Deuteronomy 16
Pesah baýramy
(Müsürden çykyş 12:1-20; Lewiler 23:4-8)
1Abyp aýynda Hudaýyňyz Rebbiň hormatyna Pesah baýramyny beriň. Çünki Hudaýyňyz Reb sizi Müsürden Abyp aýynda gije çykaryp getirdi. 2Reb Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde dowarlaryňyzdan we mal-garalaryňyzdan Hudaýyňyz Rebbe Pesah gurbanlygyny beriň. 3Gurbanlyk etini hamyrmaýaly çörek bilen iýmeli däldir. Ony ýedi günläp petir bilen, ýagny ezýet çöregi bilen iýiň. Çünki siz Müsürden howlukmaç çykyp gaýtdyňyz. Şonuň üçin hem Müsürden çykyp gaýdan günüňizi ömürboýy ýatlarsyňyz. 4Ýedi günüň dowamynda ýaşaýan ýeriňizde hiç hili hamyrmaýa görünmesin. Birinji güni ikindinara öldüren gurbanlygyňyzyň etinden ertire galmasyn. 5Pesah gurbanlygyny bermäge Hudaýyňyz Rebbiň size berjek galalarynyň hemmesinde rugsat berilmeýär. 6Ony Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde beriň. Pesah gurbanyny diňe şol ýerde, Müsürden çykan günüňizdäki wagtda, agşamara Gün ýaşar wagtlary beriň. 7Siz ony Hudaýyňyz Rebbiň saýlajak ýerinde bişirip iýiň. Ertesi güni yzyňyza – çadyrlaryňyza gaýdyberiň. 8Alty günläp petir iýiň, ýedinji gün bolsa Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes ýygnanyşyk ediň, başga hiç iş etmäň.Galla baýramy
9Bugdaý orup başlan ilkinji günüňizden başlap, ýedi hepdäni sanaň. 10Soňra Hudaýyňyz Reb üçin Galla baýramyny belläň. Hudaýyňyz Rebbiň özüňize beren berekedine görä meýletin sadakaňyzy getiriň. 11Siziň özüňiz, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, galalaryňyzda ýaşaýan lewiler, şeýle hem araňyzdaky gelmişekler, ýetimler we dullar Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde şatlansynlar. 12Özüňiziň hem Müsürde gul bolandygyňyzy ýatlap, şu parzlary yhlas bilen ýerine ýetiriň.Çatma baýramy
13Däne we üzüm hasylyňyzy ýygnanyňyzdan soň, ýedi günläp Çatma baýramyny belläň. 14Bu baýramçylykda siziň özüňiz, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan lewiler, gelmişekler, ýetimler we dullar – hemmäňiz bile şatlanyň. 15Rebbiň saýlajak ýerinde ýedi günläp Hudaýyňyz Reb üçin şu baýramy belläň. Çünki Hudaýyňyz Reb siziň hasylyňyza we başlan her bir işiňize bereket berer. Şonuň üçin siz bu baýramda doly şatlanyp bilersiňiz. 16Ähli erkekleriňiz ýylda üç gezek: Petir baýramynda, Galla baýramynda we Çatma baýramynda Hudaýyňyz Rebbiň huzuryna – Onuň Öz saýlajak ýerine gelsinler. Olaryň hijisi Rebbiň huzuryna eli boş barmasyn. 17Her biriňiz Hudaýyňyz Rebbiň beren berekedine görä sowgatlar eltiň.Adalatlylyk hakynda
18Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek galalarynda tireleriňiziň arasyndan kazylar we baştutanlar belläň. Olar halkyň hal-ýagdaýyny adalatly çözsünler. 19Adalatsyzlyk, tarapgöýlik etmäň, para almaň. Para danalygyň gözüni kör eder we dogrynyň işini ters eder. 20Adalatyň, diňe adalatyň gözleginde boluň, şonda siz ýaşap, Hudaýyňyz Rebbiň berjek ýurduny mülk edinersiňiz.Butlara sygynmagyň jezasy
21Hudaýyňyz Rebbe guran gurbanlyk sypaňyzyň ýanynda Aşera buty hökmünde agaç dikmäň. 22Şeýle hem özüňize dikme daşlary gurmaň, çünki bu zatlar Hudaýyňyz Rebbiň ýigrenýän zatlarydyr.
Copyright information for
TukLat16