‏ Deuteronomy 15

Ýedinji ýyl

(Lewiler 25:1-7)

1Her ýedinji ýylyň ahyrynda özüňizden alnan karzlary geçiň. 2Karzlaryňyzy ötmegiň ýoly şeýledir: her bir ysraýylly öz ysraýyl doganynyň karzyny geçsin. Ondan karzyny bermegi talap etmesin, çünki karz geçmekligi Rebbiň Özi yglan etdi. 3Keseki ýurtludan karzyňy sorap bilersiň, emma öz ysraýyllyňyň karzyny geç. 4 5Diňe Hudaýyňyz Rebbe gulak asyp, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklaryny yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Hudaýyňyz Reb mülk edip berjek ýerinde size bereket berer. Siziň araňyzda mätäç bolmasyn. 6Hudaýyňyz Reb söz berşi ýaly, size bereket berende, köp halklara karz berersiňiz, emma özüňiz karz almarsyňyz. Köp halklaryň üstünden siz hökümdarlyk sürersiňiz, emma olar siziň üstüňizden hökümdarlyk sürmezler.

7Hudaýyňyz Rebbiň size berjek ýerindäki galalarda ysraýyl doganyňyzyň biri mätäçlik çekse, doňýürek bolmaň, zada mätäç doganyňyz üçin eliňizde baryny aýamaň. 8Onuň üçin eliňizi açyň, oňa näme gerek bolsa ýeterlikçe karz beriň. 9Seresap boluň, kalbyňyzda erbet pikir bolmasyn. Siz: „Ýedinji ýyl – karz geçiş ýyly golaý“diýip, açgözlük edip, mätäç ysraýyl doganyňyza hiç zat bermän goýmaň. Ýogsam, doganyňyz siziň garşyňyza Rebbe dady-perýat eder we siz ýazykly bolarsyňyz. 10Siz karz bereniňizde, eliňiz hem, göwnüňiz hem açyk bolsun, çünki Hudaýyňyz Reb şonuň hasabyna siziň ähli işleriňize we her bir başlan işiňize bereket berer. 11Ýer ýüzünde hemişe ýeter-ýetmezler bolar. Şonuň üçin hem, men size: „Ýerleriňizde ýaşaýan garyplara we mätäç ysraýyl doganlaryňyza eliňiz giňden açyk bolsun“diýýärin.

Ýewreý gullary hakda

(Müsürden çykyş 21:1-11)

12Eger öz ýewreý, ýagny ysraýyl doganlaryňyzdan gul ýa-da gyrnak size satylsa, olar size alty ýyllap hyzmat eder. Ýedinji ýyl siz ony azatlyga goýbermelisiňiz. 13Guluňyzy azatlyga goýbereniňizde, siz ony eli boş goýbermeli dälsiňiz. 14Sürüleriňizden, harmanyňyzdan we şerabyňyzdan oňa jomartlyk bilen beriň, şeýle hem Hudaýyňyz Rebbiň bereket eçilip, size beren zatlaryndan oňa sowgatlar beriň. 15Müsürde özüňiziň hem gul bolandygyňyzy we Hudaýyňyz Rebbiň sizi ol ýerden azat edendigini ýadyňyza salyň. Şol sebäpli bu gün men size bu buýrugy berýändirin. 16Emma gul: „Men azatlyga çykjak däl, sebäbi men seni we hojalygyňy söýýärin we gün-güzeranym hem gowy“diýse, 17bir temen alyp, onuň gulagyny gapa diräp deşiň. Soňra ol siziň hemişelik guluňyz bolar. Gyrnagyňyzy hem şeýle ediň. 18Gullaryňyzy azatlyga goýbereniňizde gynanmaň, sebäbi olar alty ýylyň içinde günlükçilik üçin alnan bahadan iki esse artyk hyzmat etdiler. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň ähli işleriňize bereket berer.

Ilkinji doglan erkek mallar

19Mal-garalardyr dowarlaryňyzyň ilkinji guzlan erkegini Hudaýyňyz Reb üçin aýryp goýuň. Sygryňyzyň ilkinji gölelän öküzçesine iş etdirmäň, dowaryňyzyň ilkinji guzlan goçuny gyrkmaň. 20Siz hojalygyňyz bilen bile olary her ýyl Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, Onuň saýlajak ýerinde iýersiňiz. 21Bu mallaryň biri şikesli bolsa, ýagny agsak ýa-da kör bolup, şikesi uly bolsa, ony Hudaýyňyz Rebbe gurban etmäň. 22Keýigi ýa-da suguny iýişleri ýaly, ony ýaşaýan ýeriňizdäki haram adam hem, tämiz adam hem iýibersin. 23Ýöne siz maly gany bilen iýmeli dälsiňiz. Gany suw döken ýaly edip, ýere döküň.
Copyright information for TukLat16