Deuteronomy 19
Gaçybatalga galalary hakda
(Çölde 35:6-34; Ýeşuwa 20:1-9)
1Hudaýyňyz Reb size berjek ýurdunyň halklaryny ýok edende, siz olary kowup çykaryp, olaryň galalarynda we öýlerinde ornaşanyňyzda, 2– 3Hudaýyňyz Rebbiň mülk edip berjek ýurduny üç bölege bölüp, her bölekden bir galany saýlaň. Adam öldüren ganhor olaryň birine gaçyp baryp gutulyp biler ýaly, bu galalara barmak üçin ýollar çekiň. 4Ganhor ol ýere, ine, şeýle ýagdaýda gaçyp baryp, diri galyp biler: tötänlikde başga birini öldüren bolsa we ol ikisiniň arasynda öň hiç hili duşmançylyk ýok bolsa, ol ýere gaçyp gutulyp biler. 5Aýdaly, bir adam beýleki bir adam bilen tokaýa odun çapmaga gidýär. Olaryň biri agaç çapyp durka, palta sapyndan sypyp, ýanyndaka degýär we ol hem şondan ölýär. Şeýle ýagdaýda ol ganhor bu galalaryň birine gaçyp gutulyp biler. 6Eger ýol gaty uzak bolsa, öldürileniň hossary öç almak üçin ganhoryň yzyndan gazap bilen kowalap ýetip öldürer. Emma olaryň arasynda öň duşmançylygyň ýokdugy üçin, ol öldürilmeli däldir. 7Şonuň üçin hem men size: „Özüňize üç galany saýlaň“diýip buýruk berdim. 8– 9– 10Hudaýyňyz Rebbi söýüp, hemişe Onuň ýolundan ýöräp, meniň bu günki size berýän buýruklarymyň ählisini yhlas bilen berjaý etseňiz, Hudaýyňyz Reb ata-babalaryňyza söz berşi ýaly, ýeriňizi giňelder. Ol ata-babalaryňyza wada eden ähli ýerini size berer. Şonda Hudaýyňyz Rebbiň size mülk berjek ýerinde bigünä adamyň gany dökülmez ýaly, bigünä ganyň astynda galmazyňyz ýaly, bu üç galanyň üstüne ýene-de üç gala goşuň. 11Emma bir adamyň başga biri bilen duşmançylygy bolup, bukuda ýatyp, onuň üstüne çozup, ony öldürse, soňra-da ol bu galalaryň birine gaçyp barsa, 12ganhoryň galasyndaky ýaşulular adam iberip, günäkäri ol ýerden getirtmeli. Ony öldürmek üçin öldürileniň hossarynyň eline beriň. 13Oňa rehim etmäň, bigünä gany Ysraýyldan ýuwup aýryň, şonda siz gowy günler görersiňiz. 14Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berjek ýurdunda goňşyňyz bilen öňki nesilleriňiziň düzen araçäk daşyny süýşürmäň.Şaýatlyk etmek hakynda
15Jenaýat ýa-da günä eden adamyň günäsini boýnuna goýmak üçin, oňa bir adamyň şaýatlygy ýeterlik däldir. Ol iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen tassyklansyn. 16Eger bir ýalançy şaýat birine ýaramaz niýet bilen günä ýüklese, 17onda dawagärleriň ikisi hem Rebbiň huzuryna, şol döwürde hyzmat edýän ruhanylaryň we kazylaryň huzuryna barsyn. 18Kazylar gowy edip derňew geçirsinler. Eger şaýat adam ýalan güwälik berip, başga biriniň garşysyna ýalan sözleýän bolsa, 19onda siz şol günäkärlenýäne nähili jezany niýetlän bolsaňyz, şol jezany ýalan güwälik edene beriň. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň. 20Beýlekiler muny eşidip gorkarlar. Siziň araňyzda gaýdyp, hiç haçan şunuň ýaly jenaýat edilmez. 21Ýalan sözleýän adama rehim etmäň. Jan ornuna jan, göz ornuna göz, diş ornuna diş, aýak ornuna aýak almak bilen oňa jeza beriň.
Copyright information for
TukLat16