Deuteronomy 21
Näbelli ganhor tarapyndan öldürilenler hakynda
1Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berýän ýurdunda kim tarapyndan öldürilendigi näbelli bir jeset meýdanda tapylsa, 2ýaşulularyňyz we kazylaryňyz gidip, jesediň golaýyndaky galalara çenli bolan aralygy ölçesinler. 3Jesediň golaýyndaky galanyň ýaşululary öň hiç işde ulanylmadyk, boýnuna boýuntyryk salynmadyk bir ýaşar göläni alsynlar. 4Ýaşulular bu göläni heniz sürülmedik we ekilmedik ýere – akar suwuň boýuna getirip, onuň boýnuny omursynlar. 5Soňra ruhanylar, ýagny Lewiniň ogullary gelsinler, çünki Hudaýyňyz Reb Özüne hyzmat eder ýaly we Öz adyndan halka pata berer ýaly, olary ruhany edip saýlady. Ähli uruşlary we dawalary olar çözýärler. 6Jesediň iň golaýyndaky galanyň ähli ýaşululary akar suwuň boýunda boýny omrulan ýaş göläniň üstünde ellerini ýuwsunlar. 7Soňra olar şeýle sözleri jar çeksinler: „Bu gana biziň elimiz bulaşmady, kimiň edenini-de gözümiz bilen görmedik. 8Ýa Reb, Öz azat eden halkyňy – ysraýyllary bagyşla. Nähak dökülen ganyň günäsini Öz halkyň Ysraýylyň arasynda galdyrma“. Şonda olar şol ganyň günäsinden boşarlar. 9Şeýdip, nähak dökülen ganyň günäsini öz araňyzdan aýryp, Rebbiň nazarynda dogry işleri edersiňiz.Ýesir düşen aýala öýlenmek hakda
10Duşmanlaryňyza garşy urşa çykanyňyzda, Hudaýyňyz Reb olary siziň eliňize berse, siz hem olary ýesir alsaňyz 11we ýesirleriň arasyndan bir owadan aýala göwnüňiz gidip, oňa öýlenmekçi bolsaňyz, 12ony öýüňize alyp geliň. Ol aýal saçyny syrsyn we dyrnaklaryny alsyn. 13Egnindäki ýesirlik geýimlerini çykaryp, seniň öýüňde tutuş bir aý oturyp, ene-atasynyň ýasyny tutsun. Şondan soň sen onuň ýanyna girip, onuň adamsy bolarsyň, ol hem seniň aýalyň bolar. 14Emma soňrak ony halamasaň, sen ol aýaly boşatmalysyň. Sen onuň namysyna degendigiň üçin, ony gyrnak hökmünde satmaly dälsiň.Nowbahar ogluň paýy
15Bir adamyň iki aýaly bolup, birini halap, beýlekisini halamaýan bolsa, olaryň ikisi-de oňa ogul dogrup berse we halamaýan aýalynyň ogly onuň nowbahar ogly bolsa, 16bir gün emlägini ogullaryna paýlanda, ol halamaýan aýalyndan bolan nowbahar oglunyň paýyny halaýan aýalynyň ogluna bermesin. 17Ol halamaýan aýalynyň ogluny nowbahar oguldygyny boýun alyp, oňa ähli zadyndan iki esse paý bermelidir, çünki ol ogul onuň juwanlyk çagynyň ilkinji miwesidir. Ilkinji ogullyk haky onuňky bolmalydyr.Boýun egmezek ogul
18Eger biriniň hötjet, boýun egmezek, ata-enesine gulak asmaýan, olaryň terbiýesini almaýan ogly bar bolsa, 19ata-enesi ony tutup, şol ýerdäki galanyň derwezesiniň golaýyna, ýaşulularyň ýanyna getirsin. 20Olar galanyň ýaşulularyna: „Biziň bu oglumyz dikdüşdi we gyňyr. Ol bize boýun egenok. Ol açgöz hem içegen“diýsinler. 21Soňra galanyň ähli erkekleri ony daşlap öldürsinler. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň. Ähli ysraýyllar muny eşidip gorkarlar.Jenaýatçynyň jesedi
22Eger biri jenaýat edip, ölüm jezasyna höküm edilse we siz ony agaçdan asyp öldürseňiz, 23onuň jesedini agaçdan uzak gije asyp goýmaň. Siz ony hökman şol gün jaýlamalysyňyz, çünki agaçdan asylan adam Hudaý tarapyndan näletlenendir. Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berýän ýerini harama çykarmaň.
Copyright information for
TukLat16