Deuteronomy 2
1«Rebbiň maňa aýdyşy ýaly, biz Gyzyl deňziň ýoly bilen çöle tarap gaýtdyk we ençeme günläp Segir daglygynyň töwereginde aýlanyp gezdik».Ysraýyllar Edomyň we Mowabyň içinden geçýärler
2«Soňra Reb maňa şeýle diýdi: 3„Siz bu daglygyň daşynda gaty köp aýlandyňyz. Indi sen demirgazyk tarapa öwrül 4we adamlardan şulary talap et: ‘Siz häzir Segirde ýaşaýan garyndaşlaryňyz Ysawyň nesilleriniň üstünden geçmeli. Olar sizden gorkarlar, şonuň üçin siz örän seresap boluň. 5Olar bilen urşa girişmäň, çünki Men size olaryň ýerinden ýekeje garyş-da ýer berjek däl. Çünki Segir daglygyny Men Ysawa mülk berdim. 6Siz iýjek iýmitiňizi hem, içjek suwuňyzy hem olardan satyn alyp iýip-içiň’“. 7Hudaýyňyz Reb, hakykatdan-da, siziň her bir tutan işiňize bereket berdi. Siziň bu ummasyz çölüň içi bilen barýandygyňyzy Ol bilýärdi. Şol geçen kyrk ýylyň içinde, Hudaýyňyz Reb siziň bilen bile boldy. Siz hiç zada zar bolmadyňyz. 8Şeýdip, biz Segirde ýaşaýan garyndaşlarymyz Ysawyň nesilleriniň üstünden geçdik. Eýlat we Esýongeberden Araba düzlügine gidýän ýol bilen gidip, Mowap çölüne tarap ugradyk. 9Reb maňa: „Mowaplara duşman gözi bilen garama ýa-da olar bilen urşa girme, çünki Ar galasyny Lutuň nesillerine mülk berendigim sebäpli, Men size olaryň ýerinden mülk edip, hiç zat berjek däl“diýdi. 10(Ol ýerde anaklar ýaly uzyn boýly, güýçli we köp sanly eýmimler ýaşaýardy. 11Olar hem anaklar ýaly rapalar saýylýardy. Emma mowaplar olary eýmimler diýip atlandyrdylar. 12Şeýle hem Segirde horylar ýaşaýardylar, emma Ysawyň nesilleri olary kowup çykardylar. Ysraýyllaryň Rebbiň mülk beren ýerinde edişleri ýaly, Ysawyň nesilleri-de olary ýok edip, ýerlerinde özleri ornaşdylar.) 13Reb: „Indi bolsa Zeret deresinden geçeliň“diýdi. Şeýdip, Rebbiň buýrugyna görä, biz Zeret deresinden geçdik. 14Kadeşbarneýadan ýola düşüp, Zeret deresinden geçýänçäk, dogry otuz sekiz ýyl geçdi. Rebbiň aýdyşy ýaly, şol döwrüň içinde bu nesliň urşujylary ölüp gutardy. 15Hawa, tä Ysraýyl düşelgesindäki urşujylaryň ählisi ölüp gutarýança, hut Rebbiň Özi olara garşy boldy. 16Halkyň arasyndaky ähli urşujylar ölüp gutaran badyna, 17Reb maňa şeýle diýdi: 18„Bu gün siz Ar galasynda Mowabyň araçägini kesip geçersiňiz. 19Ammonlaryň serhedine golaýlaşanyňyzda, olara duşmançylyk gözi bilen garamaň, olar bilen urşa girmäň, sebäbi Men ammonlaryň ýerini size mülk berjek däldirin, çünki Men ol ýeri Lutuň nesillerine berdim“. 20(Aslynda bu ýer rapalaryň ýeri hasaplanýardy. Olar bu ýerde öňden bäri ýaşaýardylar. Ammonlar olara zamzumlar diýip at berdiler. 21Zamzumlar anaklar ýaly uzyn boýludylar, güýçlüdiler we san taýdan köp adamlydylar. Muňa garamazdan, Reb olary ammonlaryň öňünden ýok etdi. Ammonlar olary kowup çykaryp, olaryň ýerinde özleri ornaşdylar. 22Reb Segirde ýaşaýan Ysawyň nesilleri bilen hem şeýle etdi. Olaryň öňünden horylary ýok etdi. Ysawyň nesilleri horylary kowup çykaryp, olaryň ýerinde özleri ornaşdylar. Hatda olar şu güne çenli hem şol ýerde ýaşaýarlar. 23Kaptordan çykyp gaýdan kaptorlylar Gaza galasyna çenli gidýän obalarda ýaşaýan awalary ýok edip, olaryň ýerinde özleri ornaşdylar.) 24„Tur, ýola düş! Arnon jülgesinden geç! Ine, Men Heşbondaky amorlaryň hany Sihony we onuň ýerini seniň eliňe berdim. Ýurdy eýelemäge başla, Sihon bilen urşa gir. 25Şu günden başlap, Men ýer ýüzündäki ähli halkyň üstünden gorky we howp salaryn. Seniň adyňy eşidenlerinde, olar gorkudan ýaňa titreşer durarlar“».Ysraýyllar Sihon bilen Og hany derbi-dagyn edýärler
(Çölde 21:1-30)
26«Şeýdip, men Kedemot çölünden Heşbonyň hany Sihona, ine, şu parahatçylyk sözlerini aýdyp, ilçileri ýolladym: 27„Maňa öz ýurduňyň üstünden geçmäge rugsat et. Diňe ýoldan ýöräýin, saga hem, çepe hem sowulmaýyn. 28Iýmäge iýmitimizi, içmäge suwumyzy sizden satyn alaly. Pyýadalap diňe ýoluňdan geçsem bolýar. 29Segirde ýaşaýan Ysawyň nesilleri ýaly we Arda ýaşaýan mowaplar ýaly, sen hem maňa Iordandan geçip, Hudaýymyz Rebbiň bize berýän ýurduna ýetmek üçin öz ýurduňyň üstünden geçmäge rugsat et“. 30Emma Heşbonyň hany Sihon bize ýurdunyň üstünden geçmäge rugsat etmedi. Çünki Hudaýyňyz Reb şu günki görşüňiz ýaly, ony siziň eliňize bermek üçin, onuň kalbyny gatadyp, doňýürek etdi. 31Reb maňa: „Ine, Men Sihony we onuň ýurduny saňa bermäge girişdim. Indi sen hem onuň ýerini eýelemäge başla“diýdi. 32Şeýlelikde, Sihon ähli urşujylary bilen Ýahasda biziň garşymyza söweşmäge çykdy. 33Hudaýymyz Reb ony biziň elimize berdi. Biz Sihonyň özüni, onuň tohum-tijini we ähli urşujylaryny gyrdyk. 34Şol bir wagtyň özünde onuň ähli galalaryny basyp aldyk. Ähli galalaryndaky erkekleri, aýallary we çagalary bütinleý ýok etdik. Ol ýerde ýekeje-de adam galdyrmadyk. 35Diňe mal-garalary, şeýle hem basyp alan galalarymyzyň baýlyklaryny olja edip aldyk. 36Arnon jülgesiniň gyrasyndaky Aroger galasyndan başlap (jülgäniň özündäki gala hem degişlidir), tä Gilgada barýança, biziň üçin ýekeje-de berk gala ýokdy. Hudaýymyz Reb olaryň hemmesini biziň elimize berdi. 37Muňa garamazdan, Hudaýymyz Rebbiň bize tabşyryşy ýaly, Ýabok derýasynyň boýunda we daglykdaky galalarda ýaşaýan ammonlaryň ýerine çozup girmedik».
Copyright information for
TukLat16