Deuteronomy 18
Lewi ruhanylarynyň paýy
1Lewi ruhanylary, tutuş lewi tiresi ysraýyllar bilen birlikde ýer paý ýa-da mülk almazlar. Olar Rebbiň paýy diýlip berilýän gurbanlyklardan iýip bilerler. 2Halkyň beýleki tireleriniňki ýaly, ysraýyl doganlarynyň arasynda olaryň mülki ýokdur. Söz berşi ýaly, Rebbiň Özi olaryň mülküdir. 3Halk öküzini ýa-da goýnuny Rebbe gurban etmek üçin getirende, olardan ruhanylara şular degişlidir: malyň bir öň aýagy, iki äňi we garny. 4Ilkinji däne hasylyňyzy, ilkinji täze şeraby we zeýtun ýagyny, şeýle hem, goýnuňyzyň ilkinji gyrkymyny ruhana bermelisiňiz. 5Çünki Hudaýyňyz Reb Öz adyndan halka hyzmat etmek üçin, ähli tireleriňiziň içinden Lewini we onuň ogullaryny hemişelik ruhany edip saýlady. 6Eger lewi tiresinden biri Ysraýylda öz ýaşaýan galasyny taşlap, Rebbiň saýlajak ýerine barsa (ol islän wagty baryp bilýär), 7ol ýerde Rebbiň huzurynda durup hyzmat edýän ähli lewi doganlary ýaly, Hudaýy Rebbiň adyndan hyzmat etsin. 8Öý goşlaryny satyp alan girdejisine garamazdan, onuň iýmäge deň paýy bardyr.Nejis adatlara garşy duýduryş
9Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek ýurduna baranyňyzda, ol halklaryň nejis adatlaryny berjaý etmegi öwrenmäň. 10Siziň araňyzda hiç kim ogluny ýa-da gyzyny oda ýakyp, gurbanlyk bermesin. Palçylyk etmäň, müneçjim ýa-da bilgiç bolmaň, jadygöýlik etmäň. 11Şeýle hem, hiç biriňiz gözbagçylyk edip, arwah-jynlar ýa-da ruhlar bilen maslahatlaşmaň, ýa-da çözgüdiň jogabyny ölülerden gözlemäň. 12Çünki bu işleri edýänler Reb üçin nejisdir. Ine, şu nejis işleri üçin Hudaýyňyz Reb olary siziň öňüňizden kowup çykarýar. 13Hudaýyňyz Rebbiň öňünde kämil boluň. 14Siziň kowup çykarjak bu halklaryňyz müneçjimlere we palçylara gulak asýarlar. Hudaýyňyz Reb bolsa, size beýle etmäge rugsat bermeýär.Musa ýaly pygamber
15Hudaýyňyz Reb siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly pygamber çykarar. Siz şol pygambere gulak asyň. 16Horep ▼▼Horep – bu Sinaý dagynyň beýleki ady.
dagynda üýşen günüňiz, siz Hudaýyňyz Rebden haýyş edip: „Hudaýymyz Rebbiň sesini mundan artyk eşitmäli we bu beýik ody indi görmäli, ýogsam biz öleris“diýipdiňiz. 17Reb maňa: „Olaryň aýdýanlary dogry. 18Men olar üçin öz halkynyň arasyndan seniň ýaly pygamber çykararyn. Meniň buýran zatlarymyň ählisini halka aýdar ýaly, Men sözlerimi pygamberiň agzyna salyp bererin. 19Kimde-kim Meniň adymdan sözleýän pygamberiň sözlerine gulak asmasa, ol adam bilen Meniň Özüm hasaplaşaryn. 20Emma başga hudaýlaryň adyndan sözleýän pygamber ýa-da Meniň buýurmadyk zadymy, hyýanatçylyk edip, Meniň adymdan sözleýän pygamber ölüme höküm ediler“diýdi. 21Siz öz-özüňize: „Biz Rebbiň aýtmadyk sözüni nädip bileli?“diýersiňiz. 22Eger bir pygamber Rebbiň adyndan sözlän bolsa, ol iş hem başa barmasa ýa-da hakykata öwrülmese, ol söz Rebden däldir. Ony pygamberiň özi toslap tapandyr, siz ol pygamberden gorkmaň.
Copyright information for
TukLat16