Deuteronomy 14
1Siz Hudaýyňyz Rebbiň perzentlerisiňiz. Siz öli üçin bedeniňize ýara salmaň we maňlaý saçyňyzy gyrkmaň. 2Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin, sizi ýer ýüzündäki ähli halklaryň içinden saýlady.Halal we haram haýwanlar hakynda
(Lewiler 11:1-21)
3Siz haram hasaplanýan haýwanlaryň hijisini iýmeli dälsiňiz. 4Siz, ine, şu haýwanlaryň etini iýip bilersiňiz: öküz, goýun, geçi, 5keýik, sugun, jeren, ýabany geçi, dag tekesi, saýgak we dag goçy. 6Toýnagy ýarykly we gäwüş gaýtarýan her bir haýwanyň etini iýip bilersiňiz. 7Emma düýäni, towşany, atýalmany iýmeli dälsiňiz, çünki olar gäwüş gaýtarsalar hem, toýnagy ýarykly däldirler, olar siziň üçin haramdyr. 8Şeýle hem doňuz, onuň toýnagy ýarykly bolsa-da, gäwüş gaýtarmaýar, bu haramdyr. Siz olaryň etini iýmäň we läşini-de ellemäň. 9Suwda ýaşaýan ähli jandarlaryň: ýüzgüçlilerini we teňňelilerini iýip bilersiňiz. 10Ýüzgüçsiz we teňňesiz jandarlary iýmäň. Olar siziň üçin haramdyr. 11Halal hasaplanýan ähli guşlary iýip bilersiňiz. 12Emma, ine, şu guşlaryň: bürgüdiň, garaguşuň, derýa bürgüdiniň, 13– 14– 15çaýçaňňalagyň, laçynyň ähli görnüşleriniň, garganyň ähli görnüşleriniň, düýeguşuň, hüwiniň, çarlagyň, gyrgynyň ähli görnüşleriniň etini iýmeli dälsiňiz; 16– 17– 18baýguşuň, jüptüniň, uly baýguşuň, ak baýguşuň, gotanyň we dazzarkeliň, leglegiň, hokgaryň ähli görnüşleriniň, hüýpüýpigiň we ýarganatyň etini iýmeli dälsiňiz. 19Ähli ganatly mör-möjekler siziň üçin haramdyr. Olary iýmeli dälsiňiz. 20Halal hasaplanýan her bir ganatly jandary iýip bilersiňiz. 21Haram ölen haýwanlaryň hiç biriniň etini iýmäň. Olary galalaryňyzda ýaşaýan gelmişeklere iýmäge beriň, keseki ýurtlulara satyň. Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň.Hasylyň ondan biri hakda
22Her ýyl meýdanlaryňyzda ýetişen hasylyň ondan bir bölegini aýra goýup, 23dänäňiziň, şerabyňyzyň we ýagyňyzyň ondan birini, şeýle hem mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Onuň Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde iýersiňiz. Şonda siz Hudaýyňyz Rebden hemişe gorkmagy öwrenersiňiz. 24Emma Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat etmek üçin saýlajak ýeri sizden uzak bolup, Hudaýyňyz Rebbiň size bereket beren zatlarynyň ondan bir paýyny uzak ýoldan getirmeli bolsaňyz, 25onda bu zatlary satyp, pula öwrüň. Puly alyň-da, Hudaýyňyz Rebbiň saýlajak ýerine gidiň. 26Puluňyzy islän zadyňyza sarp ediň: öküz, goýun, şerap ýa-da çakyr – göwnüňiziň islän zadyny alyň. Ony Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda iýip, tutuş hojalygyňyz bilen bile şatlanyp, baýram ediň. 27Galalaryňyzda ýaşaýan lewileri äsgermezlik etmäň, sebäbi olaryň siziňki ýaly ýer paýy ýa-da mülki ýokdur. 28Her üçünji ýylyň ahyrynda ýeriňizden önýän önümlerden şol ýyl üçin tutuş ondan birini beriň we olary galalaryňyzda ýygnap goýuň. 29Siziňki ýaly ýer paýy we mülki ýok lewiler, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan gelmişekler, ýetimler we dullar gelip, ondan iýip doýsunlar. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň etjek ähli işleriňize bereket berer.
Copyright information for
TukLat16