‏ Deuteronomy 10

Reb on tabşyrygy gaýtadan ýasy daşlara ýazýar

1Şol wagt Reb maňa: „Ýene-de öňkä meňzeş edip, iki ýasy daş bölegini we olary goýar ýaly bir sandyk ýasa. Soňra Meniň ýanyma – daga çyk. 2Men bu daşlaryň ýüzüne seniň öňki kül-peýekun eden daşlaryňyň ýüzündäki sözleri ýazjak. Sen olary sandyga salyp goý“diýdi. 3Şeýdip, men akasiýa agajyndan sandyk ýasadym we öňkä meňzeş, iki sany ýasy daş bölegini ýasap, daga çykdym. Ol iki ýasy daş bölegi hem elimdedi. 4Soňra Reb dagda üýşen günüňiz ot içinden size aýdan on tabşyrygyny edil öňkä meňzeş sözler bilen bu iki daşyň ýüzüne ýazyp, maňa berdi. 5Men dagdan aşak düşdüm we daşlary sandyga saldym. Rebbiň maňa buýruşy ýaly, daşlar häzir hem ol ýerde dur.

6Şondan soň ysraýyllar Beýerot-beneýagakandan gaýdyp, Mosera geldiler. Ol ýerde Harun öldi we ony şol ýerde jaýladylar. Onuň ýerine onuň ogly Elgazar ruhany boldy. 7Ol ýerden olar Gudgoda geldiler. Gudgodadan bolsa akyp duran çeşmeli Ýotbata diýen ýere ýöriş etdiler.

8Şol mahal Reb: „Äht sandygymy götersinler, huzurymda gurbanlyklar hödürläp hyzmat etsinler, Meniň adymdan pata bersinler“diýip, lewi tiresini saýlady. Olar şu güne çenli hem şeýle edýärler. 9Şonuň üçin hem Lewi tiresine öz ysraýyl doganlarynyň arasyndan paý hem, mülk hem berilmedi. Hudaýyňyz Rebbiň söz berşi ýaly, olaryň paýy Rebbiň Özüdir.

10Edil birinji gezekdäki ýaly, men dagda kyrk gije-gündizläp galdym. Bu gezek hem Reb meni diňledi. Reb sizi ýok etmek pikirinden el çekdi. 11Reb maňa: „Tur, bu halka baş bol, ýörişiňizi dowam ediň. Olar Meniň ata-babalaryna wada eden ýurduma baryp, ony mülk edinsinler“diýdi.

Rebbiň edýän talaby

12Indi, eý, Ysraýyl, Hudaýyňyz Reb sizden näme talap edýär? Hudaýyňyz Reb sizden Özünden gorkmagyňyzy, diňe Onuň ýolundan ýöräp, Ony söýmegiňizi, tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden Hudaýyňyz Rebbe gulluk etmegiňizi isleýär. 13Şeýle hem, gowy günler görmegiňiz üçin, Rebbiň bu günki meniň üstüm bilen berýän tabşyryklarydyr parzlaryny ýerine ýetiriň. 14Şeýle-de gök, gökleriň gögi, ýer ýüzi we onuň üstündäki ähli zatlar Hudaýyňyz Rebbiňki bolsa-da, 15Reb diňe siziň ata-babalaryňyzy ýürekden söýdi we bu günki görşüňiz ýaly, ähli halklaryň arasyndan olaryň soňky nesilleri bolan sizi saýlady. 16Siz özüňizi sünnet etmek bilen birlikde tutuş ýüregiňizi-de Rebbe bagyş ediň we mundan buýana boýnuýogynlygyňyzy goýuň. 17Çünki siziň Hudaýyňyz Reb hudaýlaryň Hudaýy, taňrylaryň Taňrysydyr. Ol beýik Hudaýdyr, gudratly we haýbatlydyr. Ol tarapgöýlik etmeýär we para almaýar. 18Ol ýetimiň we duluň hakyny alyp berýär. Gelmişekleri gowy görüp, olary iýmit we geýim-gejim bilen üpjün edýär. 19Siz hem gelmişekleri gowy görmelisiňiz, çünki siziň özüňiz hem Müsürde gelmişek bolupdyňyz. 20Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň, Oňa bil baglaň, Onuň ady bilen ant içiň. 21Ol siziň şöhratyňyzdyr. Öz gözüňiz bilen gören äpet we elhenç alamatlaryny siziň üçin görkezen Hudaýyňyz Oldur. 22Siziň ata-babalaryňyz Müsüre gidende ýetmiş adamdy. Ine, häzir bolsa Hudaýyňyz Reb siziň sanyňyzy asmandaky ýyldyzlar deý köpeltdi.
Copyright information for TukLat16