‏ Deuteronomy 26

Ilkinji hasyldan berilýän sadakalar

1Hudaýyňyz Rebbiň mülk edip berýän ýurduna gelip, ol ýerde ornaşanyňyzda, 2Onuň size berýän bu ýeriniň ähli miweleriniň ilkinji hasylyndan sebede salyp, Özüne ybadat edilmegi üçin Hudaýyňyz Rebbiň saýlajak ýerine baryň. 3Siz şol döwürde hyzmat edýän ruhanynyň ýanyna baryp, oňa: „Bu gün men Rebbiň ata-babalarymyza wada eden ýurduna gelendigimi Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda jar edýärin“diýiň. 4Ruhany siziň eliňizden sebedi alyp, Hudaýyňyz Rebbiň gurbanlyk sypasynyň öňünde goýsun. 5Sen Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şeýle diý: „Sergezdan siriýaly meniň ata-babamdy. Ol birnäçe adam bilen Müsüre gitdi we ol ýerde gelmişek bolup ýaşady. Ondan köp sanly beýik, güýçli halk emele geldi. 6Müsürliler bizi ezdiler, gynadylar, agyr işler bilen egnimizden basdylar. 7Biz ata-babalarymyzyň Hudaýy Rebbe dady-perýat etdik. Reb biziň sesimize gulak asdy we biziň çekýän jebirlerimizi, agyr zähmetimizi we ezilýändigimizi gördi. 8Reb Öz gudraty we güýji bilen, äpet elhençlikleriniň güýji bilen, alamatlary we mugjyzalary bilen bizi Müsürden çykaryp getirdi. 9Ine, bizi bu ýere getirip, bize süýt we bal akýan ýurdy berdi. 10Şeýdip, men Rebbiň özüme beren ýeriniň ilkinji miwesini getirdim“. Siz ony Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda goýup, Onuň huzurynda baş egip sežde ediň. 11Soňra Hudaýyňyz Rebbiň özüňize we öýüňize eçilen bolelinligi üçin lewiler we araňyzda ýaşaýan gelmişekler bilen bile şatlanyp baýram ediň.

12Üçünji ýylda (hasylyň ondan biri berilýän ýyly) ähli hasylyňyzyň ondan birini lewilere, gelmişeklere, ýetimlere we dullara bereniňizde, olar galalaryňyzda ondan iýip doýsunlar. 13Soňra siz Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şeýle diýiň: „Men öýümden Seniň mukaddes paýyňy aýyrdym. Seniň maňa beren buýruklaryňyň esasynda men ony lewilere, aramyzda ýaşaýan gelmişeklere, ýetimlere we dullara berdim. Men Seniň buýruklaryňdan hiç ýana çykmadym, olaryň hiç birini ýatdan çykarmadym. 14Men ýas tutýan wagtym mukaddes paýyňdan iýmedim. Murdar wagtym men ondan hiç zat paýlamadym. Men ondan hiç zady ölä hödür etmedim. Edil maňa buýruşyň ýaly edip, Hudaýym Reb, Saňa boýun egdim. 15Mukaddes mekanyň asmandan bize seredip, Öz halkyň Ysraýyly ýalka we ata-babalarymyza söz berşiň ýaly, bize bagyş eden süýt we bal akýan ýurduňa bereket inder“.

Rebbiň saýlan halky

16Hudaýyňyz Rebbiň bu günki size berýän şu parzlaryny we hökümlerini berjaý ediň. Olary tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden ýerine ýetiriň. 17Bu gün siz Rebbiň öz Hudaýyňyz bolmagyny gazanyp, Onuň ýolundan ýörejekdigiňizi, Onuň parzlarydyr tabşyryklaryny we hökümlerini ýerine ýetirip, Oňa gulak asjakdygyňyzy mälim etdiňiz. 18Bu gün Reb söz berşi ýaly, Ol sizi Özüniň gymmatly halky hökmünde saýlandygyny we Onuň buýruklaryny ýerine ýetirmelidigiňizi mälim etdi. 19Çünki Ol şöhratda, meşhurlykda we sylag-hormatda Özüniň ýaradan ähli milletlerinden sizi ýokarda goýdy. Ol Öz söz berşi ýaly, siz Hudaýyňyz Rebbiň mukaddes halky bolarsyňyz».
Copyright information for TukLat16