‏ Deuteronomy 12

Diňe bir ýerde sežde etmek hakynda

1Ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň size eýelemäge beren ýurdunda bütin ömrüňiziň dowamynda yhlas bilen berjaý etmeli parzlaryňyz we hökümleriňiz şulardyr: 2siziň kowup çykarjak milletleriňiziň öz hudaýlaryna hyzmat edýän beýik daglarynyň depesindäki, baýyrlyklardaky we gür ýaprakly her bir agajyň astyndaky ähli ýerlerini ýykyp ýumruň. 3Olaryň gurbanlyk sypalaryny ýumrup taşlaň, dikme daşlaryny döwüp, Aşera butlaryny oda ýakyň. Olaryň hudaýlarynyň butlaryny parçalap, olaryň adyny ol ýerden ýok ediň. 4Siz Hudaýyňyz Rebbe bu milletleriň ýoly bilen sežde etmeli dälsiňiz. 5Emma Hudaýyňyz Reb ähli tireleriň arasynda Özüne ybadat edilmegi üçin ýer saýlar we siz şol ýeri gözläp taparsyňyz. Siz ol ýere baryň, 6we özüňiziň ýakma gurbanlyklaryňyzy, mal sadakalaryňyzy, hasylyňyzyň ondan birini, üwreme sadakalaryňyzy, aýdan sadakalaryňyzy, meýletin sadakalaryňyzy we mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny eltiň. 7Ol ýerde siz Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda öz hojalygyňyz bilen bilelikde iýip-içip, Hudaýyňyz Rebbiň siziň ähli işleriňize bereket bereni üçin şatlanyň. 8Bu gün biziň bu ýerdäki hereket edişimiz ýaly, hereket etmeli dälsiňiz. Biziň hemmämiz öz islegimize görä hereket edýäris. 9Çünki siz entek Hudaýyňyz Rebbiň salamatlyk we mülk berjek ýerine baryp ýetmediňiz. 10Iordandan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň size mülk berjek ýerinde ýaşanyňyzda, daş-töweregiňizdäki ähli duşmanlaryňyzdan Reb size parahatçylyk alyp berer we siz howpsuz ýaşarsyňyz. 11Şonda siz Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat etmek üçin saýlajak ýerine meniň buýran ähli zatlarymy: ýakma gurbanlyklaryňyzy, mal sadakalaryňyzy, hasylyňyzyň ondan birini, üwreme sadakalaryňyzy, Rebbe göwnüňizden çykaryp aýdan sadakalaryňyzy getiriň. 12Siz ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz bilen Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyp baýram ediň. Bu baýramçylyga araňyzda ýaşaýan lewileri hem çagyryň, sebäbi olaryň ýer paýy ýa mülki ýokdur. 13Seresap boluň, ýakma gurbanlyklaryňyzy islän ýeriňizde berip ýörmäň. 14Siz ony tireleriňiziň içinde diňe Rebbiň saýlajak ýerinde beriň. Siz ol ýerde ýakma gurbanlyklaryňyzy berip, meniň buýurýan ähli zatlarymy ýerine ýetirersiňiz.

15Muňa garamazdan, Hudaýyňyz Rebbiň beren berekedine görä, ýaşaýan ýeriňizde islän wagtyňyz mal öldürip, etini iýip bilersiňiz. Ol keýik bolsun ýa-da sugun, parhy ýok, ondan haram adam hem, tämiz adam hem iýip biler. 16Emma siz ol maly gany bilen iýmeli dälsiňiz. Onuň ganyny suw döken ýaly edip, ýere döküň.

17Galalaryňyzda hiç biriňiz dänäňiziň, şerabyňyzyň we ýagyňyzyň ondan birini, mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny, göwnüňizden çykaryp aýdan sadakalaryňyzy, meýletin we üwreme sadakalaryňyzy iýmeli dälsiňiz. 18Bulary Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Onuň saýlajak ýerinde ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz bilen we galalaryňyzda ýaşaýan lewiler bilen bile iýiň. Öz eden ähli işleriňiz üçin Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyň. 19Ol ýerde lewileri äsgermezlik etmekden ömürboýy ägä boluň.

20Hudaýyňyz Reb Özüniň söz berşi ýaly, siziň ýerleriňizi giňeldende, seniň et iýesiň gelip: „Men et iýjek“diýseň, sen islän wagtyň et iýip bilersiň. 21Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat etmek üçin saýlajak ýeri sizden daş bolsa, meniň buýruşym ýaly, Rebbiň size beren mal-garalarydyr dowarlaryndan soýuň. Siz olary galalaryňyzda islän wagtyňyz iýip bilersiňiz. 22Şeýle hem, ol keýik bolsun ýa-da sugun, parhy ýok, ondan haram adam hem, tämiz adam hem iýip biler. 23Emma gaty seresap boluň, eti gany bilen iýmeli dälsiňiz, çünki gan jandyr. Siz gany et bilen iýmeli dälsiňiz. 24Eti gany bilen iýmäň, onuň ganyny suw döken ýaly edip, ýere döküň. 25Eti gany bilen iýmäň, şonda sizden soňky çagalaryňyz hem, siziň özüňiz hem gowy günler görersiňiz, sebäbi siz Rebbiň nazarynda dogry işleri edýärsiňiz.

26Siz bagyş eden zatlaryňyzy we aýdan sadakalaryňyzy Rebbiň saýlajak ýerine getiriň. 27Ýakma gurbanlyklaryňyzyň ganyny hem, etini hem Hudaýyňyz Rebbiň gurbanlyk sypasyna getiriň. Başga berýän gurbanlyklaryňyzyň ganyny hem Hudaýyňyz Rebbiň gurbanlyk sypasyna döküň, ýöne olaryň etini iýip bilersiňiz.

28Meniň size bu günki buýurýan bu sözlerimiň ählisine gulak goýup, berjaý ediň, şonda sizden soňky çagalaryňyz hem, siziň özüňiz hem gowy günler görersiňiz. Sebäbi siz Hudaýyňyz Rebbiň nazarynda gowy we dogry işler edýärsiňiz.

Butlara sygynmaklyga garşy duýduryş

29Hudaýyňyz Reb siziň eýelejek ýeriňizdäki halklary siziň öňüňizden ýok edende we olary kowup çykaryp, ýerine özüňiz ornaşanyňyzda 30ägä boluň. Olar siziň öňüňizden ýok edilenden soň hem, olaryň bolşy ýaly duzaga düşäýmäň. „Bu halklar hudaýlaryna nädip sežde edýärler? Biz hem şeýle ederis“diýip, olaryň hudaýlaryna degişli soraglar bermäň. 31Siz Hudaýyňyz Rebbe munuň ýaly sežde etmäň, sebäbi olar öz hudaýlaryna Rebbiň ýigrenýän nejis işleriniň ählisini edýärler. Olar hatda hudaýlaryna öz ogullarydyr gyzlaryny oda ýakýarlar. 32Meniň buýranlarymyň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirmelisiňiz. Olaryň üstüne hiç zat goşmaň hem, olardan hiç zat aýyrmaň hem.
Copyright information for TukLat16