Deuteronomy 3
1«Soňra biz Başan ýurduna tarap ýolumyzy dowam etdirdik. Başan hany Og söweşmek üçin, Edreýde ähli urşujylary bilen biziň garşymyza çykdy. 2Reb maňa: „Men Ogy, onuň ähli halkyny we ýurduny seniň eliňe berdim. Ondan gorkma. Heşbonda hanlyk süren amor hany Sihony ýok edişiň ýaly, Ogy hem ýok et“diýdi. 3Şeýlelikde, Hudaýymyz Reb Başan hany Ogy hem-de onuň ähli urşujylaryny biziň elimize berdi. Biz olaryň ýekejesini hem diri galdyrman, hemmesini gyrdyk. 4Şol bir wagtyň özünde biz onuň ähli galalaryny basyp aldyk. Ol ýerde basyp alynmadyk ýekeje-de gala galmady. Biz olaryň jemi altmyş galasyny, Oguň Başandaky hanlygy bolan tutuş Argop topragyny basyp aldyk. 5Bularyň hemmesi berk diwarly, gulp bilen ýapylýan iki gat derwezeli berk galalardy. Bulardan başga obalar-da köpdi. 6Edil Heşbonyň hany Sihony ýok edişimiz ýaly, biz olary hem bütinleý ýok etdik. Ähli galalardaky erkekleri, aýallary we çagalary bütinleý ýok etdik. 7Emma ähli mal-garalary we galalardaky baýlyklary özümize olja edip aldyk. 8Şeýdip, biz Iordanyň aňyrsynda amorlaryň iki hanynyň ýurduny basyp aldyk. Arnon jülgesinden Hermon dagyna çenli 9(Sidonlylar Hermon dagyna Sirýon diýýärler, amorlar bolsa oňa Senir diýýärler), 10belent tekizlikdäki ähli galalary, tutuş Gilgady, Salka we Edreýe çenli Başandaky Oguň hanlygynda bolan ähli galalary basyp aldyk. 11(Rapalardan ýeke-täk diri galan Başan hany Ogdy. Oguň tabydy gara daşdan bolup, tirsek ölçegi bilen onuň uzynlygy dokuz tirsek, ini hem dört tirsekdi. Ony ammonlaryň Raba galasynda şu günki gün hem görüp bolýar)».Iordanyň gündogarynda ýer paýlanylýar
(Çölde 32:1-42)
12«Men şol wagtky basyp alan ýerimizi paýladym. Men ruben we gat tirelerine Arnon jülgesiniň çetindäki Arogeriň demirgazygyny, şeýle hem Gilgat daglygynyň ýarysyny onuň galalary bilen bile berdim. 13Gündogardaky manaşa tiresine bolsa Gilgadyň galan ýarysyny we Oguň hanlygy bolan tutuş Başany, ýagny tutuş Argop topragyny berdim. (Tutuş Başan rapalaryň ülkesi diýip atlandyrylýardy.) 14Manaşa tiresinden Ýaýyr diýen adam geşurlylaryň we magakatlylaryň araçägine çenli bolan tutuş Argopy aldy we ol ýerleri Başandan soň öz adyna görä, Hawotýaýyr ▼▼Hawotýaýyr – bu söz Ýaýyryň obalary diýmegi aňladýar.
diýip at berdi. (Ol şu güne çenli hem şeýle atlandyrylýar.) 15Makyra Gilgady berdim. 16Emma ruben we gat tirelerine Gilgat bilen Arnon jülgesiniň aralygyndaky ýerleri berdim. Jülgäniň ortasy olaryň günorta araçägi bolup, olaryň demirgazyk araçägi bolsa ammonlaryň araçägi bolan Ýabok derýasydyr. 17Günbatar araçäk Iordan derýasy bolup, Kinneretden Araba deňzine, ýagny Öli deňze çenli bolan Araba düzlügi we Pisga dagynyň etekleri oňa degişlidir. 18Şol wagt men size şeýle buýruk berdim: „Ine, Hudaýyňyz Reb bu ýurdy mülk edinmek üçin size berdi. Ähli söweşijileriňiz ýaraglansynlar-da, ysraýyl doganlaryňyzyň öňünden ýöresinler. 19Diňe aýallaryňyz, çagalaryňyz we mal-garalaryňyz meniň size beren galalarymda galsynlar. Men siziň köp mal-garalaryňyzyň bardygyny bilýärin. 20Reb doganlaryňyza-da siziňki ýaly parahatçylyk berenden soň we olar hem Hudaýyňyz Rebbiň Iordanyň aňyrsyndan özlerine berýän mülk ýerini eýelänlerinden soň, her biriňiz meniň size beren mülküme dolanyp gelip bilersiňiz“. 21Şol wagt men Ýeşuwa hem tabşyryk berip: „Hudaýyňyz Rebbiň bu iki hana näme edenini öz gözüňiz bilen gördüňiz. Reb siziň üstünden geçjek ähli hanlyklaryňyzy şeýle eder. 22Olardan gorkmaň, çünki siz üçin söweşjek Hudaýyňyz Rebbiň hut Özüdir“diýdim». Musa Kengana barmaga rugsat edilmeýär
23«Şol wagt men Rebbe ýalbaryp şeýle diýdim: 24„Ýa Hökmürowan Reb, Sen Öz beýikligiňi we gudratyňy guluňa ýaňy görkezip başladyň. Ýerde we gökde haýsy hudaý Seniňki ýaly işleri we gudratlary amala aşyryp biler! 25Maňa Iordanyň aňyrsyna geçip, gowy ýurdy, ýagny daglygy we Liwany görmäge rugsat et“. 26Emma Rebbiň siz sebäpli maňa gahary gelip, Ol maňa gulak asmady. Reb maňa: „Besdir indi! Gaýdyp Maňa bu hakda aýtma! 27Pisga dagynyň depesine çyk-da, günbatara, demirgazyga, günorta we gündogara seret. Gowuja seretgin, çünki sen Iordandan aňry geçmersiň. 28Emma Ýeşuwa tabşyr, ony ruhlandyr we güýçlendir, sebäbi halka baş bolup, Iordandan geçjek we seniň görjek şol ýurduňy olara mülk edip paýlap berjek Ýeşuwadyr“diýdi. 29Şeýdip, biz Beýtpegor galasynyň garşysyndaky jülgede saklandyk».
Copyright information for
TukLat16