Deuteronomy 1
Halk Horepden çykýar
1Ine, bu sözler Musanyň Iordan derýasynyň gündogarynda – çöllükde ýaşaýan tutuş ysraýyl halkyna aýdan sözleri. Olar Supuň garşysyndaky Araba düzlüginde, Paran galasy bilen Topel, Laban, Haserot we Dizahap galalarynyň aralygynda ýaşaýardylar. 2Horep ▼▼Horep – bu Sinaý dagynyň beýleki ady.
dagyndan Kadeşbarneýa çenli aralyk Segir daglygynyň üsti bilen gideniňde, on bir günlük ýoldy. 3Kyrkynjy ýylyň on birinji aýynyň birinji güni, Musa Rebbiň buýruşy ýaly edip, ysraýyllara Onuň buýruklaryny ýetirdi. 4Bu Musanyň Heşbonda höküm süren amorlaryň hany Sihony, şeýle hem, Aştarotda we Edreýde höküm süren Başan ýurduň hany Ogy ýeňenden soň boldy. 5Musa Iordanyň gündogarynda – Mowap ýurdundaka ysraýyllara şu kanuny beýan etmäge başlady: 6«Hudaýymyz Reb Horep dagynda şeýle diýdi: „Siz bu dagda uzak wagt bolduňyz. 7Indi ýörişiňizi dowam ediň, amorlaryň ýaşaýan daglygyna, şeýle hem, goňşy ülkelere: Araba düzlügine, daglyga, günbatar baýyrlyklara, Negep çölüne, deňiz ýakasyndaky Kengan ýurduna, Liwana we beýik Ýewfrat derýasyna çenli gidiň. 8Ine, Men bu ýurdy siziň öňüňizde goýdum. Meniň ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba we olaryň nesillerine bermegi wada eden ýurduma gidiň-de, ony mülk ediniň“». Musa halka baştutanlar belleýär
(Müsürden çykyş 18:13-27)
9«Şol wagt men size şeýle diýdim: „Sizi ýeke özüm başaryp biljek däl. 10Hudaýyňyz Reb sizi köpeltdi. Şonuň üçin-de bu gün siziň sanyňyz asmandaky ýyldyzlar deý kän. 11Size söz berşi ýaly, ata-babalaryňyzyň Hudaýy Reb, goý, siziň sanyňyzy mundan-da müň esse artdyrsyn we sizi ýalkasyn! 12Ýöne meniň ýeke özüm ähli dawalaryňyzyň agyr ýüküni gerdenimden nädip aýrarkam? 13Her tiräňizden akylly-paýhasly, düşbi we tejribeli adamlary saýlaň“. 14Siz maňa: „Seniň netijä gelen pikiriň gowy pikir“diýip jogap berdiňiz. 15Şeýlelikde, men siziň her tiräňizden saýlanan bu akylly-paýhasly we tejribeli adamlary siziň üstüňizden baştutan edip, müňbaşylar, ýüzbaşylar, ellibaşylar, onbaşylar goýdum we beýleki baştutanlary belledim. 16Şol wagt men size kazylary hem belledim we olara: „Halkyň arasyndaky dawalara üns berip gulak goýuň, isle ol ýerli bolsun, isle gelmişek bolsun, iki adamyň arasyndaky dawany adalatly çözüň. 17Siz kazylyk edeniňizde, tarapgöýlik etmeli dälsiňiz: uly dawany-da, kiçi dawany-da deň diňläň. Hiç kimden gorkmaň, çünki çözgüt Hudaýdandyr. Size çözmesi kyn düşen dawany maňa getiriň, ony özüm diňlärin“diýdim. 18Şeýdip, şol wagt men size etmeli ähli işleriňizi tabşyrdym».Kadeşbarneýa içalylar iberilýär
(Çölde 13:1-33)
19«Soňra Hudaýymyz Rebbiň edil bize buýruşy ýaly, biz Horep dagyndan çykyp, amorlaryň ýaşaýan daglygynyň üsti bilen tä Kadeşbarneýa baryp ýetýänçäk, siziň gören ägirt uly we ýowuz çölüňiziň içi bilen gitdik. 20Ol ýerde men size şeýle diýdim: „Hudaýymyz Rebbiň bize berjek amorlaryň ýaşaýan daglygyna-da gelip ýetdik. 21Ine, Hudaýyňyz Reb bu ýurdy size berdi. Gidiň-de, ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň size söz berşi ýaly, ony mülk ediniň. Gorkmaň, dowla düşmäň“. 22Emma siziň hemmäňiz şonda meniň ýanyma gelip: „Geliň, ýurdy gözden geçirmek üçin öz aramyzdan adamlary ýollalyň. Olar biziň gitjek ýolumyz hakda, barjak galalarymyz barada habar getirerler“diýdiňiz. 23Bu pikir meniň göwnüme makul boldy. Men her tireden bir adam alyp, jemi on iki adam saýladym. 24Olar ýola düşüp, daglyga tarap gitdiler. Eşkol deresine ýetenlerinde, olar ony gowy gözden geçirdiler. 25Yzlaryna dolanyp gelenlerinde, olar bize şol ýurduň miwe önümlerinden ýygyp getirdiler. Olar: „Hudaýymyz Rebbiň bize berýän ýurdy gowy ýurt eken“diýen habary getirdiler. 26Emma siz ol ýere gitmek islemediňiz. Hudaýyňyz Rebbiň buýrugyna garşy baş göterdiňiz. 27Siz çadyrlaryňyzda hüňürdeşip şeýle diýdiňiz: „Reb bizi ýigrenýär, Ol bizi amorlaryň eline berip ýok etmek üçin Müsürden çykaryp getiripdir. 28Biz ol ýere nädip gideli? Ol ýere goýberen doganlarymyzyň: ‘Ol ýerdäki adamlar bizden güýçli we uzyn boýly. Olaryň galalary göge ýetip duran beýik we berk diwarly galalardyr! Biz ol ýerde hatda anaklary-da gördük’ diýen habary biziň ýüregimizi howsala saldy“. 29Men size şeýle diýdim: „Olardan gorkmaň, dowla düşmäň. 30Müsürde we çölde edil gözüňiziň alnynda siziň üçin söweşişi ýaly, ýene-de öňüňizden ýöräp, siziň üçin söweşjek Hudaýyňyz Rebdir. 31Çölde ýol boýy ýöriş edip, şu ýere gelip ýetýänçäňiz, edil enäniň öz çagasyny elinde göterip gelşi ýaly, Hudaýyňyz Rebbiň sizi nähili gorap getirendigini özüňiz gördüňiz. 32– 33Emma siz şonda-da gijesine ot, gündizine bulut görnüşinde düşlejek ýeriňizi, ýörejek ýoluňyzy görkezip, öňüňizden gidýän Hudaýyňyz Rebbe ynam etmediňiz“».Reb ysraýyllary jezalandyrýar
34«Siziň sözleriňizi eşidip, Rebbiň gaty gahary geldi we ant içip: 35– 36„Meniň siz üçin ata-babalaryňyza söz beren gowy ýurdumy Ýepunne ogly Kalepden başga bu pis nesliň hiç biri görmez. Muny diňe Kalep görer. Men-Rebbe ýürekden wepalydygy üçin Men oňa we onuň nesillerine aýak basan ýurduny berjek“diýdi. 37Siz sebäpli Rebbiň hatda maňa-da gahary gelip, Ol maňa şeýle diýdi: „Sen hem ol ýurda aýagyňy sekmersiň. 38Ol ýurda seniň kömekçiň Nunuň ogly Ýeşuwa barar. Sen ony golda, çünki ýerleri ysraýyllara mülk edip paýlap berjek ýeke-täk adam şoldur“. 39Onsoň Reb tutuş halka: „Uruşda ýesir düşer öýden perzentleriňiz, ýagny bu günki gün ýagşyny-ýamany saýgarmaýan çagalaryňyz ol ýere bararlar. Men bu ýurdy olara berjek, olar muny mülk edinerler. 40Emma siz bolsa Gyzyl deňziň ▼▼Gyzyl deňiz – ýewreýçe Gamyş deňzi.
ýoly bilen yzyňyza, çöle tarap ýöriş ediň“diýdi. 41Siz maňa: „Biz Rebbe garşy günä etdik! Hudaýymyz Rebbiň bize buýruşy ýaly, biz gidip söweşmäge taýýar“diýip jogap berdiňiz. Şeýlelikde, ähliňiz söweş ýaraglaryňyzy dakynyp, daglyga çykmak ýeňil bolar öýdüp pikir etdiňiz. 42Reb maňa: „Olara aýt: gitmesinler, uruşmasynlar, çünki Men olaryň arasynda bolmaryn. Şonuň üçin hem olar duşmanlaryndan ýeňlerler“diýdi. 43Men muny size ýetirdim, emma siz gulak asmadyňyz. Siz Rebbiň buýrugyna garşy baş göterip, men-menlik bilen daglyga gitdiňiz. 44Ol daglykda ýaşaýan amorlar garşyňyza çykyp, Segirden Horma çenli sizi arylar deý kowalap ýençdiler. 45Siz yzyňyza dolanyp gelip, Rebbe dady-perýat etdiňiz. Reb siziň sesiňize ne gulak saldy, ne-de üns berdi. 46Soňra siz uzak wagtlap Kadeşbarneýada galdyňyz».
Copyright information for
TukLat16