-da döwdi. Onuň öňünde durmaga goçuň güýji ýokdy. Erkeç ony ýere çalyp depeledi. Goçy onuň elinden halas etjek hiç kim ýokdy. 8Onsoň erkeç has güýçlendi, emma onuň güýji has beýgelende, onuň şol ýeke uly şahy döwüldi we onuň ýerine gögüň dört şemalyna garap duran dört sany göze ilginç şah peýda boldy. 9Olaryň birinden başga bir kiçijik şah peýda boldy. Ol günorta, gündogara we owadan ýurda tarap has ulaldy. 10Kiçijik şah ulalyp, asman jisimine çenli baryp ýetdi. Ol goşundan, ýagny ýyldyzlardan birnäçesini ýere taşlap depgiledi. 11Kiçijik şah özüni hatda goşun serdaryna çenli beýgeltdi. Ol goşun serdarynyň elinden gündelik ýakma gurbanlygyny alyp, mukaddes öýi ýok etdi. 12Pitne turzany sebäpli gündelik ýakma gurbanlygy goşun bilen birlikde onuň ygtyýaryna berildi. Ol hakykaty ýere çalyp, her bir eden işinde üstünlik gazandy. 13Onsoň men bir perişdäniň geplänini eşitdim. Başga bir perişde bu geplän perişdä şeýle sorag berdi: «Bu görnüşde görlen zatlar haçana çenli dowam ederkä? Haçana çenli gündelik ýakma gurbanlygynyň ýerini weýrançylyk getirýän gozgalaň tutjakka we mukaddes öý bilen goşun aýak astyna taşlanyp depelenjekkä?» 14Ol: «Bu waka iki müň üç ýüz gije-gündiz dowam eder. Soňra mukaddes öý adalatsyzlykdan tämizlener» diýip jogap berdi.Jebraýyl görnüşi düşündirýär
15Men Danyýel gören görnüşimden many çykarmaga synanyşýarkam, birdenkä ynsan sypatyndaky biri meniň öňümde peýda boldy. 16Men Ulaý kanalynyň ortasyndan bir ynsanyň sesini eşitdim, ol gygyryp: «Jebraýyl, bu adama görnüşden many çykarmaga kömek et» diýdi. 17Şeýdip, Jebraýyl meniň duran ýerime geldi. Ol gelende, men dowla düşüp, özümi ýere taşladym. Emma ol maňa: «Eý, ynsan ogly, muny bilgin, bu görnüş ahyrzamana degişlidir» diýdi. 18Ol maňa bu sözleri aýdýarka, huşumdan gidip, ýere ýüzin ýykyldym, ýöne ol meni tutup, aýak üstüne galdyrdy. 19 Jebraýyl maňa şeýle diýdi: «Diňle, ahyrky gahar-gazap günleri nämeleriň boljagyny men saňa aýdaýyn. Çünki bu görnüş ahyrzamanyň bellenen wagtyna degişlidir. 20Seniň gören iki şahly goçuň Madaý we Pars patyşalarydyr. 21Erkeç bolsa Gresiýanyň patyşasydyr. Onuň iki gözüniň ortasyndaky uly şahy bolsa onuň ilkinji patyşasydyr. 22Ol şahyň döwlüp, ýerine dört şahyň çykmagy ol milletden dört patyşalygyň çykjakdygyny, ýöne olaryň ilkinji patyşalyk ýaly güýçli bolmajakdygyny aňladýar. 23Bu dört patyşalygyň soňy ýakynlaşanda, günäleri ýetjek derejesine ýetende, tekepbir, diýseň mekir patyşa dörär. 24Ol güýçlenip kuwwatlanar, ýöne bu onuň öz güýji bilen bolmaz. Ol elhenç weýrançylyklar getirer, edýän işi rowaçlanar. Ol güýçlüleri we mukaddes adamlary heläk eder. 25Öz danalygy bilen hilegärlikde üstünlik gazanar we ýüreginde özüni beýgelder. Duýdurmazdan köp halky ýok eder, hatda hökümdarlaryň Hökümdaryna garşy çykar. Emma onuň özi ynsan eli degmezden synar. 26Agşam we ertir baradaky saňa görkezilen bu görnüş hakykatdyr. Emma bu görnüşi gizlin sakla, çünki ol uzak bir gelejege degişlidir». 27Men Danyýel takatdan düşdüm, birnäçe günläp ýaramadym. Soňra aýak üstüne galyp, ýene-de patyşanyň işleri bilen meşgul boldum. Men bu görnüşe aňka-taňka boldum, oňa düşünmedim.
Copyright information for
TukLat16